Ï TDU-nyň geologiýa muzeýi: ýerasty baýlyklar we tebigy ýadygärlikler bilen tanyşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDU-nyň geologiýa muzeýi: ýerasty baýlyklar we tebigy ýadygärlikler bilen tanyşlyk

view-icon 9262
TDU-nyň geologiýa muzeýi: ýerasty baýlyklar we tebigy ýadygärlikler bilen tanyşlyk
TDU-nyň geologiýa muzeýi: ýerasty baýlyklar we tebigy ýadygärlikler bilen tanyşlyk
TDU-nyň geologiýa muzeýi: ýerasty baýlyklar we tebigy ýadygärlikler bilen tanyşlyk
TDU-nyň geologiýa muzeýi: ýerasty baýlyklar we tebigy ýadygärlikler bilen tanyşlyk

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa kafedrasynyň daşlar kolleksiýasy muzeýi – ýurdumyzda iň baý kolleksiýalaryň biridir. Häzirki wagtda bu ýerde dag jynslarynyň, magdanlarynyň we daşa öwrülip giden zatlaryň 1200-den gowrak nusgasy bar.  Muzeýe geografiýa fakultetiniň talyplary mineralogiýa, umumy geologiýa, tebigaty öwreniş sapaklaryny geçmäge gelýärler. Asylky ekspozisiýalar, kartalar, shemalar, eksponatlaryň köpugurly görekzilişi ýurdumyzyň ýerasty baýlyklary, Türkmenistanyň dag jynslary, tebigy ýadygärlikleri barada köptaraplaýyn düşünje almaga mümkinçilik berýär.

Muzeýiň ekspozisiýasyny şertli iki bölüme bölse bolar.  Birinjisinde --  ýurdumyzyň ýerasty baýlyklary, taryhy we umumy geologiýasy, Zemin içre we üsti bolup geçýän endogen we ekzogen ýagdaýlar barada maglumatlar bar. Has owadan ikinji bölümi  döwlet goraghanalarynyň dokuzysynyň her birine mahsus tebigy obýektler barada gürrüň berýär.

Hususan-da, muzeýde Gowurdak-Köýtendag tebigy ýadygärlikleri – owadan jülgeler, şaglawuklar, botaniki we landşaft tebigat ýadygärlikleri – relikt daragtlar, karst kölleri giňden beýan edilýär.

Uly möçberli natura maketleri – dioramalar – talyplary, mysal üçin, stalaktitler, stalagmitler, «daş gülleri» ýaly  üýtgeşik şekilli minerallara baý Köýtendagyň karst gowaklary bolan tebigy obýektler bilen tanyşdyrmaga ýardam edýär. Bu ýerde dinozawrlaryň 650 yzy galan özboluşly tebigy ýadygärligiň maketi hem bar.

Muzeý 600 kilometrden-de uzaga ýaýylyp ýatan Köpetdag erezleriniň tebigy ýadygärlikleri bilen-de tanyşdyrýar. Olardan seýrek duşýan paleontologik ýadygärlik –  ulgamyň günbatar künjünde Gäwürli tebigy çäginde  neogen gumdaşda tapylan gadymy (2,5 million ýyl mundan ozalky) düýe yzlary haýran edýär.

Atylyp çykýan läbik ýanardaglary Günbatar Türkmenistanyň esasy tebigy ýadygärlikleridir. Olaryň käbiri (Akpatlawuk, Gökpatlawuk) hakyky magmatik wulkana meňzeýär we dünýä derejesindäki landşaft-geologiýa tebigy ýadygärlikleridir. Gumdagyň golaýyndaky Boýadag  Balkan eteklerindäki iri läbik ýanardaglarynyň biridir.  Geologiýa muzeýinde ol owadan natura maketi görnüşinde goýlupdyr. Ony ýasamak üçin uly möçberli topografik kartalar we fotosuratlar ulanyldy. Maket wulkanyň gurluşy barada doly düşünje berýär.

Garabogaz köli – çöl bilen gurşalan duzly ýalpak  aýlag -- Türkmenistanyň özboluşly tebigy ýadygärligidir. Ol himiýa senagaty üçin zerur gidromineral çig malynyň ummasyz tebigy laboratoriýasydyr. Muzeýde  aýlagyň «altyn düýbi» barada maglumat ulaldylan hemra arkaly alnan suratlar hem-de «Garabogazsulfat» zawodynyň esasy önümleri görnüşinde görkezilýär.

Ylmy taýdan sistemalaşdyrylan daş kolleksiýalary, natura maketleri, shemalary, ulaldylan reňkli fotosuratlary bolan geologiýa muzeýi häzirki wagtda Türkemnistanda iň gowy muzeýleriň biridir.


Anatoliý BUŞMAKIN,

dag inženeri-geolog, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty