Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

I. 2013-nji ýylyň 29-njy awgustynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 52-nji madda, № 4, 76-njy madda; 2014 ý., № 1, 45-nji madda, № 2, 79-njy madda, № 4, 162-nji madda; 2015 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 104-nji madda, № 4, 124-nji we 143-nji maddalar; 2016 ý., № 1, 6-njy, 29-njy we 62-nji maddalar, № 4, 140-njy we 162-nji maddalar; 2017 ý., № 1, 12-nji we 30-njy maddalar, № 2, 74-nji madda, № 3, 105-nji madda, № 4, 147-nji we 167-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 43-nji madda, № 4, 90-njy we 106-njy maddalar; 2019 ý., №1, 7-nji madda, № 4, 65-nji we 90-njy maddalar; 2020 ý., № 3, 37-nji madda) şu aşakdaky üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 5-nji maddanyň ikinji böleginde «deputatlar» diýen sözi «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň agzalary we deputatlary» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 28-nji maddada «Mejlisiniň», «Mejlisiniň deputaty» we «Halk» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşiniň palatalarynyň agzalarynyň we», «Milli Geňeşiniň palatalarynyň», «Milli Geňeşiniň palatalarynyň agzasy we» we «Welaýat, etrap, şäher halk» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 97-nji maddanyň ikinji böleginde «deputatlaryň,» diýen sözi «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň agzalarynyň we deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 1802-nji maddanyň adyny we birinji böleginiň dispozisiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:

«1802-nji madda. Ýaşaýyş jaýlarynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emlägiň beýleki 

 obýektleriniň paýly gurluşygy hakynda kanunçylygyň talaplarynyň bozulmagy

1. Ygtyýarly döwlet edarasynda paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny hasaba aldyrman, ýaşaýyş jaýlarynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emlägiň beýleki obýektleriniň gurluşygy üçin paýçylaryň pul serişdeleriniň çekilmegi, şeýle hem hasaba aldyrmaga bermegiň bellenilen möhletleriniň bozulmagy — »;

5) 184-nji maddada:

birinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«2. Elektrik enjamlarynyň (ätiýaçlyk elektrik iýmitlendiriş çeşmesiniň — generatoryň, üznüksiz elektrik iýmitlendiriş çeşmesiniň) gurat ýagdaýda saklanylmazlygy ýa-da zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda işledilmezligi, eger bu Türkmenistanyň kanunçylygynda sanawy bellenilen sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üznüksiz we ygtybarly üpjün etmekde bökdençlik döremegine hem-de hojalyk, önümçilik işlerine we adam saglygyna zyýan ýetirilmegine getiren ýa-da howp salan bolsa, —

duýduryş berilmegine ýa-da fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden bäşisine, wezipeli adamlara — bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara — onusyndan otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;

ikinji bölegi üçünji bölek diýip hasap etmeli we dispozisiýasynda «böleginde» diýen sözi «we ikinji böleklerinde» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 214-nji maddanyň dördünji böleginiň sanksiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:

«binýatlyk mukdaryň bäşisi möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;

7) 2321-nji madda şu mazmunly belligi goşmaly:

«Bellik

Şu madda awtomatlaşdyrylan düzgünde fotosurata düşürýän we wideo ýazgy edýän ýörite tehniki serişdeleriň ýa-da foto we wideo ýazgy edýän serişdeleriň üsti bilen ýüze çykarylan ýol hereketiniň kadalarynyň bozulmagy üçin ulanylmaga degişli däldir.»;

8) 287-nji maddanyň birinji, ikinji, üçünji we dördünji bölekleriniň sanksiýalaryny degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:

«binýatlyk mukdaryň dördüsine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;

«binýatlyk mukdaryň dördüsinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;

«fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara — bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara — onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;

«fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň onusyna, wezipeli adamlara — onusyndan on bäşisine, ýuridik şahslara — on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;

9) 307-nji maddanyň birinji we ikinji bölekleriniň sanksiýalaryny degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:

«fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisinden dördüsine, wezipeli adamlara — dördüsinden altysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;

«fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň dördüsinden altysyna, wezipeli adamlara — altysyndan onusyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;

10) 314-nji maddanyň birinji böleginiň sanksiýasyny şu görnüşde beýan etmeli:

«fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara — bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara — onusyndan on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;

11) 321-nji maddanyň birinji we ikinji bölekleriniň sanksiýalaryny degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:

«fiziki şahslara — binýatlyk mukdaryň bäşisine, wezipeli adamlara — bäşisinden onusyna, ýuridik şahslara onusyndan ýigrimisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;

«fiziki şahslara — binýatlyk mukdaryň dördüsinden onusyna, wezipeli adamlara — onusyndan on bäşisine, ýuridik şahslara on bäşisinden otuzysyna çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.»;

12) 384-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«3841-nji madda. Iş berijiler tarapyndan raýatlary bolýan ýeri boýunça 

 bellige almagyň tertibiniň berjaý edilmezligi

1. Iş beriji bolup durýan ýuridik şahslar we ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar tarapyndan zähmet işini amala aşyrmak maksady bilen başga ýere gelen raýatlary bolýan ýeri boýunça bellige almagyň, onuň möhletini uzaltmagyň we bellige almagy ýatyrmagyň bellenilen tertibiniň berjaý edilmezligi —

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň ikisine, wezipeli adamlara — ikisinden dördüsine, ýuridik şahslara — dördüsinden sekizisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuk bozulmalary üçin administratiw temmisi ulanylandan soň olaryň bir ýylyň dowamynda gaýtadan edilmegi —

fiziki şahslara binýatlyk mukdaryň dördüsine, wezipeli adamlara — dördüsinden sekizisine, ýuridik şahslara — sekizisinden on bäşisine çenli möçberde jerime salynmagyna eltýär.».

13) 445-nji maddanyň ikinji böleginde «184-nji maddasynyň ikinji böleginde» diýen sözleri «184-nji maddasynyň üçünji böleginde» diýen sözlere çalşyrmaly we «214-nji maddasynyň dördünji böleginde,» diýen sözleri aýyrmaly;

14) 448-nji maddanyň birinji böleginde «214-nji maddasynyň birinji, ikinji we üçünji böleklerinde, 2141-216-njy» diýen sözleri «214-216-njy» diýen sözlere çalşyrmaly;

15) 454-nji maddanyň ikinji böleginde:

2-nji, 3-nji we 4-nji bentlerde «başlyklary» diýen sözi «müdirleri» diýen söze çalşyrmaly;

5-nji we 6-njy bentleri şu görnüşde beýan etmeli:

«5) migrasiýa nokatlarynyň müdirleri we olaryň orunbasarlary;

6) howa menzilleriň migrasiýa nokatlarynyň ululary;»;

16) 481-nji we 482-nji maddalarynyň birinji böleklerinde «184-nji maddasynyň birinji böleginde» diýen sözleri «184-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 13-nji marty.