Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (2001-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý.,
№ 1, 3-nji madda; 2011 ý., № 1, 19-njy madda; 2014 ý., № 4, 163-nji madda; 2016 ý.,
№ 1, 66-njy madda; 2018 ý., № 4, 91-nji madda) 3-nji maddasynyň birinji böleginde:

ikinji tesimde «Prezident köşgüniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Prezident köşgüniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji tesimde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly we «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň,» diýen sözleri aýyrmaly.

2. 2003-nji ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2003 ý.,
№ 3, 29-njy madda; 2016 ý., № 1, 66-njy madda; 2019 ý., № 1, 9-njy madda) 3-nji maddasynyň birinji böleginde:

ikinji, üçünji, bäşinji tesimlerde «Mejlisiniň,» diýen sözi «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň, Türkmenistanyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

altynjy tesimde «Prezidentiň, Mejlisiň,» diýen sözleri «Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň, Türkmenistanyň» diýen sözlere çalşyrmaly.

3. 2007-nji ýylyň 17-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň Milli kasamy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 22-nji madda; 2016 ý., № 1, 67-nji madda) 2-nji maddasynyň ikinji tesiminde «Mejlisiniň» we «maslahatynda» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» we «maslahatlarynda» diýen sözlere çalşyrmaly.

4. 2008-nji ýylyň 5-nji dekabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Döwlet senasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 4, 67-nji madda) 4-nji maddasynyň birinji böleginiň 2-nji bendinde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly.

5. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 135-nji madda; 2015 ý., № 1, 22-nji madda, 2016 ý., № 1, 61-nji madda, № 3, 117-nji madda; 2017 ý. № 1, 31-nji madda; 2018 ý. № 2, 38-nji madda; 2019 ý. № 1, 9-njy madda; 2020 ý. № 1, 5-nji madda):

38-nji maddanyň 11-nji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«111) garamagynda hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalary döredýär;»;

47-nji maddanyň 13-nji we 14-nji bentlerinde «Türkmenistanyň Mejlisine» diýen sözleri «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisine» diýen sözlere çalşyrmaly;

55-nji maddanyň 3-nji bendinde «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna, Mejlisiniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

61-nji maddanyň birinji böleginde we 73-nji maddanyň üçünji böleginde «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

72-nji maddanyň on birinji böleginde «Türkmenistanyň Mejlisiniň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanylmagy ýa-da bellenilmegi, Mejlisiniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

6. 2009-njy ýylyň 15-nji awgustynda kabul edilen «Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 139-njy madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 2, 39-njy madda, № 4, 91-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda):

1-nji maddanyň birinji böleginde, 3-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde, 12-nji maddanyň birinji böleginde, 26-njy maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

6-njy maddanyň üçünji böleginiň 5-nji bendinde «Mejlisine» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalaryna» diýen sözlere çalşyrmaly;

7-nji maddanyň birinji böleginde «syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişliligine ýa-da haýsydyr bir partiýa degişli däldigine» diýen sözleri «syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara» diýen sözlere çalşyrmaly;

15-nji maddanyň birinji böleginde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

59-njy maddada:

birinji bölege şu mazmunly bendi goşmaly:

«5) ýöriteleşdirilen prokuraturalarda prokuroryň uly kömekçilerini, kömekçilerini, uly sülçülerini, sülçülerini.»;

ikinji bölegiň 2-nji bendinde «we ýöriteleşdirilen prokuraturalarda» diýen sözleri aýyrmaly;

70-nji maddada «Mejlisiniň» we «Deputatlyga» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanan ýa-da bellenen, Mejlisiniň» we «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatyna agzalyga saýlanan ýa-da bellenen, Mejlise deputatlyga» diýen sözlere çalşyrmaly;

77-nji maddada:

birinji bölekden soň şu mazmunly bölegi goşmaly:

«11. Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşylmagy boýunça, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň garamagyna degişli hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalary döretmäge hukugy bardyr.».

7. 2011-nji ýylyň 21-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidenti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 36-njy madda; 2012 ý., № 1, 13-nji we 27-nji maddalar; 2017 ý., № 1, 6-njy madda):

1) 4-nji maddada:

ikinji bölekde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň agzalarynyň we» diýen sözlere çalşyrmaly;

dördünji bölegiň 8-nji bendinde «Mejlisiniň Başlygy» diýen sözleri «Milli Geňeşiniň palatalarynyň başlyklary» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 6-njy maddanyň mazmunynda «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň agzasy ýa-da» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 7-nji maddada:

birinji bölekde:

9-njy bentde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

10-njy bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«10) kanunlara gol çekýär, ylalaşmadyk halatynda, gaýra goýmak weto hukugyny peýdalanyp, özüniň närazylyklary bilen kanuny iki hepdeden gijä goýman, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisine gaýtadan ara alyp maslahatlaşmak we sese goýmak üçin gaýtarmaga haklydyr. Bu kanun Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda bellenilen tertipde gaýtadan seredilýär. Eger gaýtadan seredilen kanun Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalarynyň we deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen öňki kabul edilen görnüşinde tassyklanan bolsa, onda Türkmenistanyň Prezidenti şol kanuna gol çekýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Konstitusiýany kabul etmek, oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda konstitusion kanunlar babatda gaýra goýmak weto hukugy ýokdur;»;

11-nji bentde «Mejlisine» diýen sözi «Türkmenistanyň Milli Geňeşine» diýen sözlere çalşyrmaly;

13-nji bentde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

16-njy bentde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

17-nji bentde «Türkmenistanyň» diýen sözden soň «Milli Geňeşiniň» diýen sözleri goşmaly;

ikinji bölekde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 16-njy maddanyň 3-nji bendinde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşi» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 17-nji maddanyň mazmunynda «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 18-nji maddada:

ikinji bölekde:

ikinji tesimde «Mejlisine» diýen sözi «Milli Geňeşine» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji tesimde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalary» diýen sözlere çalşyrmaly;

dördünji tesimde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji bölekde «Mejlisiniň maslahatyna» diýen sözleri «Milli Geňeşiniň palatalarynyň maslahatlaryna» diýen sözlere çalşyrmaly.

8. 2011-nji ýylyň 21-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý.,
№ 2, 39-njy madda; 2016 ý., № 1, 64-nji madda; 2017 ý., № 1, 16-njy we 31-nji maddalar, № 4, 145-nji madda; 2018 ý., № 2, 37-nji madda; 2019 ý., № 1, 10-njy madda, № 4, 92-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda, № 3, 41-nji madda, № 4, 82-nji madda):

11-nji maddanyň ikinji böleginde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty» diýen sözlere çalşyrmaly;

28-nji maddanyň ýedinji böleginde «Mejlisiniň deputatlygyna, Adalatçy ýa-da onuň orunbasary wezipesine, halk maslahatynyň» diýen sözleri «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanan ýa-da bellenen, Mejlisiniň deputatlygyna, Adalatçy ýa-da onuň orunbasary wezipesine, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

39-njy maddanyň mazmunynda «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň palatalarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly.

9. 2014-nji ýylyň 8-nji noýabrynda kabul edilen «Kazyýet-bilermenlik işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 138-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda) 16-njy maddasynyň ikinji böleginiň 2-nji bendinde «Mejlisiniň deputatynyň, Adalatçynyň ýa-da onuň orunbasarynyň, halk maslahatynyň» diýen sözleri «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasynyň ýa-da Mejlisiniň deputatynyň, Adalatçynyň ýa-da onuň orunbasarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly.

10. 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda kabul edilen «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 96-njy madda, №4, 126-njy madda; 2017 ý.,
№ 1, 31-nji madda, № 4, 147-nji madda; 2018 ý.,
№ 2, 43-nji madda, 2019 ý., № 2-3, 28-nji madda; 2020 ý., № 1, 10-njy madda) 87-nji maddasynyň birinji böleginiň ikinji tesiminde «Mejlisiniň» we «halk maslahatynyň» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzasynyň, Mejlisiniň» we «welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň» diýen sözlere çalşyrmaly.

11. 2016-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň adalat edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý.,
№ 2, 91-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda; 2018 ý., № 2, 32-nji madda; 2019 ý.,
№ 2, 29-njy madda; 2020 ý., № 1, 6-njy madda):

4-nji maddanyň 3-nji bendinde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşi» diýen sözlere çalşyrmaly;

9-njy maddanyň birinji böleginde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty» diýen sözlere çalşyrmaly;

17-nji maddada:

1-nji bentde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşi» diýen sözlere çalşyrmaly;

11-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«111 Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşylmagy boýunça, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň garamagyna degişli hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalary döretmäge;»;

20-nji maddanyň ikinji bölegini aýyrmaly;

21-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«211-nji madda. Adalat edaralarynyň işgärleri barada höweslendiriş çäreleri

1. Adalat edaralarynyň işgärlerine döwletiň işiniň hukuk üpjünçiligine hem-de hukuk binýadynyň berkidilmegine, adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň, kanuny bähbitleriniň üpjün edilmegine öz mynasyp goşantlaryny goşandygy, hünär derejesini we işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda üstünliklere eýe bolandygy, döwlet gullugyny birkemsiz ýerine ýetirendigi üçin şu aşakdaky höweslendiriş çäreleri ulanylyp bilner:

1) minnetdarlyk yglan etmek;

2) sowgat bilen sylaglamak;

3) hünär derejesini möhletinden öň bermek ýa-da nobatdakysyndan bir dereje ýokary hünär derejesini bermek;

4) «Türkmenistanyň adalat edaralarynyň hormatly işgäri» diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglamak.

2. «Türkmenistanyň adalat edaralarynyň hormatly işgäri» diýen döşe dakylýan nyşan hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.

3. Aýratyn tapawutlanan adalat edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanylmaga hödürlenip bilner.

4. Türkmenistanyň adalat ministri şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde göz öňünde tutulan sylaglary adalat edaralarynyň işgärleri bolup durmaýan, adalat edaralarynyň işiniň kämilleşdirilmeginde we kanunylygyň pugtalandyrylmagynda uly goşant goşan beýleki adamlar babatda hem ulanyp biler.»;

24-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«24-nji madda. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalygyna saýlanan we bellenen

ýa-da deputatlygyna, Adalatçynyň ýa-da onuň orunbasary wezipesine saýlanan ýa-da

Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenen

adalat edaralarynyň işgäri üçin kepillikler

1. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalygyna saýlanan we bellenen ýa-da deputatlygyna saýlanan we şol edara işe geçirilen, Adalatçy ýa-da onuň orunbasary wezipesine saýlanan ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen başga wezipä bellenen adalat edaralarynyň işgäriniň degişli ygtyýarlyklaryny amala aşyrýan döwründe adalat edaralaryndaky gullugy togtadylýar.

2. Adalat edaralarynyň işgäriniň şu maddanyň birinji böleginde görkezilen saýlawly wezipelerde işlemegi bilen bagly ygtyýarlyk möhleti tamamlanandan soňra ol öňki işlän wezipesine, beýle mümkinçiligiň ýok halatynda onuň razylygy bilen öňküsi bilen deň derejedäki başga wezipä bellenilýär.

3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adalat edaralarynyň işgäriniň degişli ygtyýarlyklaryny amala aşyrýan döwri onuň umumy iş döwrüne we nobatdaky hünär derejesiniň berilmegine hukuk berýän iş döwrüne goşulýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 13-nji marty.

Täze habarlar