Türkmenistanyň Kanuny «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda

I. 2000-nji ýylyň 15-nji iýunynda kabul edilen «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 2, 13-nji madda; 2009 ý., № 2, 33-nji madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 2, 51-nji madda; 2013 ý., № 4, 82-nji madda; 2015 ý., № 1, 31-nji madda; 2016 ý., № 1, 71-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2019 ý., № 2, 35-nji madda; 2020 ý., № 1, 13-nji madda) şu üýtgetmäni we goşmaçany girizmeli:

16-njy maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Esaslandyryjylar tarapyndan zerur resminamalar berlen pursadyndan başlap üç iş gününiň dowamynda kärhanany döwlet belligine almak ýa-da döwlet belligine almakdan ýüz döndermek hakynda karar kabul edilýär.»;

17-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:

«3. Kärhanany döwlet belligine almak boýunça zerur bolan resminamalaryň dolanyşygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde elektron görnüşinde amala aşyrylyp bilner.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 13-nji marty.

Täze habarlar