Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY «Türkmenistanyň Serhet goşunlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Türkmenistanyň Serhet goşunlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 3171

I. 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Serhet goşunlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 20-nji madda; 2017 ý., № 1, 32-nji madda; 2018 ý., № 4, 93-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) 4-nji maddanyň 4-nji bendinde «gözegçilik-geçiriş» diýen sözleriň öňünden «üstünden geçilýän» diýen sözleri goşmaly;

2) 5-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly:

«3. Türkmenistanyň Serhet instituty Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ýokary harby okuw mekdebi bolup, ýokary hünärli harby hünärmenleri taýýarlaýan bilim edarasydyr.

Türkmenistanyň Serhet instituty hakyndaky Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.»;

3) 6-njy maddanyň birinji böleginde «döwlet dolandyryş» diýen sözleri «ýerine ýetiriji häkimiýetiň» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 8-nji maddada:

3-nji bentde «gözegçilik-geçiriş» diýen sözleriň öňünden «üstünden geçilýän» diýen sözleri goşmaly;

4-nji bentde «gözegçilik-geçiriş ýerlerinden» diýen sözleriň öňünden «üstünden geçilýän» diýen sözleri goşmaly;

6-njy we 9-njy bentlerde «Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş» diýen sözleri «Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 9-njy maddanyň birinji böleginde:

birinji tesimde, 4-nji, 7-nji, 12-nji we 18-nji bentlerde «Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş» diýen sözleri «Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş» diýen sözlere çalşyrmaly;

2-nji bentde «serhet düzgüniniň, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde Türkmenistanyň Döwlet serhediniň» diýen sözleri «Türkmenistanyň Döwlet serhediniň düzgüniniň, serhet düzgüniniň, Türkmenistanyň Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş ýerleriniň düzgüniniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

3-nji bentde «gözegçilik-geçiriş ýerleriniň» diýen sözleriň öňünden «üstünden geçilýän» diýen sözleri goşmaly;

25-nji bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«251) Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň garamagyna degişli hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalary döretmäge, üýtgedip guramaga we ýatyrmaga;»;

6) 10-njy maddanyň ikinji böleginde «Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş» diýen sözleri «Döwlet serhediniň üstünden geçilýän gözegçilik-geçiriş» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 13-nji marty.