Türkmenistanyň Kanuny «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

I. 2015-nji ýylyň 21-nji noýabrynda kabul edilen «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň maglumatlary, 2015 ý., № 4, 142-nji madda; 2016 ý., № 2, 103-nji madda; 2018 ý., № 1, 3-nji madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda, № 2, 42-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1) giriş bölekde «atlary ösdürip ýetişdirilen, köpeldilen» diýen sözleri «atlar köpeldilen, ösdürilip ýetişdirilen» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 1-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler:

1) atçylyk — atlary köpeltmek, ösdürip ýetişdirmek we olary at çapyşyklarynda, atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerinde, atly sportuň dürli görnüşlerinde ulanmak bilen meşgullanýan maldarçylyk pudagynyň düzüm bölegi;

2) atly sport — atlaryň gatnaşdyrylmagynda geçirilýän at münmegiň dürli görnüşleri we sport ýaryşlary, şeýle hem sport oýunlary we ýerine ýetirilýän dürli maşklar;

3) atçylyk pudagy — ippologiýany (atçylyk baradaky ylym), tohumçylyk we weterinariýa işlerini, atçylygyň obýektlerini gurmagy öz içine alýan atçylyk babatda işleri amala aşyrmak we dolandyrmak;

4) atçylyk işi — atçylyk pudagynda ýuridik ýa-da fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýan işleriň ähli görnüşleriniň jemi;

5) tohum atçylygy — gelip çykyşy Döwlet tohumçylyk kitabyna girizilen, ýazgy bilen tassyk edilýän, atlaryň dürli tohumlaryny köpeltmek bilen bagly işler;

6) tohum at — Döwlet tohumçylyk kitabynda hasaba alnan, belli bir tohumdan bolan at;

7) ahalteke tohum aty — türkmen halk seçgisi arkaly köp asyrlaryň dowamynda döredilen arassa ganly tohum at;

8) ýomut tohum aty — türkmen halk seçgisi arkaly köp asyrlaryň dowamynda döredilen tohum at;

9) at eýesi — ata eýeçilik hukugy bolan ýuridik ýa-da fiziki şahs;

10) athana — atlary saklamak, köpeltmek we ösdürip ýetişdirmek üçin ýöriteleşdirilen bina;

11) taýyň şahadatnamasy — taý doglan badyna bedewiň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy barada oňa berilýän, onuň gelip çykyşy baradaky maglumatlary we beýleki şahsy maglumatlaryny öz içine alýan resminama;

12) bedew-atynyň pasporty — Türkmenistanda ösdürilip ýetişdirilýän bir ýarym ýaşly taýlara we beýleki saklanylýan atlara berilýän, olaryň gelip çykyşyny we atyň degişli eýesini tassyk edýän resminama;

13) atlary çiplemek — atlary elektron taýdan belgilemek usuly;

14) Döwlet tohumçylyk kitaby — atlaryň şejere ugurlary boýunça gelip çykyşyny we tohumynyň arassa ganlylygyny tassyklaýan maglumatlary özünde jemleýän resminama;

15) atlaryň tohumçylyk işi boýunça Geňeşi — ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylan Düzgünnama esasynda döredilýän topar;

16) atşynas — atlary köpeltmek we ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan şahs;

17) seýis — atlaryň saklanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýan, şeýle hem atlary seýislemek bilen meşgullanýan jogapkär şahs;

18) atbakar — seýsiň ýolbaşçylygynda atlara sanitariýa kadalarynyň talaplaryna laýyklykda ideg etmek we olary türgenleşdirmek bilen meşgullanýan şahs;

19) atlaryň synag çapyşyklary — atlaryň at çapyşyklaryna taýýarlyk derejesini anyklamak hem-de olaryň çapuwlaryny kämilleşdirmek üçin geçirilýän çapyşyklar;

20) at çapyşyklary — atlaryň ýyndamlygyny, çydamlylygyny ýüze çykarmak we kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän ýaryşlar;

21) goýumly at çapyşyklary — eýeçiligiň görnüşine garamazdan, at eýeleri ýa-da hemaýatkärler tarapyndan at çapyşyklaryna goşulmagyň şertleri we goýumyň möçberi teswirnamanyň esasynda ylalaşylmagy boýunça geçirilýän at çapyşyklary;

22) halkara at çapyşyklary — daşary ýurt döwletleriniň ýuridik we fiziki şahslarynyň atlarynyň gatnaşdyrylmagynda geçirilýän at çapyşyklary;

23) çapyksuwar — at çapyşyklarynda at çapýan şahs;

24) ýetginjek çapyksuwar — at çapyşyklarynda at çapýan höwesjeň ýetginjek şahs;

25) atly türgen — atly sport ýaryşlarynda at üstünde çykyş edýän şahs;

26) atly sport boýunça tälimçi (mundan beýläk — tälimçi) — sport atlaryny we atly türgenleri bäsleşiklere taýýarlaýan, şeýle hem sport atlarynyň saklanylyşyna gözegçiligi amala aşyrýan jogapkär şahs;

27) atçylyk sport toplumy — at çapyşyklaryny, atly sport ýaryşlaryny we türgenleşikleri, atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerini geçirmek üçin ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylan desgalaryň toplumy;

28) atly sport ýaryşlary — sport ýaryşlarynyň guramaçylary tarapyndan tassyklanylan düzgünlere laýyklykda, atly sportuň dürli görnüşleri boýunça geçirilýän ýaryşlar;

29) eminler toparlary — atlaryň synag çapyşyklaryny, at çapyşyklaryny, atly sport ýaryşlaryny we atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerini geçirmegiň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýan adamlaryň toparlary;

30) atyň genotipi — at bedeniniň nesil esasy bolup durýan, onuň ähli genleriniň jemi;

31) atyň fenotipi — atyň genotipi esasynda dörän we daşky gurşawyň täsirleri astynda ýüze çykan onuň ähli alamatlarynyň we sypatlarynyň jemi;

32) totalizator — at çapyşyklarynda, atly sportda we beýleki bäsleşiklerde sanly ulgam arkaly guralýan, goýumlar boýunça oýun;

33) bäsleşikli söwdalar (auksion) — bäsleşik esasynda atlary satyn almak-satmak maksady bilen şertleri öňünden yglan edilen milli ýa-da halkara derejesinde geçirilýän söwdalar.»;

3) 2-nji maddada «Professional sport hakynda»,» diýen sözleri aýyrmaly;

4) 4-nji maddada:

4-nji bentde «, immuno-» diýen sözi aýyrmaly;

6-njy bentde «möwsümleýin» diýen sözi aýyrmaly;

8-nji, 9-njy we 12-nji bentleri degişlilikde şu görnüşde beýan etmeli:

«8) atlary atly sport ýaryşlaryna gatnaşdyrmak üçin olary saýlap almak maksady bilen olaryň genetiki alamatlaryny, biologik we fiziologik aýratynlyklaryny barlaghanalarda öwrenmek;

9) atly sport ýaryşlarynda we at çapyşyklarynda doping serişdeleriniň we (ýa-da) ulanylmagy gadagan edilen beýleki usullaryň ulanylmagynyň öňüni almak;»;

«12) atçylyk pudagynyň hünärmenleriniň we işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek;»;

5) 5-nji maddanyň birinji böleginde we 8-nji maddada «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlerden soň degişlilikde «edaralary» we «edaralarynyň» diýen sözleri goşmaly;

6) 7-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Ygtyýarlandyrylan edara:

1) atçylyk babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) atçylyk babatda döwlet maksatnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga berýär;

3) bedewiň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy barada taýyň şahadatnamasynyň we bedew-atynyň pasportynyň nusgalaryny tassyklaýar;

4) atçylyk babatda döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

5) atlaryň baş sanynyň ýitgileri sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň Tertibini we atlaryň baş sanyny artdyrmagyň meýilnamasyny tassyklaýar;

6) atlaryň tohumçylyk işi boýunça Geňeşini döredýär we onuň düzümini tassyklaýar;

7) atlaryň tohumçylyk işi boýunça Geňeşiniň Düzgünnamasyny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

8) tohum atlaryň döwlet hasaba alnyşyny ýöredýär;

9) Döwlet tohumçylyk kitabyna giriziljek atlaryň gelip çykyşyna (DNK) Türkmenistanyň ýa-da daşary ýurt döwletleriniň degişli barlaghanalarynda barlaglaryň geçirilmegini guraýar;

10) at eýesine bedewiň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy barada taýyň şahadatnamasyny ýa-da bedew-atynyň pasportyny berýär;

11) atlara bolan eýeçilik hukugynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, başga birine geçmegi bilen baglanyşykly resminamalary resmileşdirýär;

12) Döwlet tohumçylyk kitabyny işläp taýýarlaýar we onuň maglumatlaryny atşynaslara ýetirýär;

13) atçylyk babatda seçgi-tohumçylyk işiniň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär;

14) sport atlaryny köpeltmegi, ösdürip ýetişdirmegi amala aşyrýar we bu ugurda tohumçylyk işini alyp barýar;

15) at çapyşyklaryna, atly sport ýaryşlaryna gatnaşdyrylýan atlaryň, çapyksuwarlaryň we atly türgenleriň howpsuzlygyny üpjün etmegiň kadalaryny hem-de düzgünlerini işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

16) tohum atçylygynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça çäreleri durmuşa geçirýär;

17) atçylyk babatda işleriň maliýe üpjünçiligini kämilleşdirmek we salgyt ýeňilliklerini bellemek boýunça teklipleri degişli ygtyýarlandyrylan edara berýär;

18) innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda atçylyk babatda tohumçylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmegini guraýar;

19) atçylyk sport toplumlarynda atlaryň synag çapyşyklaryny, at çapyşyklaryny, baýramçylyk at çapyşyklaryny, goýumly at çapyşyklaryny, atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerini, şeýle hem ýöriteleşdirilen meýdançalarda atly sport bäsleşiklerini guraýar we geçirýär;

20) Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde atçylyk we atly sport babatda totalizator, humarly oýunlar we pula oýnalýan oýunlar bilen baglanyşykly işi guraýar we geçirýär;

21) atçylyk işiniň subýektleriniň işlerini utgaşdyrýar we olara gözegçilik edýär;

22) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan atçylyk pudagynyň subýektleriniň maglumat üpjünçiligini guraýar;

23) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan atlaryň baş sanynyň ösüşiniň barşyny (dinamikasyny) we hasaba alnyşyny alyp barýar, atçylyk hojalyklary boýunça höwür atlary, tohum baýtallary saýlamagy we paýlamagy geçirýär hem-de olaryň maksatly ulanylmagyny üpjün edýär;

24) taý doglan badyna merkezleşdirilen çipleşdirmegi amala aşyrýar we taýyň şahadatnamasyny berýär;

25) atçylyk babatda çap neşirlerini taýýarlaýar, ylmy-amaly maslahatlary, sergileri hem-de ýarmarkalary guraýar we geçirýär;

26) Türkmenistanda we daşary ýurt döwletlerinde geçirilýän at çapyşyklaryna, atly sport ýaryşlaryna, atlaryň sergilerine, atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerine gatnaşýar, şeýle hem milli ýa-da halkara derejesindäki bäsleşikli söwdalary (auksionlary) guraýar ýa-da olara gatnaşýar;

27) atçylyk babatda hünär bilim ulgamyny guramagy, kämilleşdirmegi we ösdürmegi amala aşyrýar;

28) seýisleriň we çapyksuwarlaryň atçylykda gazanan üstünliklerini göz öňünde tutup, olara degişli ussatlyk derejelerini berýär;

29) atçylyk we atly sport babatda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini üpjün edýär;

30) atlaryň tohumçylyk işi boýunça Geňeşiniň çözgüdi esasynda tohumçylyk işinde ähmiýetli bolmadyk we peýdalanylmagy gadagan edilen atlaryň agtalanylmagyny (tohumsyzlandyrmak) guraýar;

31) atlaryň tohum ugurlaryny köpeltmek, şeýle hem täze ugurlaryny döretmek maksady bilen tohum alyş-çalşygyny amala aşyrýar;

32) gadymdan gelýän daşky syn-sypatyna mahsus bolan höwür atlaryň we seçgi-tohumçylyk işlerinde peýdalanylmagy ähmiýetli bolan atlaryň neslini köpeltmek üçin olaryň tohum goruny döredýär;

33) ahalteke tohum atlarynyň we ýomut tohum atlarynyň ýitip barýan ýa-da az sanly nesil ugurlaryny dikeltmek maksady bilen olaryň emeli usulda tohumlandyrylmagyny üpjün edýär;

34) Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara at çapyşyklaryny, atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerini guraýar we geçirýär;

35) ýetginjek çapyksuwarlaryň arasynda at çapyşyklaryny guraýar we geçirýär;

36) atlary hasaba almak, çiplemek, pasportlaşdyrmak, at çapyşyklaryna atlary ýazgy etmek, atlaryň gelip çykyşyna (DNK) seljeriş geçirmek hem-de atlary satyn almak-satmak amallary boýunça hyzmatlara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda nyrhlary tassyklaýar;

37) atçylyk pudagyna sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ulanmak arkaly atçylyk işiniň subýektlerine edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrýar;

38) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde atçylyk we atly sport babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

39) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, atçylyk we atly sport babatda beýleki ygtyýarlylyklary amala aşyrýar;»;

7) 9-njy maddanyň ikinji böleginde, 25-nji maddanyň üçünji böleginde we 30-njy maddanyň ikinji böleginde «bellige» diýen sözi «hasaba» diýen söze çalşyrmaly;

8) 11-nji maddanyň ikinji böleginde «Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary» diýen sözleri «Türkmenistanda ýaşaýan we wagtlaýyn bolýan daşary ýurt raýatlary» diýen sözlere çalşyrmaly;

9) 12-nji maddanyň 7-nji bendinde «atlary synamak üçin çapuwlaryny» diýen sözleri «at çapyşyklaryny» diýen sözlere çalşyrmaly;

10) 15-nji maddanyň ikinji we üçünji böleklerini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Atlaryň tohumçylyk işi boýunça Geňeşiniň çözgüdi esasynda ahalteke tohum atlarynyň we ýomut tohum atlarynyň genofonduny gorap saklamak hem-de olaryň hil alamatlaryny kämilleşdirmek maksady bilen, tohumçylyk işinde eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, at eýelerine degişli, Türkmenistanda ýa-da daşary ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilen höwür atlar we tohum baýtallar peýdalanylyp bilner.

3. Atçylyk babatda tohumçylyk işi «Seleksiýanyň gazananlaryny hukuk taýdan goramak hakynda» we «Maldarçylykda tohumçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.»;

11) 20-nji maddada:

1-nji bentde «auksion» diýen sözi «bäsleşikli söwdasyny (auksion)» diýen sözlere çalşyrmaly;

3-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«3) at çapyşyklarynyň guralmagy;»;

şu mazmunly bendi goşmaly:

«9) tohum baýtallaryň emeli usulda tohumlandyrylmagy.»;

12) 21-nji maddada:

birinji bölekde:

6-njy bentde «olara,» diýen sözi «olaryň» diýen söze çalşyrmaly;

11-nji bendi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

12-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«12) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, atlaryny at çapyşyklaryna, atly sport ýaryşlaryna we atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerine gatnaşdyrmaga;»;

15-nji bentde «maslahatlaryny» diýen sözi «maslahatlaryndan» diýen söze çalşyrmaly;

ikinji bölekde:

1-nji bentde «bellige» diýen sözi «hasaba» diýen söze çalşyrmaly;

5-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«5) eýeçiligindäki atlaryň Döwlet tohumçylyk kitabyna ýazylmagy üçin ygtyýarlandyrylan edara ýüz tutmaga;»;

11-nji bentde «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlerden soň «edaralary» diýen sözi goşmaly;

13-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«13) tohum atlaryň tohum arassalygyny we atlaryň baş sanyny gorap saklamaga;»;

14-nji bendi aýyrmaly we 15-nji, 16-njy we 17-nji bentleri degişlilikde 14-nji, 15-nji we 16-njy bentler diýip hasap etmeli;

14-nji we 15-nji bentleri şu görnüşde beýan etmeli:

«14) ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylan meýilnamada görkezilen möwsümde atlaryny höwre goýmaga;

15) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilen doping we beýleki serişdeleri peýdalanmazlyga;»;

13) 22-nji maddanyň ikinji böleginde «atly sport boýunça» diýen sözleri aýyrmaly;

14) 23-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Atlar tohum aýratynlyklary we gelip çykyşy boýunça şu toparlara bölünýärler:

1) arassa ganly tohum atlar — tohum arassalygyny saklaýan beýleki tohum atlar bilen garyndysy bolmadyk tohum atlar;

2) garyşyk tohum atlar — dürli arassa ganly tohum atlaryň çaknyşdyrylmagy esasynda alnan tohum atlar;

3) garyşyk atlar — arassa ganly ýa-da garyşyk tohum atlar bilen tohum däl atlaryň arasynda ýa-da tohum däl atlaryň özara çaknyşdyrylmagy esasynda alnan atlar.»;

15) 23-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«231-nji madda. Atlary peýdalanmak

Atlar şu ugurlarda peýdalanylyp bilner:

1) at çapyşyklarynda;

2) atly sportda;

3) atly syýahatçylykda;

4) ippoterapiýada;

5) atly gezelençde;

6) atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerinde;

7) atly tomaşalarda we toý-baýramlarda;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki ugurlarda.»;

16) 24-nji maddada:

birinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Bedew-atynyň pasportynda atyň ady, şahsy belgisi, nyşanlary, atyň gelip çykyşy, tohumyň arassa ganlylygy we onuň eýesi barada maglumatlar görkezilýär.»;

ikinji bölekde «aslyny» diýen sözi «gelip çykyşyny tassyklamagy» diýen sözlere çalşyrmaly;

17) 27-nji maddanyň üçünji böleginde «Atlaryň ahalteke tohumy bilen tohumçylyk işi boýunça Geňeşiň» diýen sözleri «Atlaryň tohumçylyk işi boýunça Geňeşiniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

18) 29-njy maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Tohum atlaryň Türkmenistanyň çäginden hemişelik esasda daşyna çykarylmagy ýa-da olaryň Türkmenistanyň çägine hemişelik esasda getirilmegi atlaryň tohumçylyk işi boýunça Geňeşiniň rugsatnamasy esasynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

2. Türkmenistanda tohumlyk gymmatlygy bolmadyk atlary, Türkmenistanyň çäginden daşyna satmak, sowgat etmek, girew goýmak, çalyşmak, kärendesine bermek bilen baglanyşykly iş atlaryň tohumçylyk işi boýunça Geňeşiniň rugsatnamasy esasynda amala aşyrylýar.

3. Atlaryň Türkmenistanyň çäginden wagtlaýyn daşyna çykarylmagy ýa-da onuň çägine wagtlaýyn getirilmegi ygtyýarlandyrylan edaranyň rugsatnamasy esasynda amala aşyrylýar.»;

19) 39-njy maddanyň üçünji we bäşinji böleklerinde hem-de 46-njy maddanyň ikinji böleginde «atly sportuň Milli federasiýasy» diýen sözleri «Türkmenistanyň atly sport federasiýasy» diýen sözlere çalşyrmaly;

20) 40-njy maddada:

adynda «türgen-çapyksuwarlary» diýen sözleri «atly türgenleri» diýen sözlere çalşyrmaly;

birinji bölekde «atly sportuň Milli federasiýasy» diýen sözleri «Türkmenistanyň atly sport federasiýasy» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Atlaryň at çapyşyklaryna we atly sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlara gatnaşdyrylmagyna, bedew-atynyň pasporty bar bolan mahalynda, görkezilen çapyşyklara we ýaryşlara gatnaşmak üçin at eýesiniň ýüztutmasy berlenden soňra, çäräniň guramaçysynyň rugsady esasynda ygtyýar berilýär.»;

dördünji bölekde «atly sport boýunça Türkmenistanyň Milli federasiýasy tarapyndan mugt» diýen sözleri «Türkmenistanyň atly sport federasiýasy tarapyndan tölegsiz» diýen sözlere çalşyrmaly;

21) 42-nji maddada:

adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«42-nji madda. Atly sportda doping 

 serişdeleriniň we (ýa-da)

 ulanylmagy gadagan edilen 

 usullaryň ulanylmagyna 

 garşy hereket»;

birinji bölekde «peýdalanylmagy» we «peýdalanylmagyna» diýen sözleri degişlilikde «ulanylmagy» we «ulanylmagyna» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekde «peýdalanylandygy» diýen sözi «ulanylandygy» diýen söze çalşyrmaly;

22) 43-nji maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Atçylyk sport toplumlary atlaryň synag çapyşyklaryna, at çapyşyklaryna, atly sport ýaryşlaryna, atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerine we okuw-türgenleşik işlerine gatnaşýan çapyksuwarlar, atly türgenler, tälimçiler hem-de atçylyk we atly sport babatda beýleki hünärmenler üçin, şeýle hem görkezilen çärelere gatnaşdyrylýan atlar üçin, olaryň saglyk goraglylygyny kepillendirýän amatly şertleri üpjün edýärler.»;

23) 44-nji we 45-nji maddalary şu görnüşde beýan etmeli:

«44-nji madda. Atçylyk we atly sport babatda ýokary netijeleri

 gazanan şahslary sylaglamak

Atly sportuň görnüşleri boýunça Olimpiýa oýunlarynda, Aziýa oýunlarynda, dünýä we Aziýa çempionatlarynda, umumydöwlet atly sport ýaryşlarynda we at çapyşyklarynda baýrakly orunlara eýe bolan çapyksuwarlara we atly türgenlere, şeýle hem olary taýýarlan tälimçilere, atşynaslara, seýislere, atbakarlara we beýleki atçylyk we atly sport babatda hünärmenlere Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan mukdary we möçberi kesgitlenilýän baýraklar we pul sylaglary bellenilýär.

45-nji madda. Atçylyk we atly sport 

 babatda totalizatory, humarly oýunlary we pula oýnalýan oýunlary guramak we geçirmek

1. At çapyşyklarynda, atly sport ýaryşlarynda we atlaryň arasynda geçirilýän gözellik bäsleşiklerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda totalizator, humarly oýunlar we pula oýnalýan oýunlar guralyp hem-de geçirilip bilner.

2. Totalizatory, humarly oýunlary we pula oýnalýan oýunlary guramagyň hem-de geçirmegiň tertibi degişli döwlet edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan tassyklanylýar.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 13-nji marty.