Ï Türkmenistanyň Kanuny «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Kanuny «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

view-icon 7409

I. 2017-nji ýylyň 25-nji noýabrynda kabul edilen «Döwlet ýer kadastry hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 166-njy madda; 2019 ý., № 1, 14-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:

1) 6-njy maddanyň ikinji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Döwlet ýer kadastry babatda döwlet düzgünleşdirmesi ygtyýarlandyrylan edaranyň Ýer serişdeleri gullugy (mundan beýläk — Gulluk) hem-de welaýatlarda we Aşgabat şäherinde Gullugyň ýer serişdeleri müdirlikleri (mundan beýläk — müdirlikler), etraplarda we şäherlerde — ýer serişdeleri müdirlikleriniň bölümleri (mundan beýläk — ýerli edaralar) tarapyndan amala aşyrylýar.»;

2) 8-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«8-nji madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň 

 ygtyýarlylygy

1. Ygtyýarlandyrylan edara:

1) Döwlet ýer kadastry babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) Türkmenistanyň çäginde Döwlet ýer kadastrynyň alnyp barylmagyna gözegçiligi amala aşyrýar;

3) Döwlet ýer kadastryny alyp barmagyň Tertibini işläp taýýarlaýar;

4) Döwlet ýer hasabatyny düzýär;

5) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde Döwlet ýer kadastry babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we kabul edýär;

6) topraklaryň bonitirowkasyny geçirmegiň we ýerlere ykdysady baha bermegiň usulyýetini işläp taýýarlaýar;

7) Döwlet ýer kadastry babatda hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmegini guraýar;

8) Döwlet ýer kadastr maglumatlar toplumynyň merkezleşdirilen ýeke-täk elektron maglumatlar binýadyny döredýär we alyp barýar;

9) gozgalmaýan emläge bolan hukuklary we onuň bilen bagly geleşikleri Döwlet sanawyna girizmek üçin, Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli edaralaryna ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň hem-de ýer kärendeçileriniň hasaba alynmagy bilen bagly hem-de ýer bölekleriniň ýagdaýy barada resminamalary bermek boýunça Gullugyň, müdirlikleriň we olaryň ýerli edaralarynyň işlerini utgaşdyrýar;

10) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

2. Ygtyýarlandyrylan edara Döwlet ýer kadastry babatda öz üstüne ýüklenen wezipeleri gös-göni ýa-da Gullugyň, müdirlikleriň we olaryň ýerli edaralarynyň üsti bilen amala aşyrýar.»;

3) 8-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«81-nji madda. Gullugyň, müdirlikleriň we 

 olaryň ýerli edaralarynyň 

 ygtyýarlylyklary

1. Gulluk:

1) Türkmenistanda ýer gatnaşyklary babatda alnyp barylýan döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär, ýer serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

2) ýer serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna gözegçilik etmegiň döwlet ulgamyny döretmek, şol sanda bu ugurda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri berýär;

3) ýerlerden netijeli peýdalanmagy ykdysady taýdan höweslendirmek boýunça çäreleri işläp taýýarlaýar;

4) döwlet ätiýaçlyk ýerlerini döretmek maksady bilen, peýdalanylmaýan hem-de netijesiz peýdalanylýan ýerleri ýüze çykarýar;

5) ýerleri bölüp bermek barada teklipleri taýýarlaýar;

6) oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak — mellek ýer bölegi we şäherlerde hem-de şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin berlen ýerleriň tükellemesini geçirýär;

7) Döwlet ýer kadastryny alyp barmagy guraýar;

8) Döwlet ýer kadastr maglumatlar toplumy ulgamynyň döredilmegini, ol maglumatlar toplumynyň täzelenilmegini we saklanylmagyny amala aşyrýar;

9) ýer serişdeleri we olaryň ýagdaýy hakyndaky maglumatlar toplumynyň merkezleşdirilen ýeke-täk elektron maglumatlar binýadyny döretmegi we alyp barmagy guraýar;

10) ýer serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegi, bu ugurdaky öňdebaryjy halkara tejribäni öwrenmegi, jemlemegi we ýaýratmagy amala aşyrýar.

2. Müdirlikler:

1) Döwlet ýer kadastryny alyp barmak boýunça ýerli edaralaryň işlerini utgaşdyrýarlar;

2) degişli dolandyryş-çäk birlikleriniň çäklerinde Döwlet ýer kadastr resminamalaryny ýöretmegi guraýarlar;

3) degişli ýerli edaralaryň ýer hasabatlaryny jemleýärler we Gulluga berýärler;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli ýuridik we fiziki şahslara Döwlet ýer kadastr resminamalaryndan ýer bölekleri baradaky maglumatlary berýärler.

3. Ýerli edaralar:

1) degişli dolandyryş-çäk birlikleriniň çäklerinde Döwlet ýer kadastr resminamalaryny ýöredýärler;

2) degişli dolandyryş-çäk birlikleriniň çäklerinde ýerleşýän ýer bölekleri baradaky maglumatlary Döwlet ýer kadastr resminamalaryna girizýärler;

3) ýer böleklerine bolan hukuklaryň döwlet belligine alnandygy, ýer bölekleriniň eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we ýer kärendeçileriniň üýtgändigi barada Döwlet ýer kadastr kitabyna degişli maglumatlary girizýärler;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýer bölegine eýeçilik hukugyny, ýerden peýdalanmak hukugyny we ýere kärende hukugyny kepillendirýän resminamalaryň berilmegini amala aşyrýarlar;

5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli döwlet edaralaryna we Geňeşlere, beýleki ýuridik, şeýle hem fiziki şahslara Döwlet ýer kadastr resminamalaryndan maglumatlary berýärler;

6) kadastr işlerini döredýärler we alyp barýarlar;

7) ýer hasabatyny düzýärler;

8) degişli çäkde ýer gurluşygy we ýer serişdelerini goramak boýunça işleri amala aşyrýarlar.

4. Gulluk, müdirlikler we olaryň ýerli edaralary şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda özleriniň ygtyýarlylyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýärler.»;

4) 9-njy maddada:

birinji bölegiň 4-nji bendinde «hususy kömekçi hojalygyny alyp barmak — mellek ýerleri» diýen sözleri «şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak — mellek ýer bölegi» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölegiň 3-nji bendinde «ýerlerini» diýen sözi «ýer bölegi» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 11-nji maddada:

birinji bölegiň 1-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«1) ýer bölegine bolan hukugyň döwlet belligine alnandygy barada maglumatlar toplumyny;»;

ikinji bölekde «kadastryna» diýen sözi «kadastr resminamalaryna» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 12-nji maddanyň ýedinji böleginde «we onuň ýerli» diýen sözleri «, Gulluk, müdirlikler we olaryň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly;

7) 13-nji maddanyň altynjy böleginde «alynan» diýen sözi «alnan» diýen söze çalşyrmaly;

8) 17-nji maddanyň üçünji böleginde «Döwlet ýer kadastr kitaplary» diýen sözleri «kadastr resminamalary» diýen sözlere çalşyrmaly;

9) 25-nji maddanyň 4-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«4) ýer serişdeleriniň ýagdaýynyň üýtgemelerine yzygiderli gözegçiligiň netijeleriniň esasynda ýer kadastr maglumatlar toplumynyň merkezleşdirilen ýeke-täk elektron maglumatlar binýadyny döretmegi, saklamagy we täzelemegi;»;

10) 27-nji maddanyň adynda we birinji tesiminde «bar bolan» diýen sözleri «saklanylýan» diýen söze çalşyrmaly;

11) 31-nji maddada «kadastrynyň» we «kadastryndan» diýen sözleri degişlilikde «kadastr resminamalarynyň» we «kadastr resminamalaryndan» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 13-nji marty.