Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda

I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli:

1. 1996-njy ýylyň 20-nji dekabrynda kabul edilen «Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., № 4, 67-nji madda; 2014 ý., № 3, 115-nji madda; 2018 ý., № 4, 102-nji madda) 6-njy maddasynyň birinji böleginde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň» diýen sözlere çalşyrmaly.

2. 2002-nji ýylyň 14-nji dekabrynda kabul edilen «Döwlet protokoly hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (2017-nji ýylyň 4-nji fewralynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde) (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 11-nji madda):

3-nji maddanyň ikinji böleginiň 7-nji bendinde we 11-nji maddanyň birinji böleginde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

10-njy maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

15-nji maddanyň dördünji böleginde «Mejlisiniň Başlygy» diýen sözleri «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň Başlyklary» diýen sözlere çalşyrmaly.

3. 2010-njy ýylyň 10-njy maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2010 ý., № 2, 32-nji madda):

1) 7-nji maddanyň ikinji böleginiň «a» bendinde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň» diýen sözlere çalşyrmaly;

2) 11-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminde, 12-nji maddanyň ikinji böleginde, 15-nji maddanyň adynda we birinji tesiminde we 16-njy maddanyň «a» bendinde «Mejlisi» we «Mejlisine» diýen sözleri degişlilikde «Milli Geňeşiniň Mejlisi» we «Milli Geňeşiniň Mejlisine» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 13-maddada:

birinji bölekde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Mejlisi» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«2. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň çözgütleri kanun görnüşinde kabul edilýär. Türkmenistanyň halkara şertnamasyny tassyklamak hakyndaky Türkmenistanyň kanuny esasynda Türkmenistanyň Prezidenti tassyklaýyş hatyna gol çekýär.»;

4) 22-nji maddanyň mazmunynda «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň» diýen sözlere çalşyrmaly;

5) 24-nji maddanyň birinji böleginde «Mejlisiniň çözgütleriniň» we «Mejlisiniň Maglumatlarynda» diýen sözleri degişlilikde «kanunlarynyň» we «Milli Geňeşiniň Maglumatlarynda» diýen sözlere çalşyrmaly;

6) 27-nji maddada:

birinji bölekde: «Mejlisiniň çözgütleri» we «Mejlisi tarapyndan» diýen sözleri degişlilikde «kanunlary» we «halkara şertnamasynyň güýjüni ýatyrmak ýa-da togtatmak hakynda Türkmenistanyň kanuny esasynda» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekde «Mejlisi» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Mejlisi» diýen sözlere çalşyrmaly.

4. 2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 41-nji madda; 2013 ý., № 2, 29-njy madda, № 4, 83-nji madda; 2014 ý., № 2, 90-njy madda; 2015 ý., № 1, 38-nji madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 120-nji madda; 2017 ý., № 1, 20-nji we 39-njy maddalar, № 2, 81-nji madda, № 4, 136-njy madda; 2018 ý., № 2, 57-nji madda; 2019 ý., № 4, 78-nji madda; 2020 ý., № 3, 53-nji madda) 12-nji maddasynyň dördünji böleginiň 1-nji bendinde «Mejlisiniň» diýen sözi «Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň» diýen sözlere çalşyrmaly.

5. 2017-nji ýylyň 26-njy awgustynda kabul edilen «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 96-njy madda; 2018 ý., № 2, 34-nji madda; 2020 ý., № 1, 7-nji madda) 12-nji maddasynyň mazmunynda «Türkmenistanyň halkara şertnamalaryny tassyklamagyň we ýatyrmagyň,» diýen sözleri aýyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.


Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aşgabat şäheri. 2021-nji ýylyň 13-nji marty.