Wadim Masson: Jeýtun arheologiki medeniýetini we Altyndepe siwilizasiýasyny açan adam

eye
547
Wadim Masson: Jeýtun arheologiki medeniýetini we Altyndepe siwilizasiýasyny açan adam

Köp sanly taryhy ýadygärliklere baý Türkmenistanyň çäginde ençeme zehinli arheologlar  zähmet çekdiler we olaryň her biri gazuw işlerinde  tapyndy subutnamalaryň çeşmelerini  öwrenmeklige uly  goşant goşdular.  Türkmen topragynyň geçmişiniň syryny açmaklyga ömrüni bagyşlan  meşhur alymlaryň hatarynda  ýaşytdaş dostlar, birnäçe ylmy işleri bilelikde ýazan  awtorlar: Wiktor Iwanowiç Sarianidi we Wadim Mihaýlowiç Masson ikisi hem bardy.  

Eger-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli mülirliginiň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty Muhammet Annaýewiç Mämmedow  Wiktor Iwanowiç hakynda öz ýatlamalaryny aýtsa, şol müdirligiň ýadygärlikleri öwrenmek we hasaba almak bölüminiň başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty Ejegül Ataýewna Myradowa  bu alym hakda bize giňişleýin gürrüň  berdi.

Wadim Mihaýlowiçiň özüniň «Türkmenistandaky sag elim» diýip at beren taryhçysy  Ejegül Ataýewna Myradowa Ýewraziýa arheologiýasynyň mugallymynyň ýetişdiren ylymlaryň kandidaty we doktory alymlyk derejeli ýigrimiden gowrak şägirtleriniň biridir. 

Ady dünýä belli, Merkezi Aziýanyň günortasynyň gydymy medeniýetini ilkinji bolup açan hem-de öwrenen, aýrybaşga zehinli, gujur-gaýratly we  düşbi alym 1929-njy ýylyň 3-nji maýynda görnükli alym, Orta Aziýa arheologiýa ylmynyň düýbüni tutujy Mihail Ýewgenýewiç Massonyň maşgalasynda dünýä inýär. Ol meşhur Gadymy Gündogary öwreniji, köp dilleri suwara bilýän, teňňeşynas we Günorta-Türkmenistan arheologiýa toplumlaýyn ekspedisiýasynyň  (GTATE) ýolbaşçysydyr. 

Wadim Mihaýlowiç  1946-njy ýyldan, ýagny Orta Aziýa Döwlet uniwersitetiniň, soňraky Daşkent DU-niň, häzirki Özbegistanyň Mirzo Ulugbek adyndaky Milli uniwersitetiniň Taryh fakultetiniň Orta Aziýa arheologiýasy bölüminiň talyby wagtyandan  meýdan gözleg işlerine gatnaşýar.  

Wadim Mihaýlowiçiň öz işine ýüreginden berlenligine şeýle bir waka güwä geçýär.  Türkmenistanyň arhiw işleriniň zähmet weterany, 1988-nji ýyla çenli Türkmenistanyň Baş arhiw müdiriliginiň bölüm  başlygy, Aşgabadyň hormatly raýaty  Alekseý Wladimirowiç Golowkiniň ogly Nikolaý Golowkin 1996-njy ýylda Türkmenistanyň ylymlar Akademiýasynyň Taryh institutyndan gepleşik taýýarlaýar. Şol wagtlarda «Тürkmenmetbugat» habarlar gullugynda işleýän Nikolaý Alekseýewiçe  arheolog Wadim Mihaýlowiçiň 1948-nji ýylyň oktýabr aýynda kakasynyň şondan iki ýyl öň gözlege  girişen Nusaý galasyna  işe gelşi hakynda gyzykly bir wakany gürrüň  beripdirler.  Nusaýdaky gazuw-agtaryşlaryň netijesinde piliň süňkünden ýasalan, haşamlanyp nagyşlanan parfiýa ritonlarynyň uly toplumynyň üsti açylýar. 

Aşgabatda ýer yranan gijesi şol tapylan ritonlar we olaryň aýry-aýry bölekleri heniz  gazylan çukurdan daşyna çykarylman ekeni. Wadim Mihaýlowiç tapylgysyz artefaktlary halas etmek üçin adatdan daşary janypkeşlik görkezýär. Ol  SSSR ylymlar Akademiýasynyň  türkmen bölüminiň ýolbaşçysy bütin dünýäde adybelli geolog hem-de paleontolog Dmitriý Wasilýewiç Naliwkine täze tapyndylary halas etmek üçin gyssagly suratda jelatin- mal süňkünden we hamyndan ýasalan ýelim we parafin tapyp bermegini haýyş edýär. Şeýlelikde, gadymy zergärleriň bahasyna ýetip bolmajak önümleriniň uly mukdary dünýä medeniýeti üçin saklanyp galýar.         

1950 ýylda kiçi-Masson tapawutlanan diplom bilen uniwersiteti tamamlaýar we  SSSR Ylymlar Akademiýasynyň maddy medeniýetiň taryhy Institunyň Leningrad bölümine aspirantura okuwa girýär. Ol uniwersitetdekä daşary ýurt dilinden esasan fransuzçany öwrenýär. Alym pars we özbek dillerini hem öwrenýär, bu diller oňa Orta Aziýa respublikalarynda işlän ýyllarynda hemişe kömek berýär. Arheolog türkmen diline-de gowy düşünýärdi. 

1954-nji ýylda Wadim Mihaýlowiç «Dehistanyň gadymy medeniýeti» temasyndan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar,  bu ylmy iş Aşgabatda çapdan çykarylan Günorta-Türkmenistan arheologiýa toplumlaýyn ekspedisiýasynyň ýygyndysynyň ýedinji tomunda neşir edilýär. 70 ýyl çemesi mundan ozal ýazylan bu ylmy iş irki demir asyryny öwrenýän arheologlar üçin edil häzirki günlerde-de ähmiýetini ýitirmän saklaýar. 

Arheolog 1954-1956-njy ýyllarda Türkmenistanyň günorta-gündogar çäklerinde  meýdan işlerini geçirýär. Massonyň ýolbaşçylygynda Garagum arheologiki topary Murgap jülgesinde giň gerimde gazuw-agtaryşlary alyp barýar. 

Tutuş Orta Aziýa üçin nusga öwrülen Ýaz-depäniň jikme-jik öwrenilmegi netijesinde Ahemenidleriň imperiýasyndanam öň hem Margiananyň gadymy ekerançylyk medeniýetiniň bolandygy esaslandyryldy.  

Ýaz-depe galasynyň günorta böleginde köşk ýa-da ybadathana hökmünde hyzmat eden jemgyýetçilik maksatly binanyň  böleginiň üsti açylýar.  Galanyň diwary laý kerpiçden galdyrylypdyr. Ýaz-depe II gatlakdan tapylan demir paltanyň bölegi we Ýaz-depe III gatlakda şolara meňzeş alty sany demir paltanyň we demir kerkiniň üstüniň açylmagy bu ýerde diňe daýhançylygyň, däl, ondan başga demriň metal önümçiliginde ulanylandygyna şaýatlyk edýär. 

Massonyň Aşgabadyň  demirgazyk-günbataryndan 24 km daşlykdaky Jeýtun ýadygärliginde geçiren gözlegleriniň ähmiýeti hem şolardan kem däldir. Bu ýerde 1955 -1963-nji ýyllar aralygynda  gazuw-barlag işleri amala aşyrylýar. Şol ýyllarda Köpetdagyň etegindäki zolakda eneolit zamanynda ýaşalan künjeklerde-de işler alnyp barpylýar. 

Arheolog deslapdan Jeýtunyňam edil alynkyaziýanyň neolit zamanynyň ekerançylyk medeniýeti  ýaly  wajyp taryhy ornunyň bardygyna dogry baha berýär. Masson Orta Aziýanyň arheologlarynyň arasynda ilkinji bolup  diňe stratragifiýa - dag jynslarynyň emele gelen döwrüni kesgitlemek taýdan öwrenmek(?) däl-de,  pagsa jaýlary we umumy öý-hojalyklary ýüze çykarmaga  gönükdirilen ilkidurmuş ýadygärliklerini giň meýdanlarda gazmak usulyny ornaşdyrdy. 

 Kaka etrabyndaky Garadepede we Göksüýri jülgesiniň harabalyklarynda geçirilen ylmy-barlaglar Günorta Türkmenistanyň gadymy ekerançylyk medeniýetiniň özboluşly gatlagynyň dürli-dürli görnüşleriniň üstüni açdy. Alymyň aýratyn hyzmaty eýran we mesopotamiýa halkasynyň ýadygärlikleri bilen Orta Aziýanyň günortasynyň eneolit zamanynyň medeniýetiniň arabaglanyşygyny yzarlamagy başaranlygyndan ybaratdyr. Soňky ýyllaryň barlaglarynyň görkezişi ýaly olaryň gönüden-göni gatnaşyklary b.e. öňki  IV  müňýyllygyň ahyrlarynda günortada - Günorta-Gündagar Eýranyň we demirgazykda - Zerewşan jülgesiniň çäklerine baryp ýetipdir. 

Ýöne Wadim Mihaýlowiçiň özi  gadymy Altyn depe şäheriniň  gazuw-agtaryşlaryny  iň ähmiýetli işi hasaplaýar.  Oňa alymyň 1965-1995-nji ýyllar aralygyndaky otuz ýyllyk zähmeti siňdi. 1967-nji ýylda  bu ýerde  Namazga Y döwrüniň gonamçylygy ýerleşýän ägirt uly ymaratyň  harabalygy tapyldy. Elbetde bular tötänleýin tapylan zatlar däldi, olar ýadygärligiň gurluşyna  çuňňur düşünmegiň we onuň çäginde gazylmaly ülüşi dogry saýlap almagyň netijesidi. «Ruhanylaryň gubury» häzirki güne çenli b.e. öňki III we II müňýyllyklaryň aralygynda Orta Gündogardaky medeni we jemgyýetçilik gatnaşyklaryny dikeltmekde wajyp toplumlaryň biridir. 

Massonyň Altyndepedäki geçiren barlaglaryny jemleýän kitaby iňlis dilinde we köp mukdardaky suratly görnüşde Filadelfiýada 1988-nji ýylda neşir edildi. Bu kitap dünýä apheologiki jemgyýetiň agzalarynyň köpüsi üçin baý maglumatlary elýeterli etdi. 

1963-nji ýylda Массон  «Orta Aziýanyň gadymy taryhy: ekerançylygyň başlanmagyndan tä Aleksandr Makedonskiniň ýörişine çenli» diýen temadan doktorlyk dissertasiýasyny gorady we ol 1964-nji ýylda «Orta Aziýa we Gadymy Gündogar» ady bilen aýratyn monografiýa görnüşde çap edildi. Kitap dünýäniň şu böleginiň taryhy we arheologiýasy barada iň gowy işleriň hataryna  girýär.

Bir gezek Wadim Sergeýewiçiň gatnaşan metbugat duşuşugynda oňa «Sizi kim diýip tanyşdyrmaly?» diýip soraýarlar. 

Şonda arheolog:  

- Jeýtuny açan adam -  diýip, jogap berýär. 

Türkmenistan Garazsyzlygyna eýe bolansoň Wadim Mihaýlowiç Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet boýunça geňeşdary, Türkmenistanyň we Gündogar ýurtlarynyň halklarynyň medeni mirasynyň Halkara institutynyň Ylmy Geňeşiniň başlygy bolup işledi, Türkmen raýatlygyny aldy, oňa Magtymguly adyndaky Halkara baýragy gowşuryldy. Alym 80 ýaşynda, 2010-njy ýylyň 19-njy fewralynda aradan çykdy.  

Rоman  ТЕPLÝAKOW