Ï Ermenistanyň we Türkmenistanyň oba hojalyk boýunça ýokary okuw jaýlarynyň bilelikdäki onlaýn-dersleri dowam etdirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ermenistanyň we Türkmenistanyň oba hojalyk boýunça ýokary okuw jaýlarynyň bilelikdäki onlaýn-dersleri dowam etdirildi

view-icon 4565
Ermenistanyň we Türkmenistanyň oba hojalyk boýunça ýokary okuw jaýlarynyň bilelikdäki onlaýn-dersleri dowam etdirildi

Тürkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetiniň arasyndaky Ylalaşygуň çäklerinde bu iki ýokary okuw jaýynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň nobatdaky onlaýyn-duşuşygy geçirildi. 

TOHU-nyň ekerançylyk kafedrasynyň uly mugallymy Çarygeldi Babanyýazow Ermenistanyň agrar okuw jaýynyň talyplary üçin Türkmenistanda bakja ekinleriniň çakyşdyrylyşy barada sapak berdi. 

Sapagyň barşynda gowaçany görnüşara we bir görnüşiň içinde çakyşdyrmak usullaryna garaldy. Şeýle hem Çarygeldi Babanyýazow meýdan bakja ekinleriniň hiliniň gelejegi we olary biziň ýurdumyzda ösdürmegiň aýratynlyklary barada talyplara gürrüň berdi. 

Sapaklar tamamlananda iki ýurduň hem oba hojalyk boýunça ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary bilelikdäki wideo okuwlaryň tapgyry üçin ony gurnaýjylara minnetdarlyk bildirdiler we şeýle çäreleriň mugallymlaryň hünär derejesini kämilleşdirmäge we ýokary hünärli talyplary taýýarlamaga gönükdirilendigini aýratyn belläp geçdiler.