Gara Seýitliýew: Türkmenistanyň poeziýa ensiklopediýasy

eye
687
Gara Seýitliýew: Türkmenistanyň poeziýa ensiklopediýasy

Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gara Seýitliýew (1915-1971) meşhur şahsyýet diýlip atlandyrylmaga mynasypdyr. Onuň köptaraply döredijiligi milli edebiýatyň, kino we teatryň ösmegine uly täsirini ýetirdi. Şahyryň köp goşgularyna türkmen kompozitorlary saz dörtetdiler, şol aýdymlar awtoryň aradan çykanyna elli geçse-de, edil şu günlerem ýaňlanýar we diňlenilýär. häli-häzirem 

Gara Seýitliýew Bäherden etrabynda dogulýar. Onuň adyna Gara dakylmagy şol döwürleriň däp-dessury bilen bagly. Garaköl baganadan tikilen telpegiň içine ak we gara daşjagazlary atypdyrlar, kimiň bijesine ak daş düşse ol harby gulluga gitmeli eken. Ogullaryna Gara adyny dakyp, maşgala ýaňy dogan çagany we kakasyny bije çekilişikde harbylygyň külpetinden goramaga umyt baglapdyrlar.

Gar ýaşlykdan poeziýany we goşgy goşmagy halaýar. Ýetginjekkä eline düşen birinji kitap Magtymgulynyň arap elipbiýinde göçürilen şygyr diwany ekeni, bu kitap ömürboýy ýanyndan aýrylmaýar. .

Gara Seýitliýew Aşgabadyň mugallymçylyk tehnikumyny tamamlap başlangyç mekdepde mugallymçylyga başlaýar. 1937-nji ýylda ol durmuş ýoluny birden üýtgeden karara gelýär. 

Ol Bakuwyň pedogogiki instiutyna okuwa girýär.

Bakuda ýazyjy özüne ruhdaş ýoldaşlary tapýar, özüniň ajaýyp goşgularyny we poeziýanyň ykbal ýoludygyna düşünýär.

«Şahyr üçin öz sözlerine aýdylýan aýdymlaryň diňlenýändigini we ýaşaýandygyna guwanmakdan artyk şatlyk ýokdur. Goý, durmuşda köp gabat gelnişi ýaly, şol aýdymlary aýdýanlar awtoryň kimdigini bilmeseler-bilmesinler, bu ýerde iň esasy zat – halk ony bilýär we ykrar edýär.». (Gara Seýiliýewiň terjimehalyndan).

Beýik Watançylyk urşunyň başlan günlerinden şahyr meýletinçileriň hataryna ýazylýar. 1942-nji ýylda söweşýän esgerleriň ruhuny götermek üçin Türkmenistanyň medeniýet işgärlerinden aýdym-saz topary döredilýär.

Şol aýdym-saz toparynyň düzüminde Gara Seýitliýew ençeme harby bölümlere aýlanýar we esgerleriň hem-de serkerdeleriň öňünde watançylyk, gahrymançylyk hakda nusgawy şygyrlary, öz goşgularyny okaýar. Ýaş esgerleriň gahrymançylygyna ylhamy joşan şahyr söweş garymynyň-okopyň içinde «Söweşjem ylham» ady bilen uly goşgular toplumyny ýazýar.

Gara Seýitliýew ýurduň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda uly orny eýeledi. Şahyr Türkmenistanyň Ýazyjylar guramasynyň başlygy, opera we balet teatrynyň direktory boldy, daşary ýurtlar bilen Dostluk Jemgyýetine ýolbaşçylyk etdi. 1963-nji ýyldan başlap, tä ömrüniň ahyryna-1971-nji ýyla çenli Medeniýet ministriniň wezipesinde işledi.

1962-nji ýylda Moskwada Ähliumumy ýaragsyzlanmagyň we parahatçylygyň Bütindünýä kongressi geçdi, oňa Türkmenistandana wekiller gatnaşdylar. Şonda Gara Seýitliýew türkmen halkynyň hem-de Rejepowlaryň halyçylar maşgalasynyň adyndan Kubadan gelen myhmanlara Fidel Kastronyň haly-portretini sowgat berdi. Kubalylar Aşgabatdan baran wekillere «Wiwa Türkmenistan!»-diýip, minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.

Durmuşsöýüjilik, poeziýa we maşgala wepadarlyk, watanparazlyk hem-de ynsanperwerlik – ine, Gara Seýitliýewiň döredijiliginiň esasy temalary. Halk ýazyjysynyň ogly Ilmyrat kakasy barada ýatlap şeýle gürrüň berýär:

– Biziň öýümüz hemişe myhmanlydy. Şahyrlar Kerim Gurbannepesow, Kaýum Taňyrgulyýew, kompozitor Daňatar Öwezow dagylar kakamyň ýanyna ýygy-ýygydan gelerdiler. Daňatar Öwezow öýümizdäki pianinoda myhmanlara täze ýazan sazyny çalyp bererdi. Kakam iki agyz söz bilen tersleşen goňşularymyzy ýaraşdyrardy, soňra olar iň gowy dostlara öwrülip giderdiler. Edara işiniň köpdügine garamazdan kakam mydama öýdäkiler bilen gepleşmäge, bizi diňlemäge wagt tapardy.

Türkmen okyjylaryny dünýä edebiýatyna çekmek üçin Gara Seýitliýew Nyzamy Genjewiniň we Aleksandr Puşkiniň eserlerini türkmen diline geçirdi. A.S. Puşkiniň «Mis atly» poemasynyň terjimesiniň üstünde işleýşini özi üçin edebi we filosofiki taýdan gymmatly mekdep hasaplaýardy. Ol türkmen dilinde eser ýazýardy, şonuň üçin hem terjimeçi şahyr Anisim Krongauz ikisi ýakyn hazmatdaşlyk saklardylar. Edebiýatyň iki sany meşhur wekiliniň özara ýazyşan hatlary saklanyp galypdyr.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow kärdeşi Gara Seýitliýewiň eserlerini «Türkmenistanyň poeziýa ensiklopediýasy» diýip atlandyrydy.

Swetlana ÇIRSOWA
Suratlar Gara SEÝITLIÝEWIŇ maşgalasynyň şahsy arhiwinden alyndy