Ï Emil Esenow: türkmen seýsmologiýasynyň aksakaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Emil Esenow: türkmen seýsmologiýasynyň aksakaly

view-icon 2418
Emil Esenow: türkmen seýsmologiýasynyň aksakaly

Türkmen seýsmolog alymlary dünýä ylmyna mynayp goşant goşdular. Şolaryň biri-de biziň ildeşimiz, Aşgabatda eneden doglan Emil Magtymowiç Esenowdyr. Tutanýerliligi we zähmetsöýerligi bilen köpleri haýran galdyrýan goja alym garrylyk müçesine barandygyna garamazdan, häzirem ömrüni bagyşlan kärinde işlemegini dowam edýär.

Üç aý mundan ozal Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň seýsmikidurnukly gurluşyk ylmy-barlag institutynyň (SGYBI) işgärleri öz kärdeşleri - ylmy bölümiň baş ylmy işgäri, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň doktory E.M. Esenowy 85 ýaşynyň dolmagy we 65 ýyllap şol bir kärde işlänligi mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Emil Magtymowiç Türkmen döwlet uniwersitetiniň fiziko-matematika fakultetini tamamlap, 1959-njy ýylda zähmet ýoluna başlady. Şol wagtlar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda akademik Ý.N.Godiniň ýolbaşçylygynda geofizika we seýsmologiýa bölümi ýaňy açylypdy. Ýuriý Nikolaýewiç täze gelen ýaş ýigitden: « Işçi bolup geofiziki espedisiýa gitmäge razymy?» - diýip, sorapdy. Şeýlelikde Emil höwes bilen Baýramala – gözleg işlerine tarap ýola düşýär. Ýönekeý işçilikden zähmet ýoluna başlan ýigit dört aýdan soň inženeriň wezipesine bellenýär. Basym ony ylmy bölüme geçirýärler, bölüm giňelip we ulalyp soňra Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa institutyna öwrülýär.

Moskwada aspiranturany tamamlan Emil 1969-njy ýylda SSSR Ylymlar akademiýasynyň O.Ý. Şmidt adyndaky Ýeriň fizikasy institutynda ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejesini almak üçin dissertasiýa goraýar. Şondan bäri ol ilki Seýsmologiýa institutynda 38 ýyllap, 2009-njy ýyldan soňra-da Gurluşyk ministrliginiň SGYBI-de inženerçilik seýsmologiýa barlaghanasynyň müdiriniň wezipesinde işledi. Ol 1994-nji ýylda seýsmologiýa ylymlarynyň doktory alymlyk derejesini aldy.

Alymy Türkmenistan üçin seýsmologiýanyň täze ugry – seýsmiki zolaklary kiçi çäklere bölmek, etraplaşdyrmak özüne çekýär. Ol Aşgabat şäheriniň seýsmiki taýdan etraplaşdyrylan ilkinji kartasynyň awtorlarynyň biridir, şäherleriň çäklerini ösdürmegiň baş meýilnamasynyň esasy binýady hasaplanýan etraplaşdyrmagyň kadalaşdyryjy ölçeglerini işläp düzdi we durmuşa ornaşdyrdy. Onuň ýolbaşçylygynda Balkanabat, Türkmenbaşy, Bereket, Serdar, Hazar, Türkmenabat şäherlerini, Gäwers düzlügini kiçi çäklere bölmegiň kartasy taýýarlandy.

– Ýer titrände şol bir şäherde, şol bir obada birmeňzeş jaýlara, desgalara dürli-dürli derejelerde zyýan ýetýär – diýip, Emil Magtymowiç gürrüň berýär. - Mysal üçin 1948-nji ýylyň ýer yranmasynyň öň ýanynda Aşgabatda ençeme birmeňzeş ikigatly mekdepleri, transformator desgalaryny gurýarlar. Tebigy betbagtçylykda olaryň käbirleri düýbünden weýran bolýar, käbirlerini diňe düýpli bejermek talap edilýär, üçünji bir toparyna bolsa uly zyýan ýetmeýär. Diýmek, käbir jaýlaryň binýadynyň teýgumy ýeriň sarsgynyny peseldýär, käbirleriniňki weli – tersine, güýçlendirýär. Teýgumyň düzümini öwrenip, olaryň ýer sarsgynlaryna nähili täsir etjekdiklerini kesgitlemek mümkin. Şolary anyklap, seýsmiki zolakda gurluşyk işlerini tertipleşdirmek boýunça taslama we gurluşyk edaralaryna ylmy maslahat bermegiň örän uly peýdasy bar.

Alymyň durmuşyndaky wakalaryň birini gysgaça ýatlalyň: 1992-1995-nji ýyllarda Eýranyň Türkmensähra sebitinde Atom elektrik stansiýasyny (AES) gurmagy esaslandyrmakda Emil Esenow seýsmo-geofiziki barlaglaryň netijelerine halkara bilermeni hökmünde baha berdi. Alymyň şol sebitiň MAGATE-niň talapalaryna laýyk gelmeýän seýsmiki zona degişlidigini kesgitlemegi netijesinde AES-iň gurluşygy Pars aýlagynyň kenarýakasyna, ýagny, Buşer etrabyna geçirildi.

Emil Esenow türkmen-eýran serhedindäki Tejen-Gerirud derýasynyň ugrunda ýerleşýän Pulhatynda suw howdanynyň gurluşygynyň seýsmiki hasaplamalaryny-da barlagdan geçirdi. Bu suw howdany häzirki wagtda öňler peýdalanylman ýitip gidýän sil suwlaryny Eýran we Türkmenistan üçin deň derejede bölmek wezipesini ýerine ýetirýär. 1996-1998-njy ýyllarda alym Ysraýylyň çäklerinde synag-barlag işlerine gatnaşdy. Seýsmolog şol synaglaryň netijesinde bilelikdäki ylmy hasabaty düzýär we Ýewropa seýsmologiki toparyň Maglumatnamasynda öz makalasyny çap edýär.

Emil Magtymowiç söhbetini dowam edýär: – Alymlaryň, binagärleriň, gurluşykçylaryň çykyşlaryny diňläp, men indi bir pikire: seýsmiki hasaplamalary anyklamazdan, seýsmologlaryň teklibini berjaý etmezden ýeke binany, ýeke desgany-da gurmagyň mümkin däldigine berk ynanýaryn. Dünýäniň dürli künjeklerinde ýüze çykýan hadysalar alymlaryň hasaplamalaryna, maslahatlaryna geleňsiz garamagyň neneňsi gynançly wakalara eltýändigini görkezýär.

Esenow 250-den köpräk ylmy makalalaryň awtory, şolaryň ýedisi monografiýa görnüşde Türkmenistanda, daşary ýurtlarda çapdan çykaryldy. Emil Magtymowiç ylmy mekdebi döretdi, onuň ýolbaşçylygynda teýgumlaryň berkligini öwreniji we seýsmiki howpy kiçi çäklere bölüji ýokary derejeli hünärmenleriň uly topary ösüp ýetişdi. Häzirki wagtda alym alty sany aspirantyň we iki sany doktorlyk derejesini almaga taýýarlanýanlaryň ylmy ýolbaşçysy.

Görnükli seýsmolog alym Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky dissertasiýalary goramak boýunça Ýörite geňeşiň, şeýle-de Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň alymlar geňeşiniň, gurluşygyň hili boýunça Pudagara toparyň agzasy. Ol önümçilige ornaşdyrylan ylmy-tehniki taslamalaryň kyrkdan gowragynyň awtory.

Emil Magtymowiç Esenow – türkmen seýsmologiýasynyň guwanjy. Bu zehinli alyma we hoşniýetli ynsana berk jan saglygyny, ýurdumyzyň ylmynyň şan-şöhratyny artdyrmakda täze ideýalary we oýlap tapyşlary arzuw edýäris.

Karim AZIZOW