Antonin Dworžagyň duýgular we saz dünýäsi: Aşgabatda çeh kompozitorynyň eserleri ýaňlandy

eye
295
Antonin Dworžagyň duýgular we saz dünýäsi: Aşgabatda çeh kompozitorynyň eserleri ýaňlandy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň kamera topary kafedrasynyň mugallymlary we talyplary şu ýyl 180 ýyllygy bellenýän, on dokuzynjy asyryň ikinji ýarymynda ýaşan görnükli çeh kompozitory Antonin Dworžaga bagyşlap 28-nji aprelde bu okuw jaýynyň Uly zalynda aýdym-saz agşamyny geçirdi.

Dworžak meşhur Lýudwig wan Bethoweniň we Rihard Wagneriň sazlarynyň muşdagy bolansoň, öz aýtmagyna görä otuz ýaşyna çenli «bu beýik nemesleriň jadysynyň» täsiri astynda saz döredipdir. 1871-nji ýylda Praganyň aýdym-saz neşiriniň baş redaktory onuň «Şa we kömürçi» operasynyň partiturasyna üns bermegi bilen ol slawýan äheňlerine geçýär. Neşirçi onuň operasynyň partiturasyny Iogannnes Bramsa görkezýär, şonda ol operanyň awtoryna ýeke jümleden ybarat çuňňur baha berýär: «Sazanda üçin hökmany gerekli zatlaryň ählisi - Dworžakda jemlenen».

Bu eseriň diňe bir sazşynaslar däl, eýsem, diňleýjiler tarapyndanam gowy garşylanmagy kompozitory halk sazlaryna ýakyn özboluşly eserleri döretmäge höweslendirýär. Şeýlelikde, morawiýanyň halk aýdymlarynyň sözlerine «Моrawiýa aýdyşyklarynyň» toplumy, «Agşam aýdymlary» we « Sygan aýdymlary» döreýär.

Bu aýdym-saz agşamy tenor Begenç Moşyýewiň « Sygan aýdymlarynyň» birnäçesini ýerine ýetirmeginden başlandy. Ol «Ýatlaýan», «Erkin sygan», «Tolgunmalar» we «Laçynym» diýen aýdymlary aýtdy. Halkara bäsleşiginiň sylagynyň eýesi we bu medeni çäräni guraýjy Stella Wladimirowna Faramazowa oňa fortepianoda sazandarlyk etdi.

Indiki çykyş eden Halkara bäsleşiginiň laureaty Jemal Agajanowa skripkada kompozitoryň «Slawýan tansynyň» sazyny çaldy.

Dworžagyň messo-soprano sesi üçin ýörite ýazan «Ave Maria» atly eserini Maýa Gullaýewa şirin labyzly ýerine ýetirdi.

Mundan soňra tomaşaçylar Merdan Çaryýewiň sazandarlygynda Dworžagyň skripka üçin döreden «Slawýan tansy» atly aýdymyny diňlediler.

Fleýtaçy Emir Baýramgeldiýew «Wäşiler» atly degişme äheňlerini çalansoň, saz muşdaklaryna öňden tanyş Aýbölek Muhyýewa sahna çykdy. Ol Halkara bäsleşiginiň sylagyny alan fortepianoçy Stella Faramazowa bilen bilelikde diňleýjilere çeh kompozitorynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna gezelençden soňra ýazan meşhur eserleriniň biri ─ dört bölekden ybarat Sonatinany çalyp berdi. Bu sazda afroamerikan sazynyň heňleri duýulýar.

Zehinli sazandalardan soňra fortepianonyň başyna Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow geçýär. Prezidentiň baýragynyň eýesi Bahar Durdyýewa bu ussadyň sazandarlyk etmeginde Dworžagyň operasyndan bir parçany aýdyp berdi. Tomaşaçylar bu aýdymçyny şohunly el çarpyşmalar bilen sahnadan ugratdylar.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow (fortepiano) we Bahram Dolyýew (skripka), Tahyr Ataýew (alt-skripka), Kakageldi Hojalekow (wiolonçel) dagylaryň ussatlyk bilen ýerine ýetiren 2-nji Kwarteti şu günki aýdym-saz agşamyny jemledi.

Medeni çäre tamamlanansoň Dworžagyň döredijiligi barada «Altyn Asyryň» habarçysynyň beren sowallaryna bu çykyşlary guraýjy Stella Wladimirowna Faramazowa şeýle jogap berdi:

  • Çeh milli saz mekdebini esaslandyryjy kompozitoryň eserleriniň köpüsi romantizm žanryna degişli. Dworžagyň öz döwürdeşleriniň hiç birine meňzemeýän özboluşly sazlarynda hem begenç hem gaýgy, hem bahar aýlarynyň keýpiňi göteriji ruhubelentligi, hem söýgi hesreti we milli äheňler duýulýar.

Stella Wladimirownanyň özi kompozitoryň eserleriniň içinde: suw perileriniň aýdymlarynyň, «Dört bölekden ybarat Sonatinanyň» we «Slawýan tanslarynyň» has-da göwnünden turýandygyny aýratyn nygtady. Ol bu medeni çärede şol eserleri ýerine ýetirdi.

Rоman ТЕPLÝAKOW

Suraty: Ýuriý ŞKURINIŇKI