Ï Türkmenistan – fragsuz dili boýunça birinji sebit olimpiadasynyň liderleriniň üçlüginde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan – fransuz dili boýunça birinji sebit olimpiadasynyň liderleriniň üçlüginde

view-icon 2321

Ýurdumyzyň dört wekili  fransuz dili boýunça sebit internet-oimpiadanyň sylaglaryna mynasyp boldy, şeýlelikde biziň ýygyndy toparymyz dil biliminden liderleriň üçlügine girdi. Birinji gezek geçirilýän bu olimpiadany Fransiýanyň Merkezi Aziýa döwletlerindäki ilçihanalarynyň goldaw bermeginde Fransuz medeni merkezi gurady. 

Bu bäsleşige Türkmenistandan, Gazagystandan, Özbegistandan,Gyrgyzystandan,  we Täjigistandan 350-den gowrak okuwçy gatnaşdy. Onda biziň ýurdumyzdan 24 adam   çykyş etdi. 

9-11-nji synp okuwçylarynyň özara bäsleşiginde paýtagtyň 2-nji orta mekdebiniň okuwçysy Şükürgeldi Myradow ýeňiş gazandy. Bu Şükürgeldiniň fransuz dilini gowy bilýänligi üçin şu ýylda gazanan ikinji üstünligidir. Mundan bir aý öň onuň «Meniň durmuşymdaky iň mähriban zenan» temasyndan ýazan düzmesi «Frankofoniýa-2021» bäsleşiginde iň gowy iş diýlip yglan edildi. 

Sebit olimpiadasynyň 1-8-nji synp okywçylarynyň arasyndaky bäsleşikde ikinji orny paýtagtyň halkara mekdebiniň okuwçysy Eneş Garryýewa eýeledi. Fransuz mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda baýrakly iki orna Bouygues kompaniýasynyň ýanyndaky mekdebiň okuwçylary Arseniý Petiýon (2-nji orun) we Ýewangelina Reşow (3-nji orun) mynasyp boldy. 

Olimpiada iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyr dürs ýazuwdan we okuwçylaryň grammatika dersinden bilim derejesini kesgitleýän diktantdan, şeýle-de testlerden –soraglara jogap bermekden ybarat. Bu ýumuşlar Fransiýanyň dürs ýazuw boýunça çempiony Giýom Terýen tarapyndan esaslandyrylan «Orthodidacte» merkezi bilen hyzmatdaşlykda taýýarlandy. 

Ikinji tapgyr – Merkezi Aziýa döwletiniň bäşisindäki  Fransuz medeni merkeziniň agzalarynyň geçiren söhbetdeşligidi. Olimpiadanyň eminleriniň hataryna şol merkezleriň wekilleri we Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky fransuz ilçihanalarynyň işgärleri bardy. Emin agzalarynyň karary bilen bäş ýurtdan gatnaşan bäsdeşleriň 7-si ýeňiji diýlip yglan edildi we 14-si bolsa sylaglara mynasyp görüldi. Olara diplomlar we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.  

Аnastasiýa KASÝANOWA