Ï Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-si THE Asia University Ranking 2024-iň sanawyna girdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-si THE Asia University Ranking 2024-iň sanawyna girdi

view-icon 4615
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-si THE Asia University Ranking 2024-iň sanawyna girdi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň 11-si Aziýa uniwersitetleriniň – Times Higher Education (THE) Asia University Ranking 2024 reýtingina «habarçy» derejesi bilen girdi.

Aziýa uniwersitetleriniň abraýly reýtinginiň sanawyna Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti girizildi.

Umuman, 2024-nji ýylyň reýting sanawyna 30-dan gowrak ýurtlardan Aziýa uniwersitetleriniň 1127-si girizildi.

Asia University Ranking uniwersitetleriň okatmak, ylmy barlaglary alyp barmak, bilimleri geçirmek, halkara derejesindäki mümkinçilikler ýaly esasy wezipeleri beýan edýän netijeliligiň görkezijileriniň 18-siniň esasynda THE britan guramasynyň halkara bilermenleri tarapyndan her ýylda düzülýär. Ýokary okuw mekdeplerine çuňňur we toplumlaýyn baha berilmegi reýtingi düzüjilere netijede has doly we sazlaşykly çözgütleri üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň meşhur reýtingleriniň sanawynda orunlary yzygiderli eýeläp, uniwersitetleriň dürli ugurlar boýunça netijeliligini ýüze çykarýarlar. Şeýle netijeler ähli ulgamlarda türkmen ýokary okuw mekdepleriniň alyp barýan işleriniň üstünliklidigini görkezýär, olaryň kämillige we ösüşe, mümkinçiliklerini giňeltmäge bolan hemişelik ymtylmalaryna şaýatlyk edýär, şeýle hem ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hataryna goşulmagy boýunça milli bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň birini çözmäge ýardam edýär.