Ï Şahsy bäsleşikde 19, toparlaýyn bäsleşikde 3 ýeňiş, bu – Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYÖU) ilkinji gezek geçiren matematika halkara onlaýn olimpiadasynda türkmen talyplarynyň görkezen netijesi şeýle boldy.
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tükmenistanyň talyplar ýygyndy topary – matematika boýunça onlaýn halkara olimpiadanyň ýeňijisi

view-icon 3899

Şahsy bäsleşikde 19, toparlaýyn bäsleşikde 3 ýeňiş, bu – Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň (HYÖU) ilkinji gezek geçiren matematika halkara onlaýn olimpiadasynda türkmen talyplarynyň görkezen netijesi şeýle boldy.

Maý aýynyň 5-inden 8-i aralygynda iňlis dilinde geçen bu olimpiada şahsy we toparlaýyn bäsleşiklere 17 ýurduň: Russiýanyň, Ukrainanyň, Ermenistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Eýranyň, Argentinanyň, Rumyniýanyň, Polşanyň, Bolgariýanyň, Estoniýanyň, Gresiýanyň, Indoneziýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň, Türkiýäniň ýokary okuw jaýlarynyň 84-sinden talyplaryň 600-e golaýy gatnaşdy.

Ýurduň 17 ýokary okuw jaýyndan gatnaşan 205 talypdan ybarat türkmen zehinliler ýygyndy topary üç derejeli diplomyň 121-sine mynasyp bolup, ýaryşda absolýut öňdeligi eýeledi.

Ýaryşy guran ýokary mekdebiň talyplary şahsy hasapda birinji orunlaryň 6-syna eýe boldular. Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary has ýokary netije görkezdiler. Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň we Türkmen oba hojalyk institutynyň her biri birinji ýeriň ikisini eýeledi. Ýene dört ýeňiş S. Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna, Türkmenistanyň döwlet energetika institutyna, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna we DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutyna degişlidir.

Toparlaýyn ýaryşda TDU-nyň topary 2, HYÖU-nyň topary bolsa bir ýeňiş gazandy.

Şahsy hasapda 27 ikinji, 67 üçünji orny ýokarda ady agzalan ýokary okuw jaýlarynyň talyplary, şeýle hem Halkara nebit-gaz uniwersitetiniň, Telekommunikasiýa we informatika institutynyň, Harby institutyň, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Oba hojalyk uniwersitetiniň, Ykdysadyýet we dolandyryş döwlet institutynyň, Maliýe institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň, Bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary gazandylar.

Toparlaýyn hasapda bir ikinji ýere guramaçy okuw jaýy, 4 sany üçünji orna bolsa Energetika döwlet institutynyň, S. Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň, Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary mynasyp boldular. 

Olimpiada daşary ýurtdan gatnaşanlaryň arasynda şahsy ýaryşda 27 ýeňiji we 91 baýrak eýeleri, şeýle hem toparlaýyn ýaryşyň netijeleri boýunça 5 ýeňiji we 15 baýrak eýeleri tapawutlandylar.

 Anastasiýa KASÝANOWA