2021-nji ýylyň 9-njy maýynda Russiýada ady rowaýada öwrülen rus prawoslaw buthanasynyň keramtly diýip yglan eden şahsyýeti – Aleksandr Newskiniň doglan gününiň 800 ýyllygyna bagyşlanan resmi çäreler başlandy.
Aşgabatda XIX asyryň ahyrlarynda Aleksandr Newskiniň adyny göterýän ybadathana gurulýar. Ol 1948-nji ýylyň ýer yranmasynda ýykylman galan juda az sanly binalaryň biri. Bu ybadat öýi hakda aşgabatly rus ýazyjysy, «Камертон» atly edebi we taryhy žurnalyň awtorlarynyň biri Nikolaý Alekseýewiç Golowkin şeýle gürrüň berýär:
– Ybadathananyň taryhy şäheriň düýbi tutulandan bir ýyl soňra başlanýar. Ol Kubanyň kazaklary goşunynyň 1-nji Taman polkunyň ýöriş ybadathanasy hökmünde 1882-nji ýylda gurulýar. Şol polkuň esgerleri Zakaspiý oblastynyň täze döredilen paýtagtynyň harby bölüminiň esasyny düzüpdir. Aşgabadyň ilkinji köçeleriniň birine Taman polkunyň ady dakylýar. Ol häzirki Görogly köçesiniň günbatar bölegidir.
Aşgabat döredilende polkuň ýerleşýän künjegi şäheriň çägine girmändir we Köşi obasyna degişli ekeni. 350 adama niýetlenen ybadathana Zakaspiý oblastynyň naçalnigi general Alekseý Nikolaýewiç Kuropatkiniň buýrugyna laýyklykda bişen kerpiçden polkuň ykdysady maýasynyň –5305 rus rubly möçberdäki pulunyň we Baş inženerçilik müdiriliginiň hasabyna dikeldilipdir. Arhiw resminamalarynyň şaýatlyk etmegine görä, binanyň gurluşygynyň jemi çykdajysy 14740 rubla barabar bolupdyr.
Rokoko stilinde lipa agajyndan ýasalan ikonalar asylan ýuka diwarly ybadathana gelýänleriň bada-bat ünsüni özüne çekipdir. Dini ikonalar-ylahy şekillendiriş nusgalary Twer guberniýasynyň Toržok şäherinde ýaşaýan senetgär A. I. Kuklinden 1000 rus rublyna satyn alnypdyr. Arhiw maglumatlaryna görä, şol wagtlar Pawel Wasilýewiç Uspenskiý bu ybadathananyň ruhanysy eken. Ybadathananyň şol döwürdäki daşky görnüşi F.I. Sorokinanyň neşirýatynyň poçta otkrytkalarynda we XX asyryň başyndaky fotosuratlarda şekillendirilipdir.
1918-nji ýylda ybadathana ýapylýar, soňra ony harby şäherjigiň içinde ammar hökmünde ulanýarlar. Ybadat öýüniň täze taryhy 1989-njy ýyldan, ýagny, ol dindarlara gaýtarylyp berlensoň başlanýar. Ony protoiýereý Aleksiý Bulanuşkin kabul edip alýar. Ybadathanany dikeltmek üçin ony düýpli abatlamak zerurdy: jaýyň üçeginden suw geçip, onuň içini öl-myžžyk zaýalanýardy, iki gapysy açylmaz ýaly petiklenipdi, diwarlarynyň suwaglary dökülipdi, ikonalardan abat galany ýokdy.
Ybadathananyň jaňlary we iki gümmezi bireýýäm weýran bolupdy.
1990-njy ýyldan 2000-nji ýyla çenli döwürde ybadathanada protoiýereý Pýotr Kopaç ruhany boldy. Onuň ýolbaşçylygynda bina bütinleý gaýtadan dikeldildi: üstüne gümmezler galdyryldy, jaňhana guruldy, üçegi birkemsiz bejerildi, diwarlarynyň ýüzüne täzeden suwag çekildi, ikonalary asyp goýar ýaly kerpiçden diwar örüldi. Aýratyn bellenmeli delil, ybadathananyň ylahy jemagaty täzeden döredi. 1993-nji ýylyň noýabrynda Daşkendiň we Orta Aziýanyň arhiýepiskopy Wladimir tarapyndan hristian dininiň kreşşeniýe dessury berjaý edilip, köne ybadathana täzeden resmi taýdan işläp başlady.
Aşgabatdaky hristian ybadathanasynyň aýratyn hormat goýulýan mukaddesliklerine şular degişlidir: Isa pygamberiň daragtynyň bölejigi, Poçaý lawrasyndan getirilen Bibi Merýemiň keramatly ikonalarynyň sanawy, ýagşyzadalar Nikolaý Çudotworyň we Luki Krymlynyň, Beýik Antoniniň we Kukşi Odessalynyň, Kiýew-Peçor lawrasynyň hezreti-atalarynyň, mukaddes Anna Nowgorodlynyň keramatly nyşanlary.
Ybadathananyň adyny göterýän Aleksandr Newskiniň hatyrasy bellenýän günlerde: 12-nji sentýabrda we 6-njy dekabrda bu ýere has-da köp jemagat ýygnanýar we dabaraly dini däp-dessurlary ýerine ýetirilýär.
Suraty düşüren: Wýaçeslaw SARKISÝAN