Ï Вoris Leonidowiç Smirnowy ýatlap. Neýrohirurg we «Маhabharatanyň» terjimeçisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Вoris Leonidowiç Smirnowy ýatlap. Neýrohirurg we «Маhabharatanyň» terjimeçisi

view-icon 6367

Geçen asyryň ortalarynda Aşgabadyň kitap dükanlarynda örän seýrek duş gelýan täze kitaplar - gadymy hindi gahrymançylyk eposy «Маhabharatynyň» bölekleri peýda boldy. Bu kitaplar şol wagtlarda iň gymmatly sowgat hasaplanýardy. Neşiriň sözbaşysynda ony gadymy sanskrit dilinden Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi B.L. Smirnowyň terjime edenligi aýdylýardy. Köp maglumatlardan bihabar okyjylar üçin bu kitabyň daşky sahabynda görkezilen terjimeçiniň ady we familiýasy hiç zat aňlatmaýardy. Diňe az sanlyja adamlar gadymy eposyň terjimesini, bu esere degişli bellikleri we düşündirişli sözlügi dilçi filologyň, Gündogary öwreniji alymyň däl-de, medisinanyň professory, tanymal neýrohirurg Boris Leonidowiç Smirnowyň ýerine ýetirendigini bilýärdiler.

Boris Leonidowiç hakda ýazmak – örän gyzykly, şol bir wagtda-da örän kyn. Çünki bu ajaýyp adamyň ykbalynda biri-birinden aýrylmajak derejede sepleşen iki sany biri-birinden düýpli tapawutly kärleriň haýsy birinden başlajagyňy bilmän alada galýarsyň.

«Маhabharatanyň» geljekki terjimeçiniň kakasy Çernigowda oba lukmany bolup işleýärdi. Onuň dört oglynyň ikisi eýýäm ata kesbini ýöredýärdi. Lukmanyň Kiýewdäki gimnaziýany altyn medal bilen tamamlan üçünji ogly Boris hem maşgala ýörelgesine baş goşmagyň kararyna gelipdi. Giriş synaglaryny üstünlikli tabşyransoň ol Sankt-Peterburgyň Harby-Medisina Akademiýasynyň talyby bolýar.

On ýedi ýaşly talybyň eline sanskrit diliniň sözlüginiň nädip düşenini anyk aýtmak çetin. Käbir gürrüňlere görä, ol bu kitaby Peterburgyň wokzalynda tötänlikde tapypdyr, beýlekileri ony talyp Kiýewiň kitap dükanyndan satyn alypdyr diýýärler. Başga bir gürrüňlere ynansaň weli, oňa bu sözlügi uly agasy sowgat beripdir. Dogany 1917-nji ýylyň oktýabr döwlet agdarylyşygyndan soň ony ujypsyzja petir çörek böleklerine çalşypdyr.

Edil jahankeşdeleri heniz açylmadyk ýurtlaryň ýa-da barylmadyk adalaryň özüne maýyl edişi dek, Borisi çagalygyndan täzelikler, nätanyş, nämälim, geň-enaýy wakalar gyzyklandyrýardy. Boris Smirnow üçin daşary ýurt dilleri-de şol açylmadyk syrly adalara meňzeýärdi. Dogry, ol eýýäm polýak, nemes, iňlis, fransuz, latyn dillerini bilýärdi. Ol soňra: italýan, ispan, türkmen, türk dilleriniň käbir şiwelerini we gadymy ýewreý dilini kemsiz öwrenýär. Elbetde, munça köp daşary ýurt dillerinden kämil baş çykarmak heniz öňdedi. Häzirlikçe weli talyp ýigit sanskrit dilini öwrenmäge durky bilen berlipdi. Bu diliň rowaýatlardaky ýaly baýlygyna we köpdürlüdigine haýranlar galýardy.

Boris Leonidowiç Smirnow 1935-nji ýylda Aşgabada göçüp gelýär. Bu çola, gök baglyga bürenip oturan şäher, onuň açyk göwünli ilaty lukman ýigidiň göwnünden turýar.

Ol Aşgabatda Newrologiýa we fizioterapiýa ylmy-barlag institutynyň ylmy işgäri wezipesinde işläp başlaýar. Lukman bu ýerde hemişelik galýar we onuň döredijiliginiň gülläp ösen döwri türkmen paýtagtynda geçýär. Boris Leonidowiç SSSR-de ilkinji bolup Aşgabadyň hassahanasynda adamyň bil oňurgasynda örän çylşyrymly operasiýany amala aşyrýar.

Beýik Watançylyk urşunda ol Aşgabada ugradylan ýaraly esgerleriň saglygyny dikeltmäge gatnaşýar. Eli ýeňil lukman bu ýerde ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesini alýar, akademiklige saýlanýar, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň baş neýrohirurgy wezipesinde işleýär.

1944-nji ýylda Kiýewiň lukmanlary kämilleşdiriş institutynyň neýrohirurgiýa kafedrasynyň müdirligini hödürlänlerinde ol bu köp tarapdan bähbitli teklipden ýüz öwürýär we Aşgabatda işlemegini dowam edýär.

«Маhabharatanyň» birinji kitabynyň terjimesine Boris Leonidowiç ömrüniň ýigrimi üç ýylyny bagyşlaýar. Ol deslapdan bu gahrymançylykly eposyň sözme-söz terjimesini däl-de, edebi-çeper kybaplygyny tapmagy ýüregine düwýär. Sanskrit – dünýädäki iň çylyşyrymly dilleriň biri. Onuň elipbiýi 48 sany sesden ybarat. Dogry, «Маhabharata» köplenç iňlis we nemes dillerindäki terjimesinden beýleki dillere geçirilerdi. Smirnow ony asyl nusgasyndan terjime etmegi ýüregine düwýär. Şeýlelikde, lukman-terjimeçi irmän-arman «Маhabharatanyň» on sekiz kitabynyň onusyny rus diline geçirýär. Bu eposyň esasy şahalarynyň şolardygyny bellemek hökmandyr. Bu sanawda «Bhagawadgita» aýratyn ähmiýete eýedir. Ol häzirkizaman hindi filosofiýa mekdepleriniň hemmesi tarapyndan üns berlip öwrenilýän kitapdyr. Boris Leonidowiç şol kitaplaryň her biriniň tekstlerine teswirnamalary we düşündiriş sözlüklerini hem ýazdy. Häzirki güne çenli Boris Leonidowiç Smirnowyň «Маhabharatasy» taýsyz terjime hasaplanýar.

Оnuň gujur-gaýraty barada şeýle bir wakany mysal getirýärler. 1948-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 6-na geçilen pajygaly gijede zemin gobsunyp, sarsgynyň aýylganç güwwüldisi eşidilende Boris Leonidowiç öz endigine görä «Маhabharatanyň» terjimesine dümtünip oturan eken. Birdenem tutuş şäher sarsyp, ony tüm garaňkylyk büreýär. Boris Leonidowiç öz jaýynyň üstüne ýykylan diwarynyň aşagynda galýar. Ony gazyp almakçy bolanlarynda ol garaňkynyň içinde: «Men entek dem alyp bilýän, aýalyma kömek ediň!» - diýip kömege gelenlerden haýyş edýär.

Ýerden ýokary çykarylan dessine-de hassahana eňýär. O ýere eýýäm ýaralylary eltip ugrapdylar. Golaýdaky ýykylyp, weýran bolan jaýlaryň biriniň gapysy hassalaryň operasiýa edilýän stoly bolup hyzmat edýär.

Diňe ikinji gün diýlende professor öýüne gaýdyp barýar. Görse, onuň jaýyndan diňe harabalyk, hemem kerpiçlerden dörän depejik galypdyr. Ol eline pil alyp harabalygy dörüp, kesekleri bir ýana agdaryp ugraýar. Soňra ýene üç günläp arasyny üzmän Aşgabadyň merkezi meýdançasynda gurlan çadyr hassahanada bu ýere getirilen ýaralylary bejerýär. Tebigy betbagtçylykda «Маhabharatanyň» golýazmasynyň köp bölegi kesek astynda galýar. Boris Leonidowiç arman-irmän olary gaýtadan terjime edýär.

Ömrüniň ahyrynda Boris Leonidowiç SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edildi. Bu onuň diňe bir lukmançylykda däl, eýsem edebiýat meýdanynda-da kämillige ýetendigini resmi taýdan ykrar edildigidi. Akademik geň galaýmaly derejede gaty seýrek duş gelýän lukmanyň zehini bilen alym-filologyň zehinini utgaşdyrmagy başarypdy. Eýsem, bu juda kyn iki adamlyk işi nädip onuň ýeke özi başardyka? Oýlanyp otursaň, bu ýerde geň galara zat ýok. Ol polat ýaly üýtgewsiz kada: „Başlan işiňi taşlama!“ diýen pähime eýermegi çagalygyndan öwrenipdi. «Heniz ýüregiň urýarka oka, bil we işle!» diýlen ýörelge onuň gündelik durmuşynyň kanunydy.

Boris Leonidowiç 1967-nji ýylda aradan çykýar. Ol Aşgabadyň şäher gonamçylygynda jaýlanýar. Lukman-terjimeçiniň mazardaşynyň ýüzüne «Маhabharata» eposyndan alnan: «Hakykatdan ýokarda kanun ýok» diýen gadymy hindi pähimi ýazylýar.

Wladimir ZAREMBO