Ï Türkmen talyplarynyň arasynda iňlis diline ökdeler belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplarynyň arasynda iňlis diline ökdeler belli boldy

view-icon 6748
Türkmen talyplarynyň arasynda  iňlis diline  ökdeler belli boldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlanyp internet arkaly geçiren iňlis dili boýunça olimpiadasynyň netijesinde  2 ýeňiji we   baýrak eýeleriniň 5-si belli boldy.   

Olimpiadanyň şertine görä, oňa her ýokary okuw jaýyndan bäş talyp gatnaşdy. Şeýlelikde,  ýurdumyzyň  ýokary okuw jaýlarynyň 18-sinden talyplaryň 90-sy güýç synanyşdy. 

Olimpiadanyň baş baýragyny Halkara nebit-gaz uniwersitetiniň talyby Selbi Şamedowa  eýeledi. 

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplaryndan Banu Abdyrasulowa 1-nji, Arazgül Ýagşygeldiýewa 2-nji we Meýlismyrat Durdyýew 3-nji orna mynasyp boldular.  

Türkmen Döwlet energerika institutynyň (Mary şäheri) talyplary baýrakly orunlarryň üçüsini eýelediler. Ikinji ýer Akmyrat Akmyradowa berildi, üçünji ýeri bolsa Leýli Gurbandurdyýewa we Aimal Saidi Allahýar ikisi eýeledi.  

Olimpiadanyň ýumuşlary oňa gatnaşanlaryň okamak endiklerini, gepleşik we ýazuw dilini, şeýle hem iňlis diliniň grammatikasyny bilşini barlamaga mümkinçilik berdi. Barlaglaryň ýumuşlary talyplaryň üç ugur: ynsanperwer, tehniki we takyk ylymlar boýunça ýöriteleşýän ugurlaryna  görä taýynlanypdy. Synag tabşyryklarynda türkmen halkynyň  taryhyna hem-de häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine  degişli  sowallaryň jogaplary teswirlendi.

Anastasiýa KASÝANOWA