Türkmen ýokary okuw jaýy rus dilini öwrenmegiň jähetlerine bagyşlanan foruma gatnaşdy

eye
1346
Türkmen ýokary okuw jaýy rus dilini öwrenmegiň jähetlerine bagyşlanan foruma gatnaşdy

27-nji maýda Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) konsullygynyň goldawy bilen Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň (Türkmenabat şäheri) talyplary slawýan ýazuwynyň we medeniýetiniň gününe gabatlap geçirilen «Rus diliniň kognitiw, kommunikatiw we didaktik jähetleri» atly daşary ýurtly talyplaryň III ylmy-amaly maslahatyna gatnaşdylar.  

Bu onlaýn maslahatyň guramaçysy bolup Wolgogradyň Döwlet sosial-pedagogika uniwersiteti çykyş etdi. Maslahat Azerbaýjanly, Germaniýaly, Hytaýly, Täjigistanly, Türkmenistanly, Türkiýeli we Özbegistanly 95 talyby bir ýere jemledi. 

Maslahata gatnaşanlar rus diliniň Ýewroaziýa giňişliginde öz ornuny saklamagyna bagyşlanan bu çäräniň wajyplygyny bellediler we gepleşigi dowam etdirmek üçin ýene bir ýyldan WDSPU meýdançasynda duşuşmagy arzuw etdiler. Bu maslahat jemlenen tejribäni paýlaşmaga mümkinçilik döreder, derňewiň serhetlerini giňelder we bilim pudagyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam eder.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bilen Wolgogradyň Döwlet sosial-pedagogika uniwersitetiniň arasyndaky özara gatnaşyk 2019-njy ýylda gol çekişilen Hyzmatdaşlyk baradaky memoranduma laýyklykda üstünlikli ösýär.