Ï Kazanda geçiriljek türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara teatr festiwalynda türkmenistanlylara garaşýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kazanda geçiriljek türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara teatr festiwalynda türkmenistanlylara garaşýarlar

view-icon 2767

6-njy iýundan 11-nji iýun aralygynda Kazanda türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara teatr festiwaly geçiriler. Onda Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Täjigistandan, şeýle hem Russiýanyň milli respublikalaryndan teatrlaryň 28-si çykyş eder – diýip kazan.aif.ru habar berýär.

«Festiwalyň şu ýyl Tatarystan Respublikasynda Prezident Rustam Minnihanowyň yglan eden Ene diller we milli agzybirlik ýylynda geçirilmegi bilen tapawutlanýar. Türki halklaryň «Nauruz» XV Halkara teatr festiwaly biziň köklerimize ýüzlenmäge mümkinçilik berýär, ol türki halklaryň tutuş teatr bileleşigi üçin wajyp umumy ýörelgeleriň, gymmatlyklaryň gözlegidir» - diýip Tatarystan Respublikasynyň medeniýet ministri Irada Aýupowa nygtady.

Gözden geçirilişe 500-e golaý adam gatnaşar diýlip çak edilýär. Spektakllar Kamal, «Ekiýat», Tançurin we Kariýew teatrlarynda, şeýle hem Kaban kölüniň kenarynda görkeziler.

Festiwal 2009-njy ýyldan bäri iki ýyldan bir gezek geçirilýär, onuň çäklerinde aktýorlyk we režisýorlyk ussatlygy boýunça ussatlar-sapaklary, dürli seminarlar hem-de duşuşyklar geçirilýär.

Taýýarlan: Janmämmet Gulamow