Ï Ýekaterina Begenjewa tansa çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýekaterina Begenjewa tansa çagyrýar

view-icon 2181
Ýekaterina Begenjewa tansa çagyrýar
Ýekaterina Begenjewa tansa çagyrýar
Ýekaterina Begenjewa tansa çagyrýar
Ýekaterina Begenjewa tansa çagyrýar
Ýekaterina Begenjewa tansa çagyrýar
Ýekaterina Begenjewa tansa çagyrýar
Ýekaterina Begenjewa tansa çagyrýar
Ýekaterina Begenjewa tansa çagyrýar

Horeograf Ýekaterina Begenjewanyň tans toparynyň agzalary «Watan» kinokonsert zalynyň sahnasynda tansda küşt döwüni oýnadylar. Netijede oýun ak toparyň ýeňşi bilen tamamlandy, bu bolsa ýagşynyň ýamandan rüstemdigini tassyklaýar.

Ol «Ýekaterina Begenjewanyň benefisi» tans tomaşasynyň çykyşlaryndan iň güýçlüsi we has döredijiliklisi boldy, çagalaryň bu ýere gelen ata-eneleridir baba-mamalary, dost-ýarlarydyr joralary zaly doldurdylar. Munuň hem sebäbi tans tomaşasyna horeograflaryň 9-synyň ýolbaşçylygyndaky 18 topardan dürli ýaşly çagalaryň 220-si gatnaşdy.

Joşgunly sazlar, owadan lybaslar, tans hereketleriň sazlaşygy şadyýan tans baýramçylyk rurhubelentligini döretdi, baba-mamalary bolsa «ýigdeltdi», tomaşa syn etmäge gelen çagalarda hem häzirkizaman tanslaryny öwrenmäge islegi oýardy.

Tomaşa gatnaşanlar bolsa çykyşlaryndan has gowy lezzet aldylar. 3 ýaşdan 18 ýaş aralygyndaky çagalaryň köpüsi ilkinji gezek hakyky sahna çykanyna begendiler.

Ýekaterina Begenjewanyň aýtmagyna görä, çagalar häzirkizaman hem-de milli tanslara uly isleg bildirýärler. Şonuň üçin hem tans toparlarynda hökmany suratda dünýä halklarynyň meşhur, ilkinji nobatda bolsa türkmen tanslary öwredilýär.

Ýaş nesliň medeni we beden taýdan ösüşine uly üns berýän döwlet Baştutanymyzyň aladasy bilen horeograflarda myhmanlary – tans kompozisiýalaryny düzmäge üýtgeşik garaýyşly beýleki tans toparlarynyň ýolbaşçylaryny çagyryp, şeýle tomaşalary guramaga mümkinçilik döredi. Çykyşlardan Wiktoriýa Strelsowanyň toparynyň «Мulen-ruş» horeografiýasy we Artur Lotfulliniň toparynyň «Toxic» çykyşy hemmeleriň göwnünden turdy.

Tans toparlarynyň şowly çykyşy belki, tansa höwesjeňleriň köpelmegine sebäp bolar, biz hem ýaşlara bu ajaýyp sungaty öwretmekde tagallamyzy gaýgyrmarys.

Tamara Glazunowa
Surata düşüren: Alekseý Gimaletdinow