Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullygy akademiýasynda “Sanly dolandyryş” hünäri boýunça 2020 – 2021-nji okuw ýylynyň ilkinji uçurym toparyna magistr diplomynyň gowşurylmagyna bagyşlanan dabaraly ýygnak bolup geçdi. Bolon ulgamynyň arzyly diplomyna okuw ýylynda 12 sany ýörite we umumy okuw dersini özleşdirip, önümçilik tejribeligini geçen, döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran we saýlan temalary boýunça ylmy-barlag işini goran 13 magistrant eýe boldy.
Okuw magister toparynyň uçurymlarynyň düzüminde Bilim ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň, “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň, şeýle hem ýurduň birnäçe täjirçilik we işewür düzüminiň Türkmenistanyň, Russiýanyň, Ukrainanyň, Belorussiýanyň we Hytaýyň ýokary okuw jaýlarynda “spesialitet” we “bakalawrit” derejeli ýokary bilim alan wekilleri bar.
Bu okuw maksatnamasy Türkmenistanyň ýurduň uzak möhletli ykdysady ösüşine we ähli pudaklarda ýokary öndürijilik gazanmagyna ýardam edýän giň mümkinçilikler döretjek sanlylaşdyrma pudagynda strategik ösüşiniň esasy wektorlaryna laýyklykda işlenip düzülipdi.
“Sanly dolandyrma” okuw magister maksatnamasy işlenip düzülende, Ýewropanyň, GDA-nyň, Merkezi Aziýanyň öňdebaryjy ýurtlarynyň tejribelerinden peýdalanyldy.
“Sanly dolandyryş” magister okuwynyň esasy maksady maglumat-atagatnaşyk tehnologiýasy pudagynda ykdysadyýetiň döwlet we döwlete degişli däl sektorlarynyň edaradyr kärhanalary üçin elektron resminama dolandyryş ulgamyny we san platformalaryny girizýän ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boldy.
Microsoft, China Mobile, IBM ýaly esasy MT şereketleriniň gelen netijesine görä, şu günki günde dünýä zähmet bazarynda hünärleriň 78% başlangyç san endiklerini talap edýär, dünýä şereketleriniň 44% golaýynyň bolsa sanly ösüş strategiýasy bar. Milli ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak üçin, köp sanly ökde hünärli biznes-derňeýjiler, maliýe dolandyryjylary, taslama ýolbaşçylary, elektron söwda boýunça hünärmenler, HR hünärmenler gerek bolar.
Häzirki wagtda biziň ýurdumyz sanly ulgama geçişi başdan geçirýär, bu bolsa häzirki zaman dünýäsinde ýerli kärhanalaryň netijeliligini we bäsleşige ukybyny ösdürmek üçin, innowasion tehnologiýalary ulanmagy aňladýar. Munuň saýasynda sanly senagatda, oba hojalygynda, ulag-logistik toplumynda, şäher gurluşyk infrastrukturasynda, sport we beýleki pudaklarda, şeýle hem bank işinde we söwdada onlaýn hyzmatlar pudagynda hakyky üýtgeşmeler bolup geçdi. Iri üýtgeşmeler ykdysadyýetiň ähli pudagyny öz içine almak bilen, owaldan bar bolan biznes modelleriniň üýtgemegine alyp bardy.
Döwlet gullugy akademiýasynyň Ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň dosenti, ykdysadyýet ylymlarynyň kandidaty Akjemal Burunowa “Sanly dolandyryş” magister maksatnamasynyň toplumlaýyndygyny, pudagaradygyny we dersaradygyny belledi. Ol uzagara we elektron okuwyň tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagyny göz öňünde tutýan “Elektron hökümetiň tehnologiýasy”, “Maglumat jemgyýetini dolandyryş”, “Üýtgeşmeleri dolandyryş”, “Bank we maliýe sektoryny dolandyryş” ýaly dersleriň öwrenilmegini öz içine alýar”.
“Sanlylaşdyrma bu meseleleri täzeçe çözmek üçin, sanly usullary ulanmakdyr, bu gurluşyň binýadyny bolsa Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýetiň ösüş Konsepsiýasy goýdy”, – diýip, sanly dolandyryşyň magistri Aýna Nurmyradowa hasap edýär. Ol “Sanly dolandyryş” magisterlik maksatnamasynyň milli konsepsiýanyň esasy düzgünleri bilen düşündirilýändigini nygtady. Beýle diýmek kadrlary we olaryň ygtyýarlyklaryny taýýarlamak, sanly infrastruktura, sanly howpsuzlygy üpjün etmek, ýerli sanly tehnologiýany we emeli aňy ösdürmek, şeýle hem normalaýjy hukuk esaslaryny öwrenmek diýmekdir.
Şeýlelikde, sanly ykdysadyýete geçmeklik maýagoýum işjeňligini ösdürmäge, döwleti dolandyrmagyň öňdebaryjy usullarynyň girizilmegine we täze iş ýerleriniň döredilmegine, sanly tehnologiýany ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň netijeliligini artdyrmaga ýardam eder.
Sözümiziň ahyrynda Döwlet gullugy akademiýasynyň has ýakyn wagtda ýerine ýetirilmeli meýilnamalarynda Ýewropa Birliginiň “Türkmenistanyň döwlet gullukçylarynyň mümkinçiligini artdyrmaga goldaw” atly bilelikdäki taslamasynyň gatnaşmagynda işlenip düzülen “Döwleti dolandyryş” hünäri boýunça ikiýyllyk okuw maksatnamasyny işe girizmekdigini bellemek islärdirm.
Hajymyrat Pirmuhammedow,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullygy akademiýasynyň
ykdysadyýet we maliýe kafedrasynyň uly mugallymy