Ï Mahmyt Kaşgarynyň ensiklopediýasy türk medeniýetiniň ýadygärligidir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mahmyt Kaşgarynyň ensiklopediýasy türk medeniýetiniň ýadygärligidir

view-icon 6154

Ýaňy-ýakynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň Bilim Ministrligi tarapyndan guralan “Mahmyt Kaşgary Gündogaryň ylym älemindäki ýyldyzdyr” atly ylmy-amaly maslahat bolup geçdi.

Çykyş edenleriň ählisi, şol sanda TMDDI-niň uly mugallymy, dil bilimleri ylymlarynyň doktory Amanmyrat Baýmyradow, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli institutynyň institutynyň uly ylmy işgäri, dil bilimleri ylymlarynyň kandidaty Rahman Ilmämmedow, Magtymguly adyndaky TDU-nyň kafedra müdiri, dil bilimleri ylymlarynyň kandidaty Begmyrat Weýisow we beýlekiler Mahmyt Kaşgarynyň esasy ylma bir hyzmatynyň “Türk dilleriniň sözlügini” (Diwan lugat-at-turk) döretmegidigini bellediler.

Bu hemmetaraplaýyn iş ylmyň deňeşdirme-taryhy dil bilimi, leksikografiýa, antropoligik we areal dil bilimi ýaly pudaklaryny öz içine alýar. Türki taýpalaryň şiwe aýratynlyklarynyň olaryň geografik ýaşan ýerleri bilen özara baglanyşygyny, şeýle hem olaryň dil meňzeşligini ýüze çykarmagy alymyň uly hyzmatydyr.

Mahmyt Kaşgarynyň meşhur kitaby giň taryhy-medeni, etnogtrafik, lingwistik materillaryň ýygnalyp, umumylaşdyrylan ensiklopediýasydyr. Aslynda, bu ir döwrüň dialektloglogiýasynyň biziň günlerimize gelip ýeten ýke-täk nusgasydyr.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplar kollektiwinde ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi geljekki dilçileriň Merkezi Aziýa sebitindäki halklaryň hünärmenler üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatly agzeki-şygyrýet döredijiliginiň tekstine täzeden ýüzlenmegine goşmaça itergi boldy.

“AA”-nyň habarçysy