Ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň wekilleriniň toplumlaýyn şäher gurluşygy maksatnamasyna gatnaşmak däbi barha giň gerim almak bilen, aktual häsiýetlidir. Ýaş hünärmenleriň iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň çekilmeginiň, olaryň täze pikirleriniň we garaýyşlarynyň iş ýüzünde ulanylmagynyň zerurlygyny döwlet ýolbaşçymyz hemişe nygtap gelýär.
Paýtagtyň gurluşygy we abadanlaşdyrylmasy boýunça alnyp barylýan işleriň çäginde pudaklaýyn ýokary okuw jaýlarynyň wekilleriniň dykgaty ýol-ulag infrastrukturasynyň bezeg elementlerini işläp düzmek boýunça taslamalarda jemlenýär. Meselem, Bitarap Türkmenistan, S. Türkmenbaşy, N. Andalyp we Bekrewe köçesiniň Arçabil şaýoly bilen, şeýle hem Köpetdag şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň çatrygyndaky köprüleriň mozaika bilen bezelmegidir.
Bu işe gatnaşýanlaryň biri Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutydyr. Bu ugurda ýoj-uň talyplary mozaika örtügi üçin tematik eskizleriň onlarça nusgasyny taýýarladylar. Eskizleriň mazmuny şol ýeriň gözelligini beýan edýär. Olarda ýakyndaky binalar, desgalar, ýadygärlikler, seýilgäh ansambllary şekillendirilipdir. Muňa gadymy binägärlik ýadygärlikleri-de giripdir. Bu ýordumly arabaglanyşyk milli jaý salmak däpleriniň häzirki zaman şäher gurluşygynyň öňdebaryjy tejribeleri bilen düýpli utgaşýandygyny görkezýär.
Talyp eskizlerinde ýurdumyzyň tebigy baýlyklary we gözel ýerleri-de öz beýanyny tapypdyrlar. Olarda türkmenleriň gadym döwürden bäri wepaly we ygtybarly kömekçileri – ýyndam ahalteke bedewleri, gaýduwsyz türkmen alabaýlary, çydamly hem buýsançly çöl gämileri – düýeler şekillendirilipdir.
Nusgalaryň mazmuny halkyň medeni däpleri tematikasynyň üstüni doly ýetirýär. Muňa simwolikasyna türkmenleriň çuňňur many ornaşdyrýan milli haly nagyşlarydyr gölleri-de girizilipdir. Türkmen haly nagyşlarynyň dili halkyň medeniýeti, durmuşy we däp-dessury barada iň baý taryhdyr.
Häzirki wagtda köprüleriň mozaika bilen bezegi üçin talyp eskizleriniň nusgalary pudaklaýyn ýolbaşçylaryň garamagyna berlipdir. Bu işler bilen bilelikde talyplar ýeňil, aňyrsy görünýän dury materiallardan köpri örtgüleriniň taslamalaryny-da taýýarlapdyrlar. Desga bezeg elementleriniň wezipesi olaryň dizaýnyny kämilleşdirmekdir, olar şeýle hem sag taraplaýyn we çep taraplaýyn hereketli köprüleri birleşdirerler.
– Höwesjeň köp, – diýip, iş toparynyň ýolbaşçysy, binägärlik kafedrasynyň müdiri we uly mugallymy Aýşa Gubaýewa gürrüň berýär. Ýaşlar gözel Aşgabady has-da gözelleşdirýän taslamalary işläp düzmäge uly höwes bilen gatnaşýarlar, hemmeler güýjüniň ýetdiginden şäheriň abadanlaşdyrylmagyna goşant goşmak, onuň aýajyplygyny artdyrmak isleýär. Talyplar bu işe uly jogapkärçilik bilen çemeleşýärler, täzeçe çözgütleri teklip edýärler, özbouşly öwüşginleri girizýärler, her desga aýratynlykda hünäri dizaýner çemeleşmesini ulanýarlar.
Okuw jaýlarynyň çäginde okuwdan boş wagtlary talyplaryň zähmet çekýän iki sany giň hem rahat ussahanasy bar. Bu ýerde iki sany esasy okuwçy topary döredilipdir: maketçi we taslamaçy. Ösüp barýan ýaş nesil konstruirleme, bezeg döretme we taslama dizaýny üçin niýetlenen, pudaga degişli AutoCAD, Revit, 3ds Max we ş.m. köp sanly kompýuter programmalaryna erk edýärler. Agzybir işçi toparyna hemişe kömek etmäge, öwretmäge, maslahat bermäge taýyn halypalar – okuw jaýynyň ýaş mugallymlary ýolbaşçylyk edýärler. Olar Şirmuhammet Jepbarow, Döwran Bekdullaýew, Meredaly Sähedow we beýlekiler. Olaryň arasynda şu okuw jaýynyň uçurymlary-da, şäher infrastrukturasynyň häzir hereketdäki desgalarynyň awtorlary-da bar.
Türkmen döwlet binägärlik-gurluşyk instituty – ýerli gurluşyk senagaty üçin ökde hünärli işgärleri: binagärleri, dizaýnerleri, şäher gurujylaryny taýýarlaýan merkezdir. Bu ýerde nazary okuw amaly iş bilen arkalaşykly ýola goýlupdyr, munuň netijesinde geljekki hünärmenleriň ökdeligi talyplyk ýyllarynda ýüze çykaýr we ösýär.
Milletiň lideriniň bildiren uly ynamyndan we goldawyndan ganat baglan zehinli hem başlangyçly talyplar ýurt üçin möhüm taslamalaryň işlenip düzülmegine we amala aşyrylmagyna hemişe uly höwes bilen işjeň gatnaşýarlar.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýoj-uň wekilleri tarapyndan onlarça iri taslama döredildi, olar soňra paýtagtyň we welaýatlaryň ajaýyp binagärlik ansambllaryna eriş-argaç bolup siňdi. “Türkmen alabaýlary” Halkara assosiasiýanyň toplumy, “Abadançylyk” (Arçabil we Çandybil şaýollarynyň çatrygynda), “Dowamat” (N. Andalyp we Oguzhan şaýollarynyň çatrygynda), “Alaw” (N. Andalyp şaýoly bilen Görogly köçesiniň çatrygynda) we beýleki ýadygärlikler paýtagtdaky desgalaryň käbirleridir. Häzirki wagtda bu okuw jaýynyň awtorlarynyň taslamalary boýunça paýtagtda Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky döwlet gullugy akademiýasynyň binasy gurulýar.
Anastasiýa Kasýanowa