Ï «Görogly» türkmen halkynyň epiki mirasydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Görogly» türkmen halkynyň epiki mirasydyr

view-icon 50981

«Görogly» eposyny eline alan okyjy ony başdan-aýak okap çyksa-da, orta asyrlardan häzirki güne çenli aýdymdyr rowaýat görnüşinde gelip ýeten bu üýtgeşik gahryman barada heлaýatlara ýene ençeme gezek dolanar.

Wäşi, adalatly we ugurtapyjy Görogly hakda rowaýat türkmen halkynyň arasynda döräp, ol goňşy halklara-da ýaýrapdyr. Azerbaýjanda, Özbegistanda, Täjigistanda we Türkiýede Görogludyr onuň kyrk ýigidiniň edermenligi barada şol halklaryň öz nusgalary peýda bolupdyr. Ýöne onuň diňe türkmençesinde Göroglynyň dogluşy barada rowaýat gabat gelýär. Oňa çagalykdan Röwşen diýip at berselerem, eposda oňa Görogly diýilýär.

180 ýyl mundan ozal fransuz ýazyjy zenany Žorž Sand batyrgaý, esasy-da adalatly türkmen gahrymany Göroglynyň täsirine düşüp, ony fransuz dinine terjime edýär. Epos fransuz okyjylaryna ýarapdyr.

2015-nji ýylyň 2-nji dekabrynda «Görogly» eposy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň reprezentatiw sanawyna girizilýär. Türkmenistanlylaryň öz gahrymanyna aýratyn buýsanjynyň sebäbi Göroglynyň keşbinde türkmen halkynyň milliligi öz beýanyny tapýar.

Tamara Glazunowa