Ï Zergär zenan
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zergär zenan

view-icon 7806
Zergär zenan
Zergär zenan
Zergär zenan
Zergär zenan

Zergärçilik XXI asyrda-da ähmiýetini ýitirmedik gadymy kärleriň biri. Häzirki wagtda dalaşgärleriň ençemesi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty bölümine okuwa girmegi arzuw edýär. Onuň zergärçilik bölüminde oglanlar bilen birlikde gyzlaram okaýarlar. Ýylsaýy gyzlaryň sanynyň artýandygyny bellemek gerek.

Zergär-nakgaş Aýjemal Çaryýewanyň şu ýokary okuw mekdebini tamamlap, bu ýerde mugallym bolup işläp başlanyna kän wagt geçenok. Kärine üýtgeşik garaýşy we gazanan üstünlikleri üçin ol 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşiginiň agzalygyna kabul edildi. Aýjemal heniz okuwçy döwri zergärligiň inçe syrlaryny öwrenip başlady.

Ol döredijilik adamlarynyň maşgalasynda dünýä indi, kakasy teatrda sahna goýujy nakgaş bolup işleýärdi, ejesi şekillendiriş sungaty bilen meşguldy. Onuň daýysy bolsa tejribeli zergärdi.

Men okuwçy döwrüm daýymyň usssahanasyndan çykmazdym. Onuň işine syn ederdim, özüm bir zatlar etjek bolardym. Dogrusy, zergärlik zenana aňsat düşmeýär, munda güýç ulanmaly ýerlerem bolýar, ýöne indi şaý-sepleri ýasamaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalar köpeldi. Türkmenleriň milli lybaslarynda şaý-sepleriň orny aýry bolupdyr.

Aýjemal diňe bir gyz-gelinler üçin şaý-sep ýasamaýar. Ol 2019-njy ýylda «Üstünlik ganaty» atly at esbabyny ýasap, Türkmen bedewine bagyşlanan bäsleşikde üstünlik gazandy. Ol tutuş bir ýyllap bu işe yhlasyny siňdirdi, ençeme çyzgysyny taýýarlady. Bäsleşigiň gutarmagyna bir hepde galanda göwüsbendiň üýtgeşik bezegini tapdy.

Bedewlerimiziň owadanlygy, nepisligi we asylly sypatlary meni döredijilige ruhlandyrýar. Golaýda täze bir işi tamamladym, onda orta asyrlar Daýahatyn kerwensaraýynyň taryhyndan ylham aldym. Ýasan işimiň merkezinde maşat daşly zenan şekilini ýerleşdirdim. Gadym döwürlerden bäri bu daş söýginiň, ynamyň we maşgala bagtyýarlygynyň nyşany hasaplanylýar.

Aýjemal zenan ussa gelin-gyzlaryň nämäni halaýandygyny gowy bilýär diýýar. Şonuň üçinem onuň ýasan zatlarynyň arasynda bilezikler, gülýakalar, gulakhalkalar, ýüzükler we başga-da ençeme nepiz şaý-sepler kän.

Swetlana Çirsowa