Ï Nyýazmyrat Dowodow zähmet we harby edermenligi wasp edýän suratkeşdir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Nyýazmyrat Dowodow zähmet we harby edermenligi wasp edýän suratkeşdir

view-icon 5050

1935-nji ýylda 14 ýaşly ýigdekçe Nyýazmyrat Dowodow Türkmen çeperçilik tehnikumynyň bosagasyndan  ätledi – onuň roýalda saz çalmak höwesi  bardy. Ýaldyrap duran äpet gural  akly-garaly düwmeleri bilen ony özüne çekýärdi. Nyýazmyrat Dowodowyň aşa zähmetsöýerligi ondan ajaýyp sazanda çykjagyna kepildi, emma durmuş başga hörpden gopdy. Tehnikumda ol Gündogar sungatynyň öňdebaryjy mekdebiniň uçurymy suratkeş Sergeý Beglýarowa duşup, onuň eserleri bilen tanşandan soň, sözüň doly manysynda surat çekmegiň ölemen aşygy boldy. 

Ýaş talyba bu ugurdan ýeterlik ukyby ýok ýaly görünýärdi, şonuň üçin-de ol çeperçilik bilimini dowam etdirmegi jany-teni bilen isleýärdi. Şu isleg bilen-de Çeperçilik mekdebini tamamlap, Harkowyň Çeperçilik institutyna girmek üçin, gerek resminamalary jemleýärdi, emma birden uruş turup, suratkeş niýet eden ýerine däl-de, jeňe gitdi. 1944-nji ýylda agyr ýaralanandygy sebäpli gullukdan boşadylan Nyýazmyrat  şol wagtky Leningradyň (häzir Sankt-Peterburg) I.Ýe.Repin adyndaky şekillendiriş, heýkeltaraşlyk we binagärlik institutyna (häzir akademiýa) girdi. Ýöne Newa boýundaky şäheriň çygly  howasy heniz doly bitip ýetişmedik ýaralara ýaramaz täsirini ýetirdi, şonuň üçin  saglyk ýagdaýy sebäpli, abraýly ýokary okuw jaýyndan gaýtmaly boldy.

Aramyzada gezip ýören bolsady, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowodow şu ýyl 101 ýaşyny bellärdi. Şekillendiriş sungaty muzeýi suratkeşiň ýüz ýyllygyny oň şahsy sergisini açmak bilen belledi. Däp boýunça, sergi, hamala Nyýazmyrat Dowodowyň  surat üçin täze bir model gözleýän ýaly, gelýänleri äýnegiň aňyrsyndan dykgatly synlaýan awtoportreti bilen açyldy.

Sergide goýlan işler Nyýazmyrat Dowodowy döwrüniň görnükli suratkeşine öwren tutuş döredijiligi barada habar berýär.  Keşpleri janlandyrmakda oň gahrymanlary  hünärleri belentde tutulýan zähmet adamlarydy. Bu kadadan çykan ýeke-täk surat Aýsoltan Palwanowanyň portreti bolsa gerek. Ýewropa kysymynda tikilen lybas geýnen gelin, suratda bada-bat ünsüňi özüne çekýär – ajaýyp milli bilezik bilen ýatda galýar. Şeýlelikde, sergi artistleriň, talyplaryň, sazandalaryň, zergärleriň, lukmançylyk işgärleriniň, harby gullukçylaryň we daýhanlaryň portret galereýasydyr.

Sergide portretlerden daşgary “Weterana sowgat” atly örän meşhur natýurmort-da goýlan. Bu natýurmort, hakykatdan-da, Şekillendiriş sungaty muzeýinde adatça harby mowzuklara bagyşlanan sergileri açýan ajaýyp esere öwrüldi.

Muzeýiň hemişelik sergisinden şahsy sergä “göçüp gelen” ýene bir surat-da “Ilkinji keşdir”. Suratyň mowzugy bizi geçen asyryň başlaryna alyp barýar: şäherden getirilen traktorda daýhanlar ilkinji gezek keş çekip başlapdyrlar. “Weterana sowgat” we “Ilkinji keş” suratlary eseriň unudylmaz täsirini döredýän dürli reňkleriň utgaşmasy arkaly ýerine ýetirilipdir.

Tamara Glazunowa

Suratçy: Ýuriý Şkurin