Ï Hazarýaka ýurtlaryň Baş prokurorlary Hazaryň ekologiýasynyň goragy boýunça jarnama gol çekdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazarýaka ýurtlaryň Baş prokurorlary Hazaryň ekologiýasynyň goragy boýunça jarnama gol çekdiler

view-icon 3061

Russiýanyň, Eýranyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň Baş prokurorlary daşky gurşawyň goragy we Hazar deňziniň tebigy gorlaryny ulanmak barada jarnama Sank-Peterburgda gol çekdiler.

Bu şu tema boýunça ilkinji döwletara resminamadyr.

“Hazar deňzi biziň ýurtlarymyzyň çäklerini bir bitewi ekologik ulgama bileşdirmek bilen, bäş döwletiň ählisi üçin-de ägirt uly ähmiýete eýedir. Daşky gurşawy goramak boýunça bilelikde alnyp baryljak iş Hazara oňyn täsir eder. Bu resminama gol çekilmegi Hazar ýakasynda mundan beýläk bäştaraplaýyn formatda hyzmatdaşlygyň binýadyny goýar”, – diýip, Russiýanyň Baş prokurory Igor Krasnow aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu jarnamada “Hazaryň goragyna gönükdirilen öňüni alyş çäreleriniň ilkinjilik häsiýeti” nygtalýar.

“Biziň baha berşimize görä, nebit çykarma we munuň ýerine ýetirilmeginden döreýän tersin netijeler, önümçilgiň zyýanly galyndylarynyň deňze dökülmegi, kenarýaka zolagynda bikanun gurluşyk işleriniň alnyp barylmagy ýaly meseleler – başdan agdyk. Şonuň üçin-de, kärdeşler, jarnamanyň düzgünlerini amal etmek maksady bilen, 2022-nji ýylyň başynda bu temalar boýunça bilermenler derejesinde duşuşyk geçirmegi teklip edýärin. Garşylyk bolmadyk ýagdaýynda, biz ony Russiýanyň çäklerinde geçirmäge taýyn”, diýip, Krasnow aýtdy.

Baş prokuror Hazar deňzi sebitinde kanun bozmaklyga garşy bilelikde alnyp baryljak sazlaşykly işiň bäş ýurduň raýatlaryna we “umumy adamzada” esli peýda getirjekdigini nygtady. Daşky gurşawy goramak we Hazaryň tebigy gorlaryny ulanmak baradaky jarnama Russiýanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň Baş prokurorlary Igor Krasnow, Batyr Atdaýew, Kamran Alyýew, Mohammad Jafar Montazeri we Gizat Nurdauletow dagy gol çekdi.