Ï Ýokary islegli önüm
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary islegli önüm

view-icon 3102

Daşoguzyň zyýansyzlandyrylan sargy serişdeleri kärhanasynda ýarym ýylyň tabşyrygy ýerine ýetirildi. Bu ýerde hasa, gipsli we dürli çeýe sargy serişdeleri, leýkoplastyrlar, bir gezek ulanylýan hasa örtükler, damar çişmesinde ulanylýan joraplar we beýleki önümler çykarylýar. Golaýda köpçülikleýin önümçilige ornaşdyrylan bir gezek ulanylýan ekologiýa taýdan arassa spandbonddan taýýarlanylýan ýektaýlaryň we beýleki harytlaryň alyjysy ýetik.

Kärhana ýylda 13 million gaba çenli dürli sargy serişdelerini çykarmaga mümkinçilik berýän, Ýwropanyň belli kompaniýlarynyň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen halkara ölçeglerine laýyk geloýän ýokary tehnologiýaly önümçilikdir. Bu ýerde häzirkizaman lukmançylygynda ýokary islegli harytlar öndürilýär. Kärhanada ýurduň saglygy goraýyş edaralarynyň hem-de ilatyň ol ýa-da beýleki önümlerie islegi yzygiderli öwrenilýär we tehnniki taýdan mümkinçilik bolanda olar özleşdirilýär. Mysal üçin, soňky ýyllarda metrleme agardylan hasa, dokalmaýan materiallardan lukmançylyk kombinezony we beýleki önümler çykarylyp ugrady.

Indi kärhananyň ýokary hilli we ýörüte önümlerine daşary ýurtly alyjylar hem gyzyklanma bildirýärler. Bu bolsa ýakyn döwürde hartylaryň daşary ýurtlara iberilip başlanmagyna umyt döredýär.

Batyr Öräýew