Ï Bötendagyň gowaklarynyň açylmadyk syrlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bötendagyň gowaklarynyň açylmadyk syrlary

view-icon 8281
Bötendagyň gowaklarynyň açylmadyk syrlary
Bötendagyň gowaklarynyň açylmadyk syrlary
Bötendagyň gowaklarynyň açylmadyk syrlary
Bötendagyň gowaklarynyň açylmadyk syrlary

Zehinli  mugallym we barlagçy Igor Çernyş 20 ýyl töweregi Türkmenistanyň demirgazygynda  gowakly ilatly ýerleri  öwrendi. Onuň ýobaşçylygyndaky topar bassyr birnäçe ýyl Sarygamyş oýundaky barmasy kyn  gowak şäherlerde barlag geçirip, olaryň bäşisini ýüze çykardy, gowaklaryň 200-den gowragy we 600-e golaý girelgeler öwrenildi, olaryň topografik çyzgylary düzüldi. Topar Sarygamyş gowaklarynyň käbirinde elementleri we umumy çyzuwy boýunça skandinawlaryňka hem-de Sibirde we Orta Aziýada ýaşan türkleriňkä meňzeş gadymy ýazuwlary tapdy.

Sarygamyş töwereginiň goly Amyderýanyň gadymy şahasydyr. Bötendag, Tarymgaýa, Zeňňibaba, Kangagyr, Duzgyr has iri depelerdir. Gowaklara ýokardanam, aşakdanam baryp bolmaýar. Ilkinjileriň biri bolup bu gowaklara baran SSSR YA-nyň habarçy agzasy, gadymy Horezmde  barlag geçiriji Sergeý Tolstow 1951-nji ýylda aşakdan baryp bolýan gowaklaryň birinden tapan XII-XIII asyr keramikasyndan çen tutup, gowak şäheri irki orta asyrlara degişli hasaplapdy.

Gadymy Horezmiň ýerleri dürli çeşmelerde jikme-jik beýan edilen bolsa-da, has gadymy döwürlerden bäri bu sebitde gowak şäherleriň bolandygy barada iri barlagçylaryň işlerinde hiç zat agzalmaýar. Bu sebit barada Polibiniň (miladydan öňki II asyr) «Ählumumy taryhynda» gymmatly maglumatlar bar, Amyderýanyň aşaky akymy barada Gerodotyň we Marseliniň, orta asyr taryhçylary we geografiýaçylary Ibn-Hordabekiň, al-Ýakobiniň, Ibn-Rusteniň. Al- Masudiniň hem-de al-Istahriniň işlerinde hem anyk geografik maglumatlar berilýär. Gadymy Horezm barada Markwart, Bartold takyk ýazypdyrlar.  Emma bu barlagçylaryň işlerinde  bu sebitde gowak şäherleri barada kelam agyz söz aýdylmandyr. Onda gowaklary kimler gurduka? 

Gowaklarda geçirilen ilkinji işler ol ýerlerde ençeme gezek ýaşaýyş bolandygyny görkezýän tapyndylar we gaýalardaky suratlar arkaly gowaklaryň has ir döwürler dörändigi ýüze çykaryldy.

Gowaklary iň köp bolan we has gowy öwrenilen Bötendagyň demirgazyk-gündogaryndan Derýalyk goly geçýär. Onuň garşysyndaky irki orta asyr Adak galasynyň ýerinde gurlan giçki orta asyr Akgalanyň harabaçylyklary şu günlere çenli gowy saklanypdyr.

Şeýle gowaklarda ýaşaýyşy öwrenek üçin onda ojak ulanylyp synag geçirildi. Ojak gowagy çalt gyzdyrýar, tüssesi tüsseçykarladan çykýar. Gowak haýal sowaýar.

Gowaklardan az sanly, ýöne dürli zatlar tapyldy. Olar tohum, däne saklanan gaplaryň  bölekleridi. Agaç çanak,  agaç soky, köpsanly agaç darak, ýüňdarak, ik tapyldy. Ýöne olardan tapylan zatlardan esasysy – gaýa suratlary – petrogliflerdi. 

Bäşdeşik gowagyndaky gaýa suratlarynda haýwanlar, gaýyklar, goýunlar, saýgaklar, geçiler, atlar, düýeler şekillendirilipdir.

Haýwanlaryň, köplenç atlaryň bedeniniň aýry-aýry bölekleriniň şekiliniň simwolikasy älem häsiýetlidir. Akademik B. A.  Rybakowyň pikirine görä, gadymy adamlar üçin atyň kellesi saba şapagyny, gözleri - Gün, bedeni -ýyl, toýnagy  - ýer, bedeniniň öň bölegi dogup barýan Güni, art bölegi -ýaşyp barýan Güni aňladypdyr. Sarygamyş etegindäki gowaklardaky gaýa suratlarynda şeýle haýwan şekilleri kän duşýar. 

Häzirlkiçe üns berlerine degýän käbir şekilleri, ilkinji nobatda, «gadymy senenama» şekiliniň manysyny düşündirip bolmaýar.  Hasyllylyk nyşanlaryna degişli gaýa suratlaryny hem düşündirmek kynçylyk döredýär.

Gowaklaryň  miladydan öňki VII asyrda gurlup, olarda ýaşalyp başlanandygyny çak etse bolar. Olaryň soňky döwri Sarygamyşyň töwereginde suw bolup-bolmazlygy bilen bagly bolupdyr. Ol, belki, miladynyň ilkinji asyrlaryna degişli bolsa gerek. Olarda has giçki ýaşaýyş mongollar we mongollardan soňky, tä XVII asyra çenli döwre degişlidir.  Şeýle bölünişe gaýa suratlaryndan, runiki hatlardan we ýazgylardan başga-da, gaýalaryň içindäki dürli görnüşli boýralaryň bolmagy şaýatlyk edýär. XIII asyryň başynda 1208-nji ýylda bolan güýçli ýer titremesi zerarly gowak şäherleri boşap başlaýar. Şol hadysadan soň olaryň ikinji gaty gurulýar, olarda gaýa suratlary gabat gelmeýär.

Taýýarlan: Wladimir Komarow