Ï «Men öz gyzyma buýsanýaryn»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Men öz gyzyma buýsanýaryn»

view-icon 5666
«Men öz gyzyma buýsanýaryn»
«Men öz gyzyma buýsanýaryn»
«Men öz gyzyma buýsanýaryn»
«Men öz gyzyma buýsanýaryn»

Taryhda birinji gezek Garaşsyz Türkmenistanyň Olimpiýa medalynyň eýesi Polina Gurýewanyň ejesi soňky aýyň dowamynda ikinji gezek aýdyp bolmajak duýgulary başdan geçirdi. Swetlana Anatoliýewna Gurýewanyň biziň habarçymyza beren söhbetdeşliginde belleýşi ýaly, Tokio Olimpiadasynda kümüş medala dalaşgär 59 kg çenli agramy bolan agyr atletikaçylaryň ýaryşynda öz gyzynyň üstünliklerine bagşylanyp, esasy toparlaýyn ýaryşlaryň dörtýyllygynyň içinde Türkmenistanyň Baýdagynyň galdyrylan dabaraly gününde birinji gezek görülip-eşidilmedik duýgulary başdan geçiripdi. Ikinjisi bolsa — sportda belen derejelere ýetenligi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Polina Gurýewa hemme amalyklary bolan üç otagly jaý, «Leхus 570 Sport Plus» awtomobilini hem 50 müň amerikan dollary bilen şeýle-de sportuň beýik derejesi «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen at bilen sylaglap, Aşgabatda döwlet derejesinde geçirilen gutlag dabarasy gününde bolupdy.

Dogrymy aýtsam meň gyzymyň ýönekeýje zähmeti döwlet derejesinde bellener öýdüp garaşmandym.— diýip, Swetlana Anatolýewna belleýär. — Bu biziň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türgenleriň zähmetine uly baha berip, olar üçin ummasyz alada edýändiginiň ýene bir mysalydyr.

Sizi häzir nähili duýgular gurşaýar?

— Olar söz bilen beýan ederden çökder. Şu günki gün — meň ömrümde iň bagtly gün. Men Ýaponiýadaky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň Baýdagyny galdyryp, diňe bir halkymyzyň saglygy hakda alada etmän, sportuň ösmegi üçin ajaýyp şertleri döredýän ýurdumyzyň Prezidentiniň hem ynamyny ödän öz gyzyma guwanýaryn.

Milli Liderimiziň çuň atalyk aladasy bilen biziň maşgalamyza gönükdirilen ünsi biziň başymyzy göge ýetirdi. Biz milli Liderimize meň gyzymyň ýaryşlarda ýokary derejelere ýetmegi üçin beren gymmat baha sowgatlary üçin köp sagbolsunlar aýdýarys.

Polina sport hünäriniň başlangyjynda gimnastika bilrn meşgullanypmydy?

Hawa, gimnastika bilenem, akrobatika billenem meşgullanypdy. Ýöne agyr atletika bolan höwesi üstün çykdy. Ol 12 ýaşyndan bäri agyr atletika bilen meşgullanýar.

Siz gyzyňyzyň Tokioda geçirilen Olimpiadada üstünlikli çykyş etmegine näme kömek etdi diýip hasaplaýarsyňyz?

Muny bir sözde düşündirip bolmaz. Polina bu maksada tarap uzak ýol geçdi.Ýadawsyz türgenleşikler, üstesine-de Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisi Artur Pawlowiç Emirýanyň başarnykly ýolbaşçylygy, şeýle-de agyr atletika bilen türgenleşmek üçin döredilen oňaýly şertler arzuw edilen netijäni berdi. Şu günki gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde diňe bir buýsanç getirmän, eýsem biziň türgenlerimiziň ýene ençeme gezek dünýäniň abraýly ýaryşlarynda Türkmenistanyň Baýdagyny galdyrarlar diýen ynam döredýän ýurdumyz boýunça dünýände iň gowy sport bazasynyň biri döredildi.

«A.A»-yň habarçysy