Ï «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» žurnalynyň täze sanyny TYA-nyň saýtynda okap bilersiňiz
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» žurnalynyň täze sanyny TYA-nyň saýtynda okap bilersiňiz

view-icon 9194

Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň saýty «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly ýylda üç gezek çykýan elektron ylmy žurnalyň 2021-nji ýylda çykan birinji sanyny okyjylaryň dykgatyna hödürledi.

Syndan geçirilýän bu döwürleýin neşir aspirantlaryň, ýaş alymlaryň, doktorantlaryň, dalaşgärleriň, ylmy işgärleriň, mugallymlaryň, talyplaryň we ýaş hünärmenleriň ylmyň ileri tutulýan ösüş ugurlary boýunça makalalaryny özünde jemleýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlary ylma çekmek, täze alymlar neslini taýýarlamak baradaky taglymatyna laýyklykda, bu neşir ýigitleriň we gyzlaryň ylmy işe bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Žurnalyň täze sany ylma, tehnika, ýurduň medeni we taryhy mirasyna degişli temalary, şeýle hem saglygy goraýyşyň we ekologiýanyň wajyp meselelerini gozgaýar. Žurnalyň elektron nusgasyny Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň resmi saýtyndan göçürip alyp bilersiňiz.

Swetlana Çirsowa