Ï Peýdasy zyýada künji
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Peýdasy zyýada künji

view-icon 7884

Türkmenistanyň demirgazygynda köp ýetişdirilýän ekinleriň biri-de künjüdir. Geçen ýyl ol 350 gektar meýdana ekildi. Babadaýhanlar onuň her gektaryndan azyndan 10 sentner hasyl amagy göz öňünde tutýarlar. Bu ýag alynýan ekin gysga döwürde ýetişýär, ony güýzlük galladan we beýleki käbir ekinlerden soň ekin dolanşygynda ulanylýar. Künji ýyly howany halaýar, dökün berilse has gowy ösýär. Ol antioksidantlara, aminokislotalara, beloklara we witaminlere baýdyr, käbir maddalary hat-da zeýtun ýagynyňkydanam ýokarydyr. Hünärmenler onuň düzüminde kalsiniň beýleki azyk önümleriniň aglabasyndakydan köpdügini belleýärler.

Künji esasan datly ýag almak üçin ekilýär. Ol tagamy boýunça iň gowy azyklyk ýaglara degişlidir. Onuň künjarasy mal üçin gymmatly iýmdir.

Onuň çigidi azyk senagatynyň dürli pudaklarynda datly tagamlary taýýarlamakda, halk lukmançylygynda ulanylýar. Mysal üçin, gadymy usulda ondan Daşoguz ak halwasyny we beýleki unly tagamlary taýýarlamakda peýdalanylýar.

Daşoguz wealýatynda künjiniň bassyr iki ýyl bäri giň meýdanlarda ekilýändigine garamazdan, ol sebitde gadymdan bäri ýetişdirilip gelinýär. Muňa juwazlar we künji ýagyndan palawdyr beýleki tagamlaryň taýýarlanyş ýörelgeleri-de şaýatlyk edýär.

Batyr Öräýew