Türkmenler rus syýahatçylarynyň ýazgylarynda

eye
5121
Türkmenler rus syýahatçylarynyň ýazgylarynda

Ozal baryp görmedik iline aýak basan syýahatçy özünden öň biriniň gelip görenine garamazdan, şol ýeri ilkinji açan bolýar. Älem ýüzüne aýlanyp ýören bezirgen özünden öňküleriň ýoly bilen gitse-de, olaryň gözünden sypan täzelikleri tapýar, ýerli halkyň edem-gylymlaryny has takyk öwrenýär. Bu gün biz okyjylara rus syýahatçylarynyň XIX asyryň ahyrynda XX asyryň başynda dürli ýyllardaky ýazgylaryndan bölekleri hödürleýäris.

«..Gyzylarbatdan Gäwerse çenli ýerleriň ählisi Ashabad uýezdi ýa-da Ahal-Teke jülgesidir. Bu ýeriň esasy ilaty teke-türkmenlerdir. Olaryň ählisi uzyn, syrdam, ýüz keşbi tapawutly, başy dik adamlar, goýun derisindne tikilen telpek olary has uzyn görkezýär. Egin-eşigi – ak biz ýa-da gyzyl ýüpek matadan tikilen köýnekden, ak ýa-da gara giň jalbardan, ýylyň paslyna görä bir ýa-da iki dondan ybarat.Türkmenler ýüň jorap we apgyrtsyz köwüş, at münenlerinde gaýyş ädik geýýärler. Gyşyna erkekleriň ählisi ýyly possunly...

Türkmen zenanlary giň köýnek geýýärler, maňlaýlyk, döşüne apbasy, eline bilezik dakýarlar, beýik topby geýýärler, doga-tumarly gezýärler.

Türkmenleriň patriarhal durmuşy tire-taýpa ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýtsa-da, bu olaryň şahsy erkinligini gysmaýar... Teke türkmenler hiç wagt üstünden agalyk etdirmändirler, muňa buýsanypdyrlar... Tekelerde: «Türkmen bag saýasyna-da, hökümet penasyna-da mätäç däl» - diýen atalar sözi bar. Şahsy we maşgala gatnaşyklaryny kesgitleýän adata hemmeler sarpa goýýarlar. Suwdan we suwarymly ýerden peýdalanmak düzgüni berk kadalaşdyrylan, olara gözegçilik edýän ýörüte adamlar bar.

Türkmenleriň ahlagy ýokary derejede. Olar dogruçyl, päkgöwün, özüne ynamy belentde goýýarlar. Indi .. oblastyň türkmenleriniň ählsi parahat ilata -- daýhanlara, maldarlara, pagtaçylara öwrülipdirler, parahat, gujurly, ter, gündogar ýaranjaňlygy bilen zaýalanmadyk, mertebesini belent tutýan we asylly adamlar ýaly görünýärler».

Zakaspiý oblastynda ýaşaýan türkmenler Türkistanyň beýleki oblastlarynyň ilatyndan saýry gelýär. Bu halkda öz mertebesine we maşglasyna asylzada garaýyş kemala gelipdir. Mertebäňe degen temmisiz galdyrylmaýar (agyr ýagdaýlarda mertebe babatda ganam dökülýär). ...Türkmenleriň arasynda gan döküşlige ýol berilmeýär diýen ýaly, çaknyşyklar ýetirilen maddy we ahlak zeleliň öwezine pul bilen çözülýär».

«Türkmenler myhmansöýerligi borç saýýarlar; teke türkmeniň öýüne düşen myhman özüniň we emläginiň howpsuzlygyndan arkaýyn bolup biler. Aslynda bolmaýan ýagdaý bolsa-da, birden myhmanyň aty ogurlanaýsda, oňa öý eýesi öz atyny berýär. Türkmenler hakykatçyllygy, päk göwünliligi, garrylara hormat-sarpasy we däplere tabynlygy bilen tapawutlanýarlar».

Bular ülkäniň taryhyny öwrenen rus syýahatçylarynyň türkmen halkynyň aýratynlygy barada galdyran ýazgylarynyň azajyk bölegi. Wagt geçip dur, jemgyýetçilik gatnaşyklary, ykdysady ýörelgeler üýtgese-de, bu gadymy toprakda ýaşaýan adamlaryň häsiýeti üýtgemeýär.

Wladimir Zarembo

Täze habarlar