Ï Aşgabatda «Birleşen Arap Emirliklerine maýa goýumy» atly wideomaslahat gurnaldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda «Birleşen Arap Emirliklerine maýa goýumy» atly wideomaslahat gurnaldy

view-icon 8971

17-nji sentýabrda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçihanasy BAE-niň döredilmeginiň 50 ýyllygyna we geljekki ýarym asyrda döwlet ösüş maksatnamasyna bagyşlap «Birleşen Arap Emirliklerine maýa goýumy» atly wideomaslahat gurnady.

Duşuşyga Türkmensitanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Söwda-senagat edarasynyň wekilleri hem-de žurnalistler gatnaşdylar.

Wideomaslahaty Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili jenap Abdulaziz Al Haşemi açdy.

Diplomat ýygnananlara ýüzlenip, Birleşen Arap Emirlikleri bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýakyn dostlugy iki döwletiňem ençeme ýyllap goldaýandygyny we pugtalandyrýandygyny nygtady, ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyga we taryhy gatnaşyklara ýokary baha berdi. Türkmenistan bilen BAE-niň hyzmatdaşlygy iki ýurda hem bähbitlidir. Abdulaziz Al Haşemi döwletleriň ikisinde hem  netijeli hyzmatdaşygy geljekde-de ösdürmek üçin uly mümkinçiligiň bardygyny nygtady.

Duşuşyga gatnaşýanlar üçin taýýarlanan tanyşdyrylyşda Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýetiniň hyzmatdaşlyk üçin has amatly ugurlary görkezildi.

Olaryň arasynda «Ýaşyl ykdysdadyýet» hem bar, çünki Dubaý dünýäde  energiýanyň dikeldilýän çeşmelerine göni iri maýa goýýanlaryň biridir. Ýerli bilermenleriň hasaplamalaryna görä, gün energiýasy ýaly ulgam 2030-njy ýyla çenli täze iş orunlarynyň 160 000-sini döreder. BAE energiýa serişdelerine garaşlylygy azaltmagy we  bilimlere daýanýan ykdysadyýetiň birnäçe ugurlaryny işjeň ösdürmegi göz öňünde tutýar.

Nanotehnologiýalar ulgamy hem özara peýdaly hyzmatdaşlygyň bir ugrydyr, olar BAE-niň innowasion işläp taýýarlamalary önümçiligie ornaşdyrmak boýunça strategiýasy netijesinde gurluşykda ulanylýan önümçilik işlerini we serişdeleri has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.

Şeýle hem durmuş elektronikasy bazary maýa goýumlary üçin has wajyp bazarlaryň biridir.

Roman Teplýakow