Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisi açyldy

eye
17466
Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisi açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň Sergi merkezinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan ýurdumyzyň halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisi işe başlady. Däp boýunça, oňa gatnaşmaga Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary, hususy we döwlet edaralary, sosial pudagyň müdirlikleri çagyrylypdyr.

Sergä gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol hususan-da: “Türkmenistan ̶ parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýyl we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenýän günlerinde guralan bu giň gerimli sergi milli ykdysadyýetde we sosial sferada gazanylan ägirt uly sepgitleriň aýdyň beýany boljakdygyny” aýtdy.

Sergide goýlan önümler Türkmenistanyň üstünliklerini aýdyň görkezýär. Ýurduň daşary söwdasynyň düzüminiň 60% eksport, 40% importdyr, bu bolsa ýurduň durnuklaşdyrma gaznasy ýaly strategik maliýe gorlarynyň üstüni ýetirmek üçin mümkinçilik döredýär. Milli önümleriň ýurt daşyna eksportynyň ösmegine ýardam edýän esasy faktorlaryň arasynda Türkmenistanyň dürli ýurtlarda işleýän Söwda öýleri-de agzalýar.

Ondan başga-da, söwdanyň ösmegine Döwlet haryt we çig mal biržasy we ýurdumyzda öndürilýän önümleriň internet mümkinçilikleri arkaly netijeli mazamy-da ýardam edýär.

Ykdysadyýetiň gazananlaryna oba hojalyk önümleriniň we azyk harytlarynyň öndürilişini yzygiderli artdyrýan telekeçilik sektorynyň öz saldamly goşandyny goşýandygyny-da belleýärler. Ýanwar bilen awgust aralygynda bu bölümdäki ösüş öten ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 37%-den geçipdir. Bu bolsa pudakda gaýtadan işläp bejerýän täze-täze kuwwatlyklaryň işe girizilmegi we sergide goýlan assortimentiň giňeldilmegi bilen şertlenendir.

Serginiň çäklerinde iş gepleşikleriniň we tanyşdyrylyşyň şol sanda, Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy bolan kärhanalaryň täze önümleri bilen tanyşdyrylyşyň alnyp barylýandygyny-da bellemelidiris.

Sergi işini dowam etdirýär. 

«AA» habarçysy

Suratçy: Alekseý Gimalitdinow