Ï Tebigatyň jadylaýjy manzaralary we ajaýyp ýadygärlikleri: mumyýa dag jülgeleriniň tebigy sowgadydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tebigatyň jadylaýjy manzaralary we ajaýyp ýadygärlikleri: mumyýa dag jülgeleriniň tebigy sowgadydyr

view-icon 30087
Tebigatyň jadylaýjy manzaralary we ajaýyp ýadygärlikleri: mumyýa dag jülgeleriniň tebigy sowgadydyr

Gadymy lukmançylygyň tebigy derman serişdesi mumyýa häzirki döwürde-de özüniň gymmatyny ýitirenok. Onuň dürli ady bar: “dag mumy”, “dag melhemi”, “gaýa deri” we ş. m. Maddanyň himiki we spektral derňewi onuň düzüminde mikroelementleriň (esasanam, kremniniň, alýuminiň, demriň, kalsiniň, marganesiň, magniniň, gurşunyň, titanyň, nikeliň), şeýle hem dürli aminokislotalaryň baý toplumynyň bardygyny görkezdi.

“Mumyýa” adynyň gelip çykyşy henize çenli anyk belli däl. Grek dilinden terjime edilende, ol “syna goraýan” diýmekdir. Eýranda mumyýa ýataklarynyň biri Oýin diýlen ýeriň golaýynda ýerleşýär we “mum” (ýumşak) sözüniň bu ýeriň ady bilen birleşmegi netijesinde, “mum-oýin” ýa-da “mumiyo” sözüniň dörändigi barada çaklama bar. “Mumyýa” sözi 2500 ýyl mundan ozal onuň dermanlyk häsiýetlerini ilkinji gezek beýan eden Aristoteliň ýazgylarynda-da ulanylypdyr. Aleksandr Makedonskiniň Hindistan ýörişinde alan ýaralarynyň “dag gözýaşlary” bilen bejerilendigi barada-da subutnama bar. Şol “gözýaş-da” Gündogaryň rowaýata öwrülen mumyýasydyr. Bu serişdäniň gözlenişi we tapylyşy barada geologiýa we mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty A. G. Buşmakin şeýle gürrüň berýär:

– Türkmenistanyň daglyk ýerlerinde – Uly Balkanda, Köpetdagda we Köýtendagda mumyýanyň barlygy ýazga alnan ona golaý ýer mälimdir. Adatça, ol köweklere, çukanaklara, ýeldir suwuň emele getiren kiçijek tagçalaryna, gaýalaryň jaýryklaryna, deňiz derejesinden 200-300 metr beýiklikde dag jynslarynyň owradylýan ýerlerinde ýüze çykan çatlaklara syrygyp ýygnanan jynslar görnüşinde gabat gelýär.

Käbir alymlar “mumiya-asil” diýilýän maddany aýry-aýry ýerlerde ýabany bal arylary işläp çykarýar diýip hasap edýärler. Maddanyň uzak wagtyň dowamynda emele gelmegi netijesinde, saň gaty bolan goňurymtyl-sary ýa-da gara reňkli goýultma – bal mumy emele gelýär.

Ylmy derňewçileriň käbiri mumyýanyň organik gelip çykyşynyň tarapdarydyr. Olaryň pikiriçe, mikroelementler, toprak mikroorganizmleri, ösümlikler we haýwanlaryň ýaşaýşynyň önümleri onuň emele gelmegi üçin serişde bolýarlar. Mysal üçin, Uly Balkan daglaryndaky Lämeburundan (Günbatar Türkmenistan) tapylan mumyýa barlaghanada öwrenilende, şunuň ýaly nusgalar alnypdyr.

Merkezi Kopetdagda, Tyrnaw dagynyň günorta eňňidinde, minerallaşan ýyly suwly çeşmeleriň uzak wagtlap täsiri netijesinde emele gelen porruk hek daşy belentligindäki Sünçe çeşmesiniň golaýynda Kyrk gyz atly kiçijek gowak bar. Onuň girelgesindäki gümmezde we diwarlarda mumyýa örän meňzeş mahsus tagamly we ysly şepbikpisint maddanyň ýukajyk goňur-gara gabyklary bilen örtülen ýerler bar.

Mumyýa ýygnanan ýerlerini ýüze çykarmak babatynda Nohur obasy hakyky gyzyklanma döredýär. Bu ýerde bu madda Kopetdagyň öň hatarynda, barmasy gaty kyn ýerlerde, 1000 metrden gowrak belentlikdäki jülgeleriň dik eňňitlerinde göze ilýär.

Gündogar Kopetdagda, Mäne şäherçesiniň golaýynda takmynan 700-800 metr belentlikde mumyýaly ýerler tapyldy. Ol, mumyýa mahsus ysly we ajymtyk tagamly goýy goňur şepbikpisint goýultma bilen jebis ýelmenen şykgynyň, hek daş bölekleriniň, guran ösümlik şahalarynyň garyndysydy.

Köýtendag gerşinde jülgeler we derýanyň ýasan hanalary bilen çäklenýän mumyýaly iň uly ýerler bar. Bu madda özüne mahsus ysly, ajy tagamly şepbik amorf goýultmadyr. Arassa mumyýanyň adaty üýşýän ýeri suw syzýan jaýryklaryň golaýyndaky köwleriň depesidir. Mumyýa gabyklarynyň galyňlygy 3 santimetre ýetýär. Olar köplenç dyrmaşma enjamlary bolmasa çykyp bolmaýan uçut gaýalaryň ýokarky böleklerinde ýerleşýär. Maddanyň bu görnüşinden käbir nusgalar mikroskop arkaly öwrenildi. Şonda mumyýanyň mineral gelip çykyşyny görkezýän iň ownuk üýşmekler, sarymtyl-goňur reňkli şepbik maddanyň ýukajyk gatlagy göründi. Eýsem-de bolsa, köwüň düýbünde maddanyň organik tebigatyny görkezýän haýwan tezekleriniň, ösümlik galyndylarynyň we mör-möjekleriň ganatlarynyň üýtgän goýultmasy ýüze çykdy. Diýmek, bu maddanyň emele gelmeginiň iki çeşmesi bar: mineral we organik.

Mumyýa gadym döwürlerden bäri Gündogarda gudratly serişde, müň bir derdiň dermany hasaplanyp gelýär. Ony Gündogarly tebipler ýürek-damar we nerw ulgamy kesellerini, aşgazan-içege ulgamyna zeper ýetmegi, esasanam, döwük-ýenjikleri we ş. m. bejermek üçin ulanypdyrlar. Mumyýanyň kömegi bilen üstünlikli bejerilen keselleriň sanawynyň şeýle ululygy Gündogar tebipleriniň onuň taýsyzlygyny, häzir aýdylyşy ýaly aýtsak, “klinik täsirini” içgin duýandyklary bilen düşündirilýär: bu serişde ynsan synasynyň gorag güýçlerini artdyryp, onda dikeldiş işlerini çaltlaşdyrýan eken.

Mumyýanyň düzüminde 30-a çenli himiki element, aminokislotalar, birnäçe witaminler, efir ýaglary bar. Mumyýanyň derman hökmünde ýeke-täk pasporty ýok, ýöne bu maddanyň adam üçin tebigatyň bahasyna ýetip bolmajak sowgadydygyna-da şek bolup bilmez.

Taýýarlan: Wladimir Komarow.