Ï Namazgadepäniň belent baýry
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Namazgadepäniň belent baýry

view-icon 11590

Kaka şäheriniň golaýyndaky düzlükde ýerleşýän, Köpetdagyň etegindäki belli arheologiýa ýadygärlikleri — Namazgadepe bilen Abiwerdiň arasy iki kilometre-de ýetenok.

Ýöne olaryň arasynda iki müň ýyldan gowrak taryhy döwür ýatyr. VII asyrda bu ýerde Abiwerd atly iri orta asyr şäheri dörände meýdany elli gektardan gowrak, beýikligi 20 metrden geçýän beýik depesi bolan gadymy şäherden ne at, ne nyşan galypdyr. Häzirem ol alysdan seleňläp dur. Namazga Günorta Türkmenistanda mis-daş eýýamynyň iň iri ýadygärligidir.

1952-nji ýylda Tbilisiden arheolog, professor Boris Kuftin bilen onuň aşgabatly kärdeşi Aleksandr Ganýalin bu ýerde gazuw-agtaryş işlerini geçirenden soň, Namazgany irki eneolitden giçki bürünç eýýamyna çenli alty topluma, ýagny üç müň ýyla çeken döwre bölüpdirler. Şonça wagtda bu ýerde adamlar dar köçeli şäheriň ýeke gat pagsa jaýlarynda ýaşapdyrlar, Diwarlary könelse, ony ýykyp, üstünden ýene jaý gurupdyrlar. Netijede 30 asyryň dowamynda äpet baýyr emele gelipdir.

Alymlar bu işe, Namazgadepäni 1928-nji ýylda arheologiýa höwesek inžener-irrigator we topragy öwreniji Dmitriý Bukiniç açandan 36 ýyl soň başlapdyrlar. 1928-nji ýylda Daşkentden akademik Aleksandr Semýonow bu ýere gelip görenden soň aşgabatly arheologlar Aleksandr Maruşşenko bilen Sergeý Ýerşow ilkinj bolup işläpdirler, uruş tamamlan dessine professor Mihail Massonyň ýolbaşçylygynda gazuw-agtaryş işleri başlanýar, ol soňra bu ýerde işlemegi soň-soňlar akademiklige ýeten zehinli ýaş hünärmen Boris Linwinskä tabşyrýar. Hatarynda şol döwür talyp, soňra atly alymlar bolup ýetişen Aleksandr Ganýalin we Kakajan Muhammetberdiýew bolan Litwinskiniň kiçeňräk toparynyň tapyndylary Änew medeniýetiniňkä meňzeş jaýlaryň, keramika önümleriniň, metal heýkeljikleriň we daş önümleriniň ençemesini ýüze çykarýar. Olar Änewiň we Namazgadepäniň bir döwürde bolup, özara ýakyn gatnaşykda bolandyklaryny subut edýärler.

Gazuw-agtaryş işleriniň indiki tapgyryny ýetmişinji ýyllarda arheolog Aleksandr Şşetenko alyp barýar. Toplumlaýyn barlaglar netijesinde Günorta Türkmenistanyň miladydan öňki bäşinji we birinji müňýyllyklaryny öz içine alýan tutuş irki ekarançylyk eýýamy tapgyrlaryna bölündi.

Namazgadepeden tapylan tapyndylaryň ençemesi muzeýleriň birnäçesiniň gaznasyna goşuldy. Olar, ozaly bilen, elde ýasalan we ýönekeý geometrik şekilli gap-gaçlardyr. Miladydan öňki IV müňýyllygyň ortalygynda, esasan gara we ýiti gyzyl reňkli polihrom bezegli täze küllalçylyk ýörelgesi peýda bolýar.

Tapylandylaryň arasynda adamlaryň we haýwanlaryň toýun heýkeljikleri, mis, bürünç we daş şaý-sepler, kremniý hem-de bürünç naýzalar aýratyn orun tutýar. Adamlar Mesopotamiýanyň gadymy şähelerine meňzeş şäheri gurakçylyk zerarly taşlapdyrlar diýip çak edilýär. Ilatyň bir bölegi Margiana göçüpdir, ol ýerde medeniýeti Namazgadepäniň däplerini dowam edýän taýpalaryň ýaşaýan ýeri bolan Murgabyň gadymky goluny mekan tutunypdyrlar.

Iki müň ýyl geçenden soň taşlanyp gidilen Namazgadepäniň töweregine, belki, howa kadalaşyp, gadymy hanalara suw gelendir — ýene ilat göçüp gelýär. Netijede bäş gektar töweregi meýdany eýelän Abiwerd şäheri peýda bolýar, onuň äpet gala diwarlary häzirem gözüňi dokundyrýar. Abiwerdli gurluşykçylar eýýäm bişen kerpiç ulanypdyrlar, olaryň bölekleri galanyň töwereginde juda köp.