Ï Sungata hyzmat — Watana hyzmat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sungata hyzmat — Watana hyzmat

view-icon 13039

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndaлн uly konsert çäreleriniň hiç biremб ençeme halkara bäsleşikleriniň ýeňijisi konsertmeýster Stella Faramazowasyz geçmeýär. Zehinli türkmen kompozitorlarynyň we ýewropaly saz ussatlarynyň eserleriniň ýakymly owazyndan lezzet almak üçin her gezek konserwatoriýanyň uly zalyna gelýän nusgawy sazyň muşdaklary ony gaty gowy tanaýarlar. Söýgüli pianinoçymyzyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmagy onuň özi bilen bir hatarda tomaşaçylar üçin hem hoş habar boldy.

— Bu meniň üçin iň şatlykly günleriň biri boldy — zähmetime ýurdumyzyň hökümeti tarapyndan ýokary baha berildi — diýip, Stella Wladimirowna kalbyndan joşup çykýan duýgularyny paýlaşýar. — Milli Liderimize tüýs ýürekden minnetdarlygymy bildirýärin, oňa berk saglyk we ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrundaky işinde üstünlik arzuw edýärin.

– Stella Wladimirowna, Siziň döredijiligiňizi gowy bilýän okyjylarymyzyň adyndan goşa şatlyk – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we Siziň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmagyňyz mynasybetli gutlaýarys! Pursatdan peýdalanyp, Siziň zehiniňiziň muşdaklaryna özüňiz hakda, ýagny akly-garaly düwmelere ilkinji gezek el degrişiňiz we olaryň «owsarlanan ýaly» tabynlygynyň öz ykbalyňyzdygyna göz ýetirişiňiz barada biraz gürrüň bermegiňizi haýyş edýäris.

— Men aýdym-sazly maşgalada doguldym we ulaldym: bir daýzam aýdymy gowy aýdardy, beýlekisi oňa sazandalyk ederdi. Ulaldygymsaýy, olaryň arasynda jedel ýüze çykdy: biri meni aýdymçy, beýlekisi bolsa pianinoçy etmek isleýärdi. Pianinoçy bolmak höwesi üstün çykdy. Alty ýaşymdakam, ol meni RSM-e (häzirki konserwatoriýanyň ýanyndaky ýöriteleşdirilen çagalar aýdym-saz internatyna) getirdi. Daýzamyň saýlan ýoly meniň ykbalymy kesgitledi: ilkinji sapaklardan sazyň özüm üçin ömürlikdigine düşündim. Eýýäm şol döwürde men professional pianinoçy boljagymy bilýärdim, mümkin şonuň üçindir, men juda yhlasly okuwçydym.

Konserwatoriýany tamamladym, soň bolsa professor Aleksandr Anatolýewiç Starikow bilen bilelikde konsertmeýster ussatlygy synpynda 2 ýyl kämilleşdiriş okuwyny geçmek bagty maňa miýesser etdi. Bu okuw geljekki sazanda, artist, ynsan üçin hakyky mekdepdi. Indi 35 ýyl bäri men Konserwatoriýanyň Kamera ansambly kafedrasynda mugallymçylyk edýärin, şeýle hem konsertmeýsterligi işjeň alyp barýaryn, konsertleri gurnaýaryn hem türkmen, hem ýewropa hem rus kompozitorlarynyň aýdymlaryny ýerine ýetirmek bilen, olara gatnaşýaryn.

– Stella Wladimirowna, giň diňleýji köpçüligi sizi konsertmeýster hökmünde tanaýar, ýöne siziň mugallymçylyk hünäriňiz biz üçin birneme gizlin. Şägirtleriňiz hakda-da gürrüň beräýseňiz.


– Men kamera we ansambl sazlary kafedrasynda işleýärin we saz öwrenýän zehinli ýaşlara konsertmeýsterlik ussatlygyny öwredýärin. Sazanda hernäçe zehinli bolsa-da, yhlasly zähmet we hyjuw bolmasa, gowy netije gazanyp bolmaýar. Gowy görýän talyplarymyň arasynda Aýbölek Muhyýewa we Jemal Agajanowa meniň iň söýgüli şägirtlerim, olara diňe bir men däl, eýsem tutuş konserwatoriýa guwanýar, çünki olar köp sanly halkara ýaryşlarynda okuw jaýymyzyň we Watanymyzyň abraýyny arşa göterýärler.

– Iň soňky sowal. Söýgüli kompozitoryňyz kim?

– Sazandalaryň hemişe söýýän belli kompozitory ýokdur. Bu gün meniň üçin Bah we Brams, ertir – Nury Halmämmedow we Daňatar Öwezow. Her bir kompozitor öz häsiýeti, öwüşgini, äheňi bolan aýratyn dünýädir. Şu sebäpden, meniň üçin iň gowy kompozitor şu pursatda eserini ýerine ýetirýän kompozitorymdyr.

– Sözüňiziň ahyrynda «AA» elektron gazetiniň okyjylaryna näme diýmek islärdiňiz?

– Adam üçin mukaddes düşünjeler bar: hünär, ata-ene we Watan. Öz hünärine ak ýärekden gulluk edýän adam beýleki mukaddesliklere hem hyzmat edýändir.

Söhbetdeşligi geçiren: Tamara Glazunowa
Suratçy: Alekseý Gimalitdinow