Ï Gaplaňgyrly baliýer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gaplaňgyrly baliýer

view-icon 18345

Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň «Gyzyl kitaba giren» ýaşaýjylaryndan biri-de baliýerdir. Samyrlar maşgalasynyň bu wekilini hünärmenleriň köpüsi dünýäde gorky-ürküni bilmeýän süýdemdirijileriň biri hasaplaýarlar. Onuň bedeni muskully, ys duýgusy güýçli, häsiýeti bolsa gyzma. Şu häsiýetleri-de oňa awuny tiz tapmaga we özünden uly haýwanlar bilen çekinmän çaknyşmaga mümkinçilik berýär. Baliýer diňe bir gaty ýeri gazmak bilen çäklenmän, eýsem gyrymsydyr beýleki agaçlara çalt dyrmaşmagy-da başarýar. Bu-da onuň iýmit edinmek işini ep-esli ýeňilleşdirýär.

Şuňa meňzeş endikleri sebäpli, türkmenler baliýeri «itaýy» diýip atlandyrýarlar. Baliýer gizlin durmuş şertlerinde ýaşamaga mümkinçilik berýän ýerlerde mesgen tutunýar. Baliýeriň Zeňňi baba kölüniň golaýynda we Gaplaňgyr goraghanasynyň belentliklerinde torlaw atýandygy kesgitlenipdir. Onuň işjeňligi, adatça howanyň ýylylygyna bagly. Şunlukda, yssyny halamaýan bu haýwan tomus gije durmuş ýörelgesini alyp barýar, ýylyň beýleki pasyllarynda agşamara, gyşda bolsa, hatda gündizem görünýär.

Bu ýyrtyjy bal söýýän hasap edilse-de, her dürli iýmiti, şol sanda ownuk haýwanlary, hažžyklary, guşlary we ş.m. hezil edip iýýär. Goraghananyň hünärmenleriniň gözegçiliklerine görä, goraghanada pesinden 6-7 baliýer hemişelik ýaşaýar.

Gaplaňgyr goraghanasynyň haýwanat dünýäsi möjek, şagal, garsak, tilki, garagulak, köwük ýaly ýyrtyjy haýwanlaryň köp görnüşini özünde jemleýär. Çölüň we tekiz belentligiň bir böleginiň, Sarygamyş kölüniň, hyşa jeňňelliginiň ýerleşýän ýeriniň özboluşly landşafty, şeýle hem ýerli ösümlik we haýwanat dünýäsini goramakda hünärmenler tarapyndan geçirilýän dürli çäreler olaryň goragyny üpjün edýär. Gaplaňgyr goraghanasynyň işgärleri goralýan ýerde ýaşaýan haýwanlaryň görnüşlerine, olaryň ondan-oňa göçüş döwürlerine yzygiderli gözegçilik edip, ýygnalan materiallary peýdalanmak bilen zerurlyga görä howpsuzlyk çäreleriniň kadalaryny amala aşyrýarlar. Häzirki wagtda ýurduň iri ekologiýa we ylmy edaralary bilen hyzmatdaşlyk edip, goraghananyň işlenip düzülýän bäş ýyllyk dolandyryş meýilnamasy olaryň işleriniň mundan beýläk-de kämilleşmegine hyzmat eder.

Batyr Öräýew