Ï Tomaşaçylara täze kinofilmler hödürlenilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tomaşaçylara täze kinofilmler hödürlenilýär

view-icon 10656

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» Birleşigi tarapyndan «Çapar» we «Sähra aýdymy» atly çeper kinofilmler surata düşürildi. Olaryň premýerasy ýakyn günlerde bolar.

Režissýor Wepa Işangulyýewiň «Çapar» atly taryhy filmi XVIII asyryň wakalaryny beýan edýär. Onuň baş gahrymany türkmen hökümdarynyň tabşyrygy bilen uzak ýola rowana bolýar. Ol ençeme synaglary başdan geçirýär...

Kinofilm ýurdumyzyň owadan taryhy sebitlerinde, tebigatymyzyň özboluşly künjeklerinde surata düşürildi.

Wepa Işangulyýew «Nejep oglan», «Galkynyş», «Gül açan miras» ýaly şowly kinofilmleriň hem režissýorydyr.

Režissýor Myrat Orazowyň «Sähra aýdymy» atly kinofilmi häzirki döwrümiz barada gürrüň berýär. Terbiýeçilik, watansöýüjilik häsiýetli kinofilm iň gowy adamçylyk sypatlary, paýtagtymyzda we oba ýerlerinde ýaşaýan öz gahrymanlarynyň ykbaly barada beýan edýär.

Režissýor Myrat Orazow häzirki zaman kinematografiýasynyň tapgyryna giren «Magtymguly», «Beýik ýüpek ýoly» ýaly kinofilmleri hem surata düşürdi.

Türkmen kinematografiýaçylary ýylyň ahyryna çenli ýene 5 çeper we 4 dokumental filmi tomaşaçylara sowgat ederler. Isgender Annamuhammedowyň «Bakyş» we Annadurdy Täşliýewiň «Söýgi mukamy» filmeri taýýarlygyň jemleýji tapgyrynda. Olar Ata-Watanymyzyň Bitaraplyk baýramyna özboluşly sowgat bolar.

Birleşigiň Täze ýylyň öň ýanynda hem täze filmleri tomaşaçylara hödürlär.Olaryň arasynda režisýorlar Myrat Orazowyň we Arslan Eýeberdiýewiň «Geldi Täze ýyl» we «Syrly sowgat» filmleri bar.

Şeýle hem şu ýyl Batyr Batyrowyň «Hajy golak», Aman Şarlyýewiň «Arkadagyň ak ýoly» filmleriniň premýerasy göz öňünde tutulýar. Türkmen kinematografiýaçylarynyň täze çeper we dokumental filmleri çagalar hem-de ulular üçin gyzykly bolar.

Anastasiýa Kasýanowa