Ï Türkmen kitaphanaçylarynyň bäsleşigi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen kitaphanaçylarynyň bäsleşigi

view-icon 14563

Türkmenistanyň kitaphanaçylarynyň arasynda geçrilýän: «Türkmenistan milli Lider bilen parahatçylyk we ösüş ýolunda» atly döredijilik bäsleşginiň jemi jemlendi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan yglan edilen «Türkmenistan milli Lider bilen parahatçylyk we ösüş ýolunda» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bäsleşigiň ýedi görkezijiden ybarat bolan şertine görä, ýylyň dowamynda sanly aragatnaşyk arkaly döredijilik agşamlaryny gurap, ussat kitaphanaçylar, şahyrlar we zähmet weteranlary bilen duşuşyklar geçirdiler. Şeýle hem geçirlen çärä köpçüligiň öňünde çykyş etmek, Türkmenistanyň Prezidentiniň Bitaraplygyň 25 ýyllygyna we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllgyna bagyşlanan kitaplaryna ýazylan synlar goşuldy.

Dursun Myradowa (Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy) birinji, Leýla Annamyradowa (Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Çagalar döwlet kitaphanasy) ikinji, Maýa Akmämmedowa (Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Magtymguly adyndaky merkezleşdirilen kitaphana ulgamy) üçünji orny eýeläp, bäsleşige gatnaşan ençeme kitaphanaçylaryň arasyndan saýlandylar.

«Türkmenistan milli Lider bilen parahatçylyk we ösüş ýolunda» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Biz ýeňijileriň biri Leýla Annamyradowa bilen kitaphana we kitaphanaçynyň hünäri hakda söhbetdeş bolduk. 2007-nji ýyldan bäri çagalar kitaphanasynda işleýän ýaş hünärmen kärini ýürekden söýýändigini aýtdy.

— Biziň işimiz juda gyzykly — diýip, Leýla gürrüň berýär. — Kitaphanaçylar kitap muşdaklary bilen söhbetdeş bolup, okyjylaryň haýsy neşirleri halýandygyny öwrenýärler. Biz hemişe kitap dünýäsiniň täzeliklerinden habarly. Kitaphanaçylar göçme döredijilik duşuşykaryny yzygiderli geçirýärler. Biz medeni-magaryf çäreleri bilen mekdeplere, tomusky dynç alyş günleri çagalar dynç alyş merkezlerine gidýäris, kitaphanaçylar üçin hünär bäsleşiklerine gatnaşýarys.

Leýla Annamyradowa şeýle bäsleşiklerde birnäçe gezek ýeňiş gazandy. Galyberse-de onuň ýazýan makalalary metbugatda çap edilýär, ol körpe okyjylar bilen döredijilik duşuşyklaryny guraýar, olaryň her birinde kitap we onuň awtory bilen duşuşyklaryň gyzykly we ýatda galyjy bolmagyny gazanmaga çalyşýar.

— Kitaphanaçy bolmak üçin diňe bir ýörite bilim däl, eýsem saýlan hünäriňe söýgi hem gerek – diýip, ýaş hünärmen aýdýar.

 Swetlana Çirsowa