Ï Patroklyň Hazar deňzine ekspedisiýasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Patroklyň Hazar deňzine ekspedisiýasy

view-icon 8923
Patroklyň Hazar deňzine ekspedisiýasy

Nemes geografy, Aleksandr Makedonskiniň terjimehalynyň ýazary Rihard Henniň «Mugallymy bilen söhbetden soň Beýik Iskenderde Girkan deňzini öwrenmek islegi oýandy» diýip ýazýar. Gadymy alymlar dünýäniň iň uly kölüni- Hazar deňzini şeýle atlandyrypdyrlar.

Hökümdar deňiz ekspedisiýasyny amala aşyrmagy meýilleşdirýärdi, oňa ýolbaşçylyk etmegi bolsa Geraklit atly ýakyn bir adamyna tabşyrmakçydy. Iskender Hazar deňziniň haýsy deňiz bilen birleşýändigi we onuň Hindistana ýetip-ýetmeýändigi baradaky soraglara jogap almak isleýärdi. Makedonskiý daş-töwereginde halklar ýaşaýan, grek alymlarynyň çaklamalaryna görä, gämi gatnawly derýalaryň baryp guýýan Girkan deňziniň başlangyjynyň henizem tapylmandygyny görkezýärdi.

Hazar deňziniň Ýýr ýüzündäki ýagdaýy tutuş gadymy döwürde geograflar üçin syr bolmagyna galypdyr. Olar her tarapdan ýapyk howuz bilen däl-de, umman aýlagy bilen iş salyşýandyklaryna ynanypdyrlar. Şonuň üçin-de olar özlerine diňe bir sorag beripdirler: ummana çykalga gündogardamy ýa-da demirgazykda?

Isgenderiň ir ölümi Geraklitiň ekspedisiýasynyň amala aşman galmagyna sebäp bolupdyr. Köp ýyllardan soň Selewk Nikatoryň diplomatik ýumuş bilen Hindistana barýan Patrokl atly wekili patyşanyň bu pikiri barada eşidipdir. Henniňiň tassyklamagyna görä, ol ekspedisiýasyna biziň eýýamymyzdan öňki 285-282-nji ýyllar aralygynda girişipdir. Patrokl öz wezipesini şübhesiz aňrybaş derejede ýerine ýetiren hem bolsa, onuň syýahaty uly ýalňyşlyga sebäp bolupdyr, sebäbi syýahat tamamlanandan soň, Patrokl Selewka Hazar deňziniň diňe dünýä ummanynyň aýlagy bolup biljekdigini aýdypdyr.

Hakykat şundan ybarat: ekspedisiýa ägirt Garabogaz köle eltýän dar akara ýetende, düzüminde duz aşa köp bolan bu suw howdany bilen tanyşlyk onuň okeandygy baradaky pikiri döredipdir. Ekspedisiýa agzalarynyň Hazar deňziniň demirgazyk böleginde ýaşaýan düwlenlere duşmagy bolsa, Hazaryň ummanyň bir bölegidigini tassyklamak üçin goşmaça delil bolupdyr.

Patroklyň ekspedisiýany öz wezipesini ýerine ýetiren hasaplap, syýahaty tamamlamak barada haçan karara gelendigi nämälim. Syýahatyň netijesinde Garabogaz köli umman hasap edenden soň, ol uzak demirgazyga, heniz öwrenilmedik we ähtimal howply suwlara girmäge het edip bilmändir. Ýöne Patroklyň Wolganyň aýagyna baryp ýetmändigi bize mälim.

Gaýdyp gelenden soň, Patrokl bu syýahaty jikme-jik beýan edýän iş ýazypdyr, emma gynansak-da, ol ýitipdir. Hatda onuň ady hem belli däl. Onuň biziň eýýamymyzdan öňki 281-nji ýylda tamamlanan bolmagy ähtimal, sebäbi şol ýyl Selewk öldürilipdir. Onuň oruntutary Antioh derrew Patrokly Kiçi Aziýa serkerde edip iberipdir. Bu ýerde bolsa syýahatçy söweşde öldürilipdir.

Ýalňyşyna garamazdan, Patrokl öz döwrüniň geograflarynyň arasynda görnükli orny eýeleýär. Her niçigem bolsa, ol näbelli Gündogar hakda häli-şindi höwes bilen aýdylýan toslamalardan saklanypdyr. Meşhur nemes deňizçisi Suzemiliň ýerlikli belleýşi ýaly, “Patrokl geografiýany we matematikany bilýän sowatly adam bolupdyr, örän ygtybarly maglumatlaryň awtory bolmak bilen, ol Diamah ýaly indeýleriň aýdan rowaýatlaryny ýaýratmak bilen meşgullanman, esasan öz gözleri bilen görenleri hakda ýazypdyr”.

Roman Teplýakow