Ï Lebap welaýatynda şaly oragyna köpçülikleýin girişildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebap welaýatynda şaly oragyna köpçülikleýin girişildi

view-icon 4800
Lebap welaýatynda şaly oragyna köpçülikleýin girişildi

Lebap welaýatynda oktýabr aýynyň 20-sinde köpçülikleýin şaly oragyna girişildi.

Welaýat boýunça 2021-nji oba hojalyk ýylynda jemi 10 müň 200 gektar ýere şaly ekilip, ondan 46 müň 700 tonna şaly hasylyny almaklyk meýilleşdirilýär.

Mälim bolşy ýaly ekişinden başlap orak möwsümine çenli köp mukdarda suw talap edýän bu möhüm azyklyk ekininiň bol suwly Amyderýany jähekläp oturan Lebap welaýatynyň ähli künjeginde ekilmegi oňa agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg etmeklige mümkinçilik berýär.

Welaýatyň etraplarynyň şaly ekilen meýdanlary onuň bol hasylynyň kemala getirilendigine şaýatlyk edýär.

  Agamyrat Soltanow