Ï Guşlaryň mekany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Guşlaryň mekany

view-icon 14370
Guşlaryň mekany

Türkmenistanyň demirgazygynyň goragly suwly ýerleri ötegçi guşlaryň halaýan gonalgasydyr. Muňa sebitiň köllerine iş saparyny geçiren Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň işgärleri ýene bir gezek göz ýetirdiler. Bu gezek Sarygamyş, Zeňňibaba köllerinde we «Altyn asyr» Türkmen kölünde «Gyzyl kitaba» girizilen guşlaryň sanynyň artmagy olary has-da begendirdi. Olaryň arasynda seýrek duşýan owadan ördek – gorçy, gyzylbaş, gara ördek, buýraly we gyzgylt gotan hem-de beýleki guşlar bar.

Ýyly howadyr suw çeşmeleriniň göçüş ýolunuň ugrundalygyndan başga-da, iýmite baý ýerleriň bolmagynyň, galyberse-de, döwlet goraghanasynyň işgärleriniň guşlaryň wagtlaýyn mekan tutýan ýerinde howpsuz şertleri döretmeginiň hem olary bu ýere çekýän bolmagy mümkin.

Gaplaňgyr döwlet goraghanasynda suwda-batgada ýaşaýan we ýyrtyjy guşlaryň ençeme görnüşi bar. Soňky ýyllarda bu sebit üçin seýrek duşýan dazzarkel we bürgüt hem gabat gelýär. Bu bolsa goraghananyň işgärleriniň tebigaty goramak bilen birlikde bioköpdürlüligi saklamak boýunça alyp barýan işleriniň, ýerli suw bioserişdeleriniň, baý ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiliginiň gowy netije berýändigini görkezýär.

Batyr Öräýew