Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda geçirilen döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlendi. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti tarapyndan yglan edildi.
Döredijilik bäsleşiginiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşýanlaryň öňünde döwletimiziň Garaşsyzlygy mowzugynda žurnalistik makala ýazmak wezipesi durýardy. Bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryna ýokary okuw taýýarlygynyň dürli ugurlaryna degişli talyplaryň girendiklerini göz öňünde tutmak bilen, awtorlyk işlere eminler tarapyndan iki topar boýunça baha berildi. Birinjisi, elbetde, geljek žurnalistler, ikinjisi bolsa beýleki hünärler boýunça okaýan talyplardy.
Bäsleşige gatnaşýanlaryň birinji toparynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Süleýman Kowusow tapawutlandy. Ikinji orun Gülşat Ahunowa (Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti) berildi. Üçünji orny Tawus Akjaýewa (Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty) eýeledi.
Bäsleşige gatnaşýanlaryň birinji topary ýokarda ady agzalan türkmen we halkara žurnalistika ugurlary boýunça hünärmenleri taýýarlaýan üç ýokary okuw jaýynyň talyplaryndan ybaratdy. Umuman, bäsleşige on ýokary okuw jaýynyň wekilleri gatnaşdy.
Gatnaşanlaryň ikinji toparynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Ogulnyýaz Allaberdiýewa ýeňiji boldy. Ikinji baýrakly orny Bibipatma Mirzaýewa (M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti), üçünji orny Durdymuhammet Paşşyýew (Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti) eýeledi.
Iň oňat işleriň awtorlaryna – bäsleşigiň ýeňijilerine we baýrak alanlara Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy.
Guramaçylaryň belleýşi ýaly, bäsleşige hödürlenen işler talyplaryň bezeg işine beletlik bilen çemeleşişini, çuňňur tematik bilimini, zehinini we döredijilik mümkinçiligini ýüze çykaran köp görnüşli materiallardyr.
Netijelerden doly razy we kanagatlanan guramaçylar talyplar üçin şular ýaly çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmegi meýilleşdirýärler. Ýaşlaryň arasynda indiki döredijilik bäsleşigi eýýäm göz öňünde tutulýar, ol Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramçylygyna bagyşlanar.
Anastasiýa Kasýanowa