Eziz Diýarymyzda talyp ýaşlar we meýletinçiler hereketiniň wekilleri üçin onlaýn okuw seminarlary geçirilýär.
Ýaşlar bilen şunuň ýaly duşuşyklar Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, şeýle hem Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý jemgyýeti bilen bilelikde düzgünli esasda guralýar. Ýaşlaryň meýletinçilik hereketi bilen baglanyşykly köptaraply iş 2021 – 2025-nji ýyllar üçin ýaşlar syýasaty boýunça Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm ugrudyr.
Seminarlar döwletimiziň uniwersitetleriniň her gezek birinde geçirilýär. Çärä gatnaşýanlaryň hemmesi – talyplar, mugallymlar, guramaçylaryň hünärmenleri ony geçirýän ýokary okuw jaýy bilen göni wideo aragatnaşygyna gatnaşýarlar. Şu günler Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty seminar geçirdiler.
Seminarlarda ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary okuw sapaklary berýärler, olaryň wezipesi talyplara meýletinçilik hereketi diýen düşünjäni giňişleýin öz içine alýan mowzuklar boýunça bilim bermekdir. Olaryň arasynda ýaşlaryň meýletin zähmet, meýletinçileriň häzirki zaman jemgyýetindäki orny, meýletinçiligiň maksatlary we ileri tutýan ugurlary bar. Seminarlaryň barşynda oňa gatnaşýanlaryň – hünärmenleriň, mugallymlaryň arasynda pikir alyşmalar-da bolýar; oňa talyplar-da, leksiýa diňleýän meýletinçiler-de goşulyşýarlar.
Seminarlary guraýjylaryň belleýşi ýaly, ýaş, işjeň, kömek etmäge hemişe taýyn meýletinçiler hereketiniň wekilleri bu asylly işe tüýs ýürekden gyzyklanma bildirýärler we köplenç täze maksatly taslamalaryň başyny tutýarlar.
Häzirki wagtda jemgyýetçilik we haýyr-sahawat çärelerine gatnaşmak, sosial, daşky gurşaw, sport meýletinçiligi hereketiniň wekilleriniň durmuşynyň möhüm bölegine öwrüldi. Işjeňler öz göreldesi bilen sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz edýärler – sport ýaryşlaryny guraýarlar, bag nahallary oturdýarlar we tebigy ýerleri zibilden arassalamak işlerini geçirýärler. Bularyň ählisi ýaşlar bilen geçirilen köptaraply işiň, ilkinji nobatda-da meýletinçileriň özleriniň ýurduň we jemgyýetiň abadan durmuşyna goşant goşmak isleginiň netijesidir.
Anastasiýa Kasýanowa