Ï Türkmenistanyň we Gazagystanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň hyzmatdaşlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Gazagystanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň hyzmatdaşlygy

view-icon 8485
Türkmenistanyň we Gazagystanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen döwlet sapary bilen Aşgabada gelen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda geçen gepleşiklerde gazanylan ylalaşyklaryň we geljegi uly meýilnamalaryň çäginde türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň köp meselelerine garaldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan Gazagystan bilen sebit we dünýä howpsuzlygyny berkitmek ugrunda işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Däp boýunça, iri halkara guramalaryň çäginde hyzmatdaşlyk we bilelikdäki ädimler ýokary derejede sazlaşýarlar. Söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli ösýär.

Ylym we bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyga netijeli häsiýete mahsusdyr. Häzirki wagtda Gazagystanyň ýokary okuw jaýlarynda iki ýarym müňe golaý türkmen talyplary okaýar. Türkmenistanyň we Gazagystanyň öňdebaryjy ýokary jaýlarynyň arasyndaky işjeň gatnaşyklar kämilleşýär. Iň ýokary derejede geçen türkmen-gazak gepleşikleriniň barşynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen «Al-Faraby adyndaky gazak milli uniwersiteti» täjirçilik maksatly bolmadyk paýdarlar jemgyýetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama onlaýn görnüşde gol çekilmegi muny ýene bir gezek tassyklady.

Türkmenistanyň HGI-niň talyplary we mugallymlary bu habary uly joşgun hem şatlyk bilen garşy aldylar. Bu ýokary okuw jaýynyň halkara gatnaşyklarynyň geografiýasy giňelýär. HGI-de köp daşary ýurt ýokary jaýlary bilen işewür we ylmy gatnaşyklary ýola goýmak hem alyp barmak ugrunda uly işler alnyp barylýar. Institutyň işiniň bu ugry diňe bir ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem hünärmenleriň we mugallymlaryň derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam edýär, talyplaryň nazary we amaly bilimlerini artdyrýar.

Gazagystanyň köpugurly we öňdebaryjy okuw jaýy bolan Al-Faraby adyndaky gazak milli uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk Türkmenistanyň HGI-niň halkara gatnaşyklarynyň gerimini giňeldýär. Gazagystanyň uniwersiteti ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdiren ýokary bilim, ylmy, terbiýeçilik we innowasion mümkinçilige eýedir. Şol sebäpli, Türkmenistanyň we Gazagystanyň ýokary jaýlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň özara peýdaly we döredijilik taýdan üstünlikli boljakdygyna ynam uly.

Nazar Nyýazow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň mugallymy