Çankowuz, kubyz, dan mina, şankobyz, gopuz, wargan ýa-da zubanka – bularyň hemmesi gaty gadymdan biziň döwrümize gelip ýeten dilli saz guralynyň atlarynyň käbiri.
Ata-babalarymyz tarapyndan döredilen bu gural häzirki wagtda hem meşhur, çünki gopuz çalmagy öwrenmek üçin, sazçylyk mekdebiniň ýa-da konserwatoriýanyň talyby bolmak hökman däl.
Türkmen maşgalalarynda gopuz çalmagy gyzlara çagalykdan öwredipdirler. Gyzlar ony hemişe elýetrde bolan «sazly tumar» hökmünde göteripdirler. Ata-babalar ses alnanda kesel bejeriş täsirine we adamyň saglygyna peýdaly täsir edip biljekdigine ynanypdyrlar.
Türkmen gopuzynyň birinji oktawanyň do notasyndan başlap, si notasyna çenli aralygy tutýan diapazony guşlaryň saýramasyna, atyň toýnak sesine, dokmanyň darak sesine meňzeş dürli ritmli parçalary çalmaga mümkinçilik berýär.
Alty Garlyýewiň «Mukamyň syry» filminde türkmen obasyna gelen halk aýdym-sazyny öwreniji Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiý ilkinji zenan bagşy bilen duşuşýar. Şeýle hem filmde oba gyzlarynyň gopuzyň jadylaýjy owazy astynda läle kakýan täsirli bir parçasy bar. Saz öwrenijiniň ünsüni diňe bir dutaryň sazy däl, eýsem gopuzyň jadylaýjy ritmleri hem özüne çekýär.
Türkmen gopuzy parallel uzyn uçly nal şekilli we onuň ortasyna berkidilen inçejik polat dilden ybaratdyr. Gopuzçy guraly dodagyna eltip, egrem ujuny çekip goýbermek bilen, onuň dilini yrgyldadýar. Agyz boşlugy rezonator bolup hyzmat edýär, onuň göwrümini üýtgedip, ýerine ýetiriji zerur sazlaşygy güýçlendirýär.
Gadymy türki dilinden terjime edilende, «gop» sözi «beýik, belent» diýmegi aňladýar, «uz» bolsa «ses» manysyny berýär. Umuman aýdanyňda, bu sözüň manysyna «jadyly owaz» diýlip düşünilýär. Häzir gopuz sesini Türkmenistanyň islendik künjeginde-de, halk saz gurallary orkestriniň düzüminde-de we ýekelikde-de eşitmek bolýar.
Swetlana Çirsowa